Ir düşen bahar hekaýal 11- nji bölümGel! Gün gaty gijikmänkä, garaňky düşmänkä, meniň şo-ol, ilkinji gezek gapyňdan baranymlaky ýaly, iňrik doly garalmanka gel! Gyş düşüp zemin ak dona bürenmänkä gel! Pursatlar goldaka gel!i
Gel! Gel, ikimiz gol tutuşyp ýene-de şo-ol, gülşenli günlere, sapaly çaglara gideli. Ýene-de şo-ol, alysdaky obamyza baraly. Baraly-da, hiç kime duýdurman, ikimiziň bary-ýogy bäş günjük dowam eden eşretli günlerimize gurnalan ýadygärlige meňzäpjik oturan çaklaňja jaýyň gapysyny emaý bilen açaly. Içine gireli-de, ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly krowadyň üstünde ýanaşyk oturyp, geçen günlerimiz hakynda söhbet açaly. Hal-ahwal soraşaly. Ýaşlygymyzy ýatlaşaly. Durmuş hakda, gelejek hakda, çaga-çugalarymyz, öý-öwzarymyz, maşgala durmuşymyz barada dostlarça, köne tanyşlarça derdi-hal aýdyşaly. Edil öňkümiz ýaly, gyz terliginiň gaýmagyny bozman, oglanlyk säheriniň päkize asmanyny ýalanaç aýaklarymyz bilen basgylaman, bar zady öz bolmaly mütdedine goýup, ýene-de öňküjämiz ýaly tä daňdana çenli, howlukman adajadan-adaja sözleşeli oturaly.
Şonuň üçinem şol ýerde oturyp her näçe sözleşsegem hiç kim indi bizden aýp-syn etmez. Hiç kim men zerarly boýnuňdan mähnet daşyny asmaz. Senem meni munça gümanlar içinde goýup, baky sergezdanlyga sezewar edip, näbelli sebäplere görä obadan çykyp gitmersiň. Menem seniň yzyňy yzlap ýollara çykman. Dor atyny ýüzin saldyryp kakam yzymdan ýetmez. Galan ömrüme seni görmejekdigimi ýüregime sygdyrybilmen, pynhan bir ýerde oturyp, zaryn-zaryn aglaman. Ol zatlaryň bary indi geçdi gitdi. Ol günler indi dolan diýsegem dolanmaz. Ýöne, bu baky asmanyň aşagynda seniň bilen ýene-de hiç bolman ýekeje gezek duşuşyp: «Sen nämüçin meni taşlap gitdiň? Onuň sebäbi näme?..» diýip sorabilsem, onuňam jogabyny öz agzyňdan eşitsem, köňlümde arman galmaz. Men senden ýene-de bir zat barada, mähriban doganjygyňy tapandygyň ýa tapmandygyň barada hem soraryn.
Hut, şonuň üçinem men saňa garaşyp ýörün, eý, meniň merdana melegim!.. Ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary gerdenine düşüp duran Swetlanam! Meniň eziz Swetlanam!!.
Sony
Juma Hudaýguly. Hekaýalar