Hommadyñ gyzy hekaýa 2-nji bölüm «Men saňaşeýle bir toý görkezerin, haramzada!» diýip, Hommat ýigidiň ýazan setirlerini beýnisinde aýlap barşyna öz ýanyndan oňa sögünýärdi. Gany çogup, kellesi gyzyp-gyzyp gidýärdi. «Ömrüňboýy toý ýadyňa düşmez ýaly ederin. Gel, gel, indi Hommat hasapçynyň gyzy bir garamaýak suwçynyň ogluna mynasypmyşmy!»
Hernäçe batly sürýärmikäm diýse-de, Hommadyň göwnüne maşyny ýerinden gozganmaýan ýalydy. Gaza basa-basa, onuň aýaklary gurap gitdi. Wazlap, uçaýjak bolup, gapdallaryndan geçýän Hommat hasapçynyň yzyndan hemmeler zähre ýaryp seredip galýardylar. «Näme bolduka? Eýgilikmikä?» diýşip, aýallar alada galyp, ýakalaryny tutýardylar. Hommat hasapçynyň maşyny beýle batly sürenini heniz gören adam ýokdy. Şonuň üçin bir belanyň gopanyny hemmeler çen etdiler.
Hommat baranda, Çary suwçularyň bütin maşgalasy öýde eken. Agaç sekiniň üstüne geçip, ýaňy guşluk çaýyna oturan maşgalanyň arasyna salam-heliksiz baran Hommat hasapçy misli goýna daran aç gurdy ýada saldy. Ol ses-üýnsüz oturan, heniz süňňi bekemedik, ýaňyja burnunyň aşagy garalyp ugran, söýgi diýen zady ilkinji gezek duýup gören, agajetje, garaýagyz ýigit Geldini ýakasyndan ebşitläptutup, ýerinden galdyrdy-da, tumşugynaýelmäp goýberdi. Ýigit ýüzinligine ýykyldy. Hommat onuň arkasyndan penjeläp, ýene galdyrdy-da, ýene urdy. Ýene. Çem gelen ýerine-de depdi.
Çary suwçy Hommadyň öňünden çykmady. «Bir sebäbi bardyr, ýogsa urmazdy»diýip pikir öwürdi. Aýaly wägirip galanda-da, ony haýbat bilen ýerinde oturtdy. Hommat bolsa tä däli öküziňki ýaly güýji gaçyşýança, Geldini urup-urup, keýpden çykyp, ýigidiň agyz-burnuny gan edensoň, gelşi ýaly ýene sessiz yzyna dolandy. Gahary birneme ýatyşyp, öýüne gaýdanda, maşynyny rahat sürüp gaýtdy. «Ine, saňa söýgi gerek bolsa, haramzada!» diýip, ýolboýy öz ýanyndan Geldä sögündi.
Geldi Hommadyň özüni näme üçin uranyna derrew düşündi. Ýöne kakasydyr ejesi hernäçe sorasa-da, onuň gyzyna hat ýazanyny aýtmady.
Gyzyna hat ýazany üçin Çary suwçynyň ogly Geldini uranyny Hommadyň özi ile ýaýratdy. «Meniň gyzymyň deňimidir, ol gyzyma hat ýazar ýaly. Gaýdyp gyz ýadyna düşmez ýaly etdim ony» diýip, Hommat Geldini uranyny ilki aýalyna, soň bolsa gepi-sözi alyşýan işdeşlerine gürrüň berdi. Aýaly Ogulhajat adasynyň eden işine aglap-aglap haldan düşdi.
—Men indi nädip il ýüzüne çykaýyn!—diýip, Hommada igendi.—Heý, günde görşüp duran obadaşyň çagasynam bir şeýdäýmek bormy! Gyzly ýerdir. Hatam ýazarlar. Gudaçylyga-da gelerler. Gyzyňy ahyr bir gün biri alybam gider!
—Ýok!—diýip, aýalynyň bu sözlerine Hommat zähresini ýaryp gygyrdy.—Ýatlatma maňa şoň ýalybolgusyz zatlary!
—Nämesi bolgusyzmyş onuň!—diýip, Ogulhajat adamsy bilen deň eňekleşdi.—Gyzyň dilenip durlanam bagtdyr bilene!
«Eý, hudaý jan! Şeýle görmegeý perzendimi ahyr bir gün biri elimden alypjyk gidibermeli bolaýarmyka?!» diýip, Hommat aýalynyň geplerini häli-şindi hakydasynda saldarlap görüp, howsala bilen pikir öwürýärdi. Bu zatlar ýadyna düşende, däliräp, düze çykyp gidiberesi gelýärdi.
Bägül bolsa kakasynyň öz klasdaşyny urany üçin gaýdyp mekdebe-de gitmedi. «Bu ýagdaýdan soň klasdaşlarymyň gözüne görnüp biljek däl» diýip, ekzamene-de gatnaşmady. Gyzyna çen-çak bilen baha goýduryp, onuň orta mekdebi gutarandygy hakdaky attestatyny alyp gaýtmak üçin, Hommat direktora ýalbaryp, hupbat baryny gördi.
Öz gyzyna hatýazan ýigidi urany üçin işdeş ýoldaşlary Hommadyň bolşuny makullamasalar-da, seslerini çykarmadylar. Gaýdyp onuň gyzyna hat ýazan-a bolmady, ýöne il bägül mysaly Bägülden elem çekmedi. Hommatlara gudalar dökülip başlady. Kimler gyza habary joralarynyň üsti bilen ýetirýärdiler. Kimleriň özi gelýärdi.
Düşewüntlije käriniň arkasyndan köşk ýaly haýbatly jaý salyp, özi jaýyndanam beter haýbatly görünýän Hommatdan adamlar indi çekinmän duranokdylar. Şonuň üçin olar Hommat işde wagty Ogulhajadyň ýanyna gelip gidýärdiler.
Gyzy üçin adamlaryň öýüne dökülip başlamasy Hommada Geldiniň hatyndanam agyr degdi.
Dowamyny bar☘️