Ir düşen bahar hekaýa 6-nji bölüm: «Dawaý-ka, ostawim eti razgowory, a to kak-to skuçno» diýerdi we şowhunly, şadyýan gürrüňlere başlardy. Tow berilýän patefonyna kart goýup, iň eý görýän aýdymlaryny aýtdyrardy. Gözlerini süzüp, ellerini hereketlendirip, sessiz-üýnsuz diňlärdi. Menem diňlärdim. Käte-de ýerinden turardy-da, öýüň içinde aýlanyp, öwrülip, tans edip ugrardy. Elimden çekip turuzardy-da, menem pyrlandyrybererdi. Emelsizlik bilen aýagyny basaýsam dagy: «Oý, oý…» diýip, hezil edinip gülerdi. Ýalandan torsarylan bolup: «Kakoý ty bezpomoşşnyý. Wot budet woskresenýe, ýa tebe wozmu w gorod i, nauçu tam tebe kak sleduýet tansewat» diýerdi. Menem näbelet sazyma aýagymy goşubilmän ýörşüme: «Haraşo! Poýedim gorot. Ýa haraşo tansowal uçit…» diýerdim.
Şonda biziň ýaşymyzam, boýumyzam, hatda hüý-häsiýetlerimizem edil bir obanyň terbiýesini alan çagalaryňky deý deňleşýärdi. Şonda biz biri-birimize düşnüksiz, aýry dilde gepleşýändigimizem unudardyk. Aslynda, göwünler alşyp, ýürekler biri-birine atygsan wagty dil diýlen zat dagy geregem däl ekeni.
Hawa, her näçe öwrenişsegem ol meniň ilkinji gezek gelip gapyny kakyşym, aljyrap otagyň ortarasynda ala-güpürdi bolup oturyşym barada dilini ýaranokdy. Menem ýaramokdym. Her näçe sorasym gelip, içim byjyklap barýanam bolsa, «sen şol gezek mendigimi bilip açdyňmy, ýa kim bolsa şol bolsun diýip açaýdyňmy?» diýibem sorap bilemokdym. Hydyrguly mugallymyň söz aýdandygy ýa aýtmandygy barada hem, Sylap şopurdyr Amanguly dükançy baradaky gürrüňleriň çyndygy ýa ýalandygy barada hem sorap bilemokdym.
Nädip soraýyn? Ýok, nädip soraýyn däl-de, sorap nädeýin? Ol meni hiç kimiň, hatda obanyň men diýen ýigitleriniňem girip bilmedik gapysyndan goýberdi. Güler ýüz berdi. Ganatlaryny gerdi. Gujagyna gysdy. Ýaş nahal deý ösüp gelýän ýaş oglana şondan başga näme gerek? Ýüzüne çeşbent çekip, gerdenindeäki «uýat» atly mähnet ýüküň astynda ýegşerle-ýegşerle gelen bir garyp ýigide birinji baran gapysyndan ýüz tapmaklykdan gaýry ýene näme gerek? Ýeri, indi şondan soňam göwnüňi müňkire baglap, bolgusyz soraglar berip otursaň zenanyň yhlasyna güman etdigiň, ygtykadyndan nägile boldugyň bolmazmy?
Ah, ol päkize günler hakynda aýtsam sözlerim tükenmez! Diýsem dertlerim dep olmaz! Emma nätjek, aýtmanam bolanok…Hawa, men onuň ýanyna gün ýaşyp garaňky gatlyşandan soň barardym-da, daňdanaralaram gaýdardym. Giç gelenimi bildirmezlik üçin hiç haçanam içinden temmelenmeýän gapymyzy usullyk bilen açýardym-da, uly-kiçi, barymyzyň bilelikde ýapynýan köneje ýorganymyzyň aýak ujundan sümülerdim. Obamyzyň ortarasyndaky, ýalňyz ak jaýyň içinde, üsti ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly, ak krowatyň üstünde ak kepderi ýaly «guguldapjyk» oturan, ak köýnekli, ak gyzyň ak keşbini ak daňdanyň şöwrüne garyp süýji uka giderdim. Ertesi kakam ýa ejem ýüzlerini agraýdyşyp: «Agşam ýaman giç geldiň-le, gara go-oç…» diýselerem ýa-ha «Deňňene etdik» diýerdim, ýa-da: «Aý, dutar çalyp köpräk oturaýypdyrys…» diýip, göz-görtele ýalan sözlärdim. Okuwa-da gitsem-ä giderdim, bolmasa-da ýatardym günuzyn gözlerimi pökgerdip. «Tur, okuwyňa git» diýselerem: «Günde-günde-de bir okuw borm-aý» diýip, beýläme öwrüläýerdim. Azyp-ýazyp turaýsamam gözlerim Gündedir, haçan ýerine giräýerkä diýip. Şol günler men Hudaýdan diňe bir zady — basymrak Günüň ýaşaryny, agşamyň düşerini dileýärdim. Deň-duş oglanlarymyň haçanlar barjakdygy näbelli, syrly, üýtgeşik bir dünýä özümiň eýýämler syýahat edip ýörendigim üçin, özümi bagtyýar saý- ýardym. Olaryň maňa bolan garaýyşlarynyň düýpgöter üýtgändigini, özlerinden ep-esli uly adama seredýän ýaly, maňa tarap çekinjeňlik bilen garap ugrandyklaryny, klasdaş gyzlarymyzyň meniň bilen salamlaşmalarynam goýup, torsarylyşyp ugrandyklaryny bolsa men häki bir, hökmany bolaýmaly zat hasap edýärdim.Men indi agşamky üýşmeleňlerimize-de baramokdym. Oglanlaryň gyzlar hakdaky gürrüňlerine-de goşulamokdym.
Dowamy bar ☘️