atakulyyewa_humay
17.03.2023 10:36
Salam hormatly agzalar we gadyrdan myhmanlar!

Men bu gezekki postumda hemmäňiziň aktiw gatnaşdyrmak maksady bilen birnäçe sowallar hödürledim. Hemmäňiz işjeň gatnaşyň!

1.Jelaleddin Meňburun söweşde ýaralanypdyr. Şonda ol lukmanlara nämäniň em boljagyny aýdypdyr?(Jogap: öz Watanymyň topragy em bolar diýip aydypdyr)

2.Sargassow deňzi beýlekilerden tapawutlanýar. Sebäbi näme?(dünýäde ýeke-täk kenarsyz deňiz)

3.O:O:T:T:F:F:S:S. şu harplaryň haýsysy artykmaç?!( O harp. Sebäbi iňlis dilinde sanlaryn yzygider sanalysy)

4.Ykdysadyýet ylmynyň atasy kim hasaplanýar?(jogap: Adam Smit)

5.Dünýäde iň arassa suwa eýe bolan deňiz haýsy?(Jogap Uedell deňzi)

6.Dünýä belli ,,Google" şereketiniň başdaky ady näme bolupdyr?(jogap: Gugol)

7. ,,Garri Potter" eserindäki baýguşyň ady näme?(jogap: Buklya)



📌Bellik. Berlen soraglaryň jogaplary sagat 00:00-dan soňra aýdylar.

Logiki soraglar:
9
463
atakulyyewa_humay
16.03.2023 13:17
Kebelekleri öwrenýän ylma «lepidopterologiýa» di­ýilýär.


🦋Kebelekler barada gyzykly maglumatlar 🦋
1-nji surat

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Dünýäde iň uly kebelek Attakus Atlas bolup, onuň ganatlary 30 santimetre çenli ýetýär. Ilkibaşda bu kebeleklere duş gelenlerinde adamlar olary guşlara meňzedipdirler.


2-nji surat

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Iň kiçi kebelek bolsa Angliýada ýaşaýan güýe kebelegidir. Onuň göwresiniň uzynlygy bary-ýogy 2 millimetre deňdir.



3-nji surat
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebelekler diňe sary, ýaşyl we gyzyl reňkleri saýgaryp bilýärler.


🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Ýer ýüzünde gülleri tozanlandyrmak boýunça kebelekler ikinji orunda durýar. Birinji orun bolsa balarylara degişlidir.


🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Häzirki wagtda kebelekleriň 165 müňden gowrak görnüşi mälimdir. Emma entomologlar ýylyň ýylyna olaryň täze görnüşlerini tapýarlar.



4-nji surat

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebelekler sagatda 60 kilometr tizlikde uçýarlar.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Lukmanlaryň bellemegine görä, kebelekleriň gaýmalamalary adamlaryň ýadawlygyny aýyrýar.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebelekleriň ýaşamaýan ýeke-täk yklymy Antarktidadyr.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Käbir kebelekler ösümlikleriň zäherli şiresi bilen iý­mitlenýärler. Bu zäher kebelekleriň bedeninde saklanýar, şonuň üçin bu kebelekleri awlan guşlarda zäherlenme alamatlary ýüze çykýar.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebelekler öz göwresinden iki esse köp iýmit iýmäge ukyplydyrlar.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebelekleriň tagam duýuş agzalary aýagynda ýerleşýär.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebelekleriň gözleri müňlerçe bölekden ybarat bolup, olaryň gurluşy örän çylşyrymlydyr.

🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋

Kebeleklerde arteriýa, wena gan damarlary bolmaýar. Olaryň ýüregi hem ýokdur. Olaryň bedeninde gan aýlanyş wezipesi garyn boşlugynda ýerleşip, kellä tarapa geçýän ýörite kanal ýerine ýetirýär.




📌Siz Kebelekler barada nähili gyzykly maglumatlar bilýärsiňiz?


Halan bolsaňyz like 👍basmagy ýatdan çykarmaň!



📌Bir az garaşsaňyz kebelekleriň suratlary hem açylar!
15
212
atakulyyewa_humay
15.03.2023 18:15
⚪Üç ymtylyş:

— Pişik öýe ymtylýar.
— It hojaýyna ymtylýar.
— Çaga enä ymtylýar.

••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••

⚪Üç zada howluk:

— Merhumy ugratmaga.
— Ýetişen gyzyňy çykarmaga.
— Bergiňi bermäge.

•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••

⚪Öýüňden merhum çykansoň toýa rugsat edilýär:

— Üçünden soň obaňa.
— Ýedisinden soň goňşyňa.
— Kyrkyndan soňra öýüňe.

••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••

⚪Şu üçüsi jennete girmez:

— Minnet ediji
— Ene-atasyna el galdyryjy.
— Içgä özüni aldyran.

••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••

⚪Adamyň üç hili görnüşi bar:

— Özi iýer — iline-de iýdirer.
— Özi iýer ile iýdirmez.
— Özi-de iýmez — ile-de iýdirmez.

••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••

⚪Üç zat duýdansyz gelýär:

— Bagt
— Ölüm.
— Söýgi.


#Çeşme: ,,Maru şahu jahan" gazetinden

3 — lükler bilen bagly aýtgylar...

