Ir düşen bahar hekaýa 9-nji bölümOrta ýola ýetip-ýetmänkämem Hydyrguly mugallym welosipedini şakyrdadyp yzymdan ýetdi-de, çat maňlaýyma geçip:
— Gaýt how yzyňa! Häý, bihepbe diýsänim! Dolan! Ondan-a okuwyňy oka! Ýene-de iki ýylyň ba! Egzaminleriň ba bir topar. Sapsim bar zady başyňdan aýlap urduň sen… Özüň-ä özüň welim… Hiý, beýle-de bir bolgusyzlyk bormy?.. — diýdi. Onuň ojagaz töwellasy bilen-ä dönmesem-dönmezdimem welin, Eziz aganyň araba goşýan dor ýabysyny ýüzin saldyryp gelýän kakama gözüm düşenden ädimlerimiň haýallaberenini, ýüzümiň oba tarap öwrüliberenini özümem duýmandyryn.
Gaýtdym. Gaýtmaly boldum. Ýöne barybir ertesi irden, entek hiç kim örmänkä, uly ýol bilenem däl-de, bäş gatlanyň üsti bilen gidýän inçejik, pyýada ýoly bilen şähere tarap ylgadym.
Iş başlanmanka raýon keselhanasynyň agzynda häzir boldum. Agşam nobatçylyk edipmi, nämemi, bagtyma barşym ýaly baş wraç Gurbanaly aga pete-pet gabat geläýdi. Men salam ýok-helik ýok:
— Agam, Swetlanany görmediňmi? — diýip, onuň alkymyna dykyldym.
Olam: «näme etjekdiň sen ony?» beýleki diýibem soramady-da, howlynyň töründäki ambulatoriýa tarap yrgyldap barşyna:
— Wah, Swetlana bar bolsun, inim! Geleli bäri gitjek diýip ýüregimizi-bagrymyzy eze-eze, ine, ahyram düýn öýlän gitdi bardy, elimize-aýagymyza-da bakmady… — diýdi. Birdenem bir zat ýadyna duşen ýaly sakga durdy-da, ýüzüme çiňerildi. — Hä, näme, syrkaw barmy? Obadamy? Şol obadamy? Şol obadanmy sen? Kimiň ogly sen? Hä? Neme agaň ogl-a dälsiň?..
Şondan soň onuň näme diýip, näme goýanyny bilemok. Ýene-de düýn agşamky ýaly beýnimiň içinde ýyldyrym çakdy, gözlerimiň öňüne çalymtyl perde tutuldy, ýüregim sançdy. Kimdir biriniň tä howludan çykýançam (ýöne Gurbanaly aga-ha däl) öňüme bir geçip, yzyma bir geçip: «Sen zerarly negözel işgärimizden aýryldyk, ispisalistsiz galdyk, heý, mysalaň gursun seň…» diýip daşymdan kebelekleýänini, öňümden eýläk-beýläk okkessirme geçýänini, egnimden tutup silkeleýänini bilýän. Egnindäki ak ýektaýynyň galgap-galgap gidýäninem bilýän. Ýöne kimdigini welin bilemok.
Onsoňam ol kim bolanda maňa näme? Kimiň gepi maňa täsir etjek o wagt! Ol wagt öňümden çykyp maňlaýyma tüpeň diränlerinde-de, munyňyz näme diýjek adam däl men. Ol wagt men güň! Lal! Telbe! Däli!..
…Ýigit çykdym diýip her näçe hekgeren bolsamam, entek oglanlygyň çal dumany serimden doly sowulman ekeni. Zalym ejizlik entegem pursat peýläp, töweregimde köwejekläp ýör ekeni. Ol gelip ýakamdan tutuşy ýaly şäherden çykdym-da, bir çolarak ýere çekilip, tä demim tükenýänçä agladym. Şeýdibem içimi egisdim.
…Swetlananyň öwezine hiç zat alman, peşgeş beren bäş günlük söýgüsini welin ýyllar geçse-de undup bilmedim. Oglanlykdan ýaňy saýlanan, ak kagyzdanam ak ýaş kalbyma ilkinji gezek «söýgi» sözüni ýazan, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak melegi undup bilmedim. Şol ýylam, soňkusy ýylam, mekdebi gutaranymyzdan soňam, öýlenip, çagaly-çugaly bolanymdan soňam undup bilmedim. Henizem undup bilemok.
Henizem her gezek oba baranymda, ýolum düşse-düşmese ýaş başymy ah bilen efgandan doly birgiden gowgaýa goýan şol çaklaňja jaýjagazyň işiginden geçýän. Ogurlyk etjek ýaly daraklygyma basyp daşyndan aýlanýan. Göwnüme bolmasa, ýene-de şol gezekkisi ýaly «şykyrt» etdiräge-de açylaýjak ýaly, yşyndan bir çogdum tylla saç ygyp çykaýjak ýaly, ukusyzlykdan ýadap ýellenen gabaklaryny owkalap duran Swetlananyň possujak ýüzi görünäýjek ýaly nijembir wagt bäri adam ogly girip-çykmaýan gapyny ýuwaşja kakýan. Edil şol gezekkim ýaly: «Swetlana, Swetlana!..» diýip çalajadan pyşyrdaýan. Az-kem garaşyp durýan-da çekibem görýän. Öwrüldigim gapy açylaga-da, içinden gözlerini ýaşardyp Swetlana çykaýjak ýaly, dönübilmän kän durýan. Gapa bakyp tolgunýan, penjirä bakyp emenýän. Ahyram lapym keç bolup, gaýrak çekilýän. Obadan gaýdyp, şähere gelenimden soňam, kalbymyň töründe ýer äden şol mährem gyz hakyndaky, egnime duýdansyz gonup, duýdansyz uçan ilkinji söýgim hakyndaky hupbatly ýatlamalaryň üstüni gündelik hysyrdylar, iş-aladalar doly basýança, telim gunläp özüme gelip bilemok.
Dowamy bar ☘️