Hommadyñ gyzy hekaýa—Meni şu beladan dyndar! Kime berseňem, gyzyňy birine ber-de,güm et ony öýden!—diýip, ahyry Hommat ýagdaýa çydaman, aýalynyň üstüne arlap başlady.—Çagalam bolsa ber, dulam bolsa ber. Bäş çagasy bolsa-da ber, on çagasy bolsa-da!
—Adam gelmese, men ony kime bereýin!—diýip, Hommatdan janyýangynly Ogulhajat hem adamsy bilen deň gygyryşdy.—«Gyzymy äkit» diýip, köçeden geçeniň ýakasyndan ýapyşaýynmy men!—Şeý diýensoň, Ogulhajat aglap başlady.—Kim günäkär şu zatlaň şeýle bolmagyna! Gyzyňa gudaçylyga gelinmegini betbagtçylyk saýypdyň! Men näçe gezek aýdypdym «Däliräp durma, gyzyň soralmasy bagtdyr» diýip! Diňlediňmi?! Gyz maşgala erkek oglan ýaly hem bolmaýar. Ogluň üçin islän gapyňy kakyp bolýar. Ýöne gyzyňy hödürläp, il gapysyny açarmyň sen?!
Dili gysga bolansoň, Hommat gaýdyp sesini çykarmady. Uzak dymdy oturdy. Birhaýukdan soňam:
—Indi Bägül jan Şeker kempir ýaly bolanda-da, şeýdip oturarmyka?—diýip pyşyrdady.
—Maňlaýy açylmasa, oturar, dagy näme etsin ol!—diýip, Ogulhajat ýene gözlerini ýaşlady.
Hommat üçin toý-tomgynyň, durmuşyň-da gyzygy gaçdy. Bägüliň ykbaly sebäpli ol her gün ýas tutýan ýalydy.
Günleriň bir güni oba şum habar ýaýrady. Çary suwçynyň ogly Geldiniň aýaly ýogaldy. Bu habary eşidip, hemmeler gynansa-da, Hommadyň ökjesi ýeňledi. «Öňem gowy görýädi. Indi hökman ýygnar Geldi gyzymy» diýip, ol içini gepletdi. Geldiniň ýasly günleriniň birneme könelişerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
Ýöne aýalynyň ýogalanyna kyrk gün geçse-de, iki aý geçse-de, dört aý geçse-de, Geldä aýal gözläp, Hommat hasapçynyň gapysyny kakan adam bolmady. Ahyry bir gün bolan ajy wakadan bäş aýa golaý wagt geçensoň, Hommat hasapçy şäher bahanasy bilen Geldiniň iş ýerine gitdi. Onuň gapysyndan çekine-çekine girdi.
—Gel, Hommat aga! Nädip bu ýerlere düşdüň? Menlik näme ýumuş bar?—diýip, Geldi ony ýitirip-tapan ýaly garşylady. Asyl Hommat hasapçynyň özüni çagalykda urany onuň ýadyna-da düşmeýän ýalydy.—Geç, otur, Hommat aga! Şeý diýip, Geldi oňa kürsi süýşürdi.
«Ýigitde adamçylygam zor eken-ow! Köne kine dagy ýadyna-da düşenok muň. Maňa nähili gadyr edýä!» diýip, Hommat hasapçy Geldiniň özüni mylakatly garşylaýşyna begenip, duran ýerinden içini gepletdi.
—Aýalyň pahyram şeýle bolaýypdyr—diýip, Hommat hasapçy görkezilen oturgyja çökensoň, bimahal çag Geldiniň derdini gozgady. Garrap, kempire dönüp barýan gyzy göz öňüne gelip ejizledi. Jübüsinden reňki üýtgän elýaglygyny çykaryp, gözlerini süpürdi. Hommat hasapçynyň häzirki ýagdaýy tapdan düşen näsagyň hossaryny görüp ejizleýşine çalym edýärdi. Geldi häzir Hommat hasapçy üçin ony il gepinden dyndarjak howandardy.
—Aý… boljak iş bolansoň, ejizläniňden haýyr ýok, Hommat aga, gynanma—diýip, Hommat hasapçy öz aýalynyň ýogalany üçin gözüni ýaşlaýandyr öýdüp pikir eden Geldi oňa göwünlik berdi.—Indi bir ölüm belasynyň yzy kesildigi bolsun!
—Hawa, şeýle bolsun—diýip, soňky wagtlar gyzynyň gaýgysy sebäpli halys ejizläp, aglama keseline ýolugan Hommat hasapçy sojap-sojap, içini birneme egisdi.—Çagalaryň ýetim galdy, indi saňa-da aňsat däl.
Geldi uludan dem aldy:
—Aý, nätjek-dä. Aňsat bolmasa-da, çekmeli-dä!
Hommat ýüregini birneme gowzadansoň, ýüz-gözüni, burnunyň suwuny mazaly süpürdi. Soň ýene Geldä ýüzlendi:
—Bolmasa, Geldi jan, öýlenäýerler. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Çagalaryňa eje-de gereg-ä seniň.
Geldi Hommadyň bu sözlerinden soň biraz dymdy. Äpişgesinden daşaryk syn saldy. Ýene uludan dem aldy:
—Öýleneniňde gowy boljakmy, öýlenmäniňde, biler ýaly däl, Hommat aga. Bi zamanyň öweý ejesindenem seň çagaňa mähir boljakmy! Onsoňam, indi çagalar ulalyşdy hem. Gyzjagazlam öýüň nahar-şoruny, kir-çägini oňarýarlar… Ogullarymyň ulujasyny öýererin nesip bolsa. Gelnim-de hemaýatçy bor…
Hommat hasapçynyň beýnisinde Geldi diňe öz gyzy Bägüle öýlenmeli diýen pikir at çapansoň, ol onuň sözlerini makullamady:
Dowamy bar ☘️