18
166
atakulyyewa_humay
14.03.2023 17:40
Her bir halkyň öz milli buýsanjy we gymmatlygy bolýar. Çindo iti wepaly jandar hökmünde koreý halkynyň milli buýsanjy diýlip yglan edilendir. Ol wepalylygy we gulluk etmäge ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Çindo aw itleriniň bir görnüşi bolup, Koreýanyň Çindo adasynda ýaşandyklary üçin şeýle at alypdyr. Başgaça oňa koreý hindosy, çindokke hem diýilýär. Bu aw itiniň boýy 45 — 55 santimetr, agramy 15 — 23 kilogramdyr. Bu görnüşiň gelip çykyşy barada käbir maglumatlara görä, olar müňýyllyklaryň dowamynda Çindo adasynda ýaşapdyrlar. Adanyň howa şertlerine laýyklykda, olar öz gadymy daşky görnüşini saklapdyrlar. Olar ikileýin ýüňi bilen tapawutlanýan akylly, güýçli, ýyndam itlerdir.

Koreý halkynyň gymmatlygy...
1-nji surat

Häzirki wagtda aw itiniň bu görnüşini gorap saklamak üçin Koreýada ýörite kanun hereket edýär. 1962-nji ýylda Koreýanyň hökümeti çindo itlerine milli gymmatlyklar diýen derejäni berip, şondan soň olary ýurduň çäginden çykarmak gadagan edildi. Bu itler 1988-nji ýylda Seulda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem açylyşyna gatnaşdyryldy. Koreýada bu görnüşi öwrenýän ylmy merkez hereket edýär. Koreý hökümeti we Samsung kompaniýasy çindo itleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin köp işleri ýerine ýetirýärler. 1995-nji ýylda bu itler Halkara Kinologiýa Federasiýasy tarapyndan wagtlaýynça, soňra 2005-nji ýylda hemişelik ykrar edildi.


2-nji surat

Çindo itleri juda wepalydyrlar. Käbir çindolar öz eýesinden başga biriniň elinden iýmit iýmeýärler. Şeýle bir rowaýat bar. 1993-nji ýylda Çindo adasynyň 83 ýaşly ýaşaýjysy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen 7 ýaşly çindo iti — Pekku (,,Ak it" diýmek) Çindo adasyndan, takmynan, 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tedžon adasynyň ýaşaýjysyna satylýar. Bu it gaçyp, 7 aýdan soň, hor-homsy ýagdaýda yzyna dolanyp gelýär. Bu waka Koreýa halkyna güýçli täsir edip, bu hakynda birnäçe dokumental filmler döredildi, çagalar üçin kitaplar ýazyldy. Şu wakadan soňra, 2004-nji ýylda Çindo welaýatynda Pekku atly itiň ýadygärligi dikildi. Halk arasynda çindolaryň ilkinji eýesine jany-teni bilen ynanýandyklary üçin olary satmak gowy däp hasaplanylmaýar.


3-nji surat

Bu itler aw awlananda hem giňden peýdalanylýar, çünki olaryň duýuş ukyby iňňän ösendir. Adatça, olar ümsüm, parahatçylygy saklaýan itlerdir, emma öz duşmanyny gören badyna hüjüme geçmegi başarýarlar. Koreýada 3 sany çindonyň Amur gaplaňyndan üstün çykyşy hakynda rowaýat hem bar.


4-nji surat
10
247
atakulyyewa_humay
13.03.2023 00:55
🔵 Çaý ýa-da kofe demlenilende gaýnag suwy näçe beýiklikden guýulsa şonça hem gowy. Birinjiden,içgi kislorod bilen baýlaşýar. Ikinjiden hem, tagamyna oňat täsir edýär.
***********************************************
Peýdaly maslahatlar...
1-nji surat.

🔵Ukusyzlykdan ejir çekýän bolsaňyz, ýatmazdan ozal iki sany kiwi iýiň. Kiwi miwesi peýdaly antioksidantlara we foliý turşusyna baý önüm. Bedende onuň ýetmezçiligi ukusyzlyk döredip biler. Kiwi bedeniň uka we keýpiçaglyga ýardam edýän serotonini işläp çykarmagyna peýdalydyr.

************************************************


2-nji surat.

🔵Nahar iýmezden ozal, 2 bulgur suw içiň şeýtmek bilen, artykmaç iýmitlenmek ähtimallygyny peseldersiňiz.

**********************************************

3-nji surat

🔵Eger keýpiňiz ýok bolsa, bir minutyň dowamynda gülküli, şähdiňi açaýjak täsirli pursatlary ýada salyp, ýylgyrmaga çalşyň. Bu usul, beýnimizdäki bagta jogapkärli gormonyň işini işjeňleşdirýär.

************************************************

4-nji surat.

🔵Keýpiňi ýokarlandyrmagyň ýene bir usuly aýdym-saz diňlemek. Diňe halaýan söýgüli aýdym-sazyň sanawyny açaýmaly.

***********************************************

5-nji surat

🔵Eger öýjükli telefonyňyzdan nätanyş adama tötänleýin habar iberseňiz, telefonyňyzdaky «uçarda» atly hyzmatyny (авиарежим) çalt işjjeňleşdiriň.Şeýtseňiz SMS habaryňyz iberilmez we ony arkaýyn pozup bilersiňiz.
**************************************************

6-njy surat.

🔵Öýjükli telefonyňyzy dessine işletmek zerurlygy ýüze çyksa, onda onuň «uçarda» atly hyzmatyny açyp, güýç beriň. Şonda telefonyň batareýasy has çalt iýmitlenip, elektrik güýjüni alar.

*************************************************

7-nji surat.

🔵Telefonyňyzy ulanmaýan wagtyňyz, ekranyň ýagtylygyny iň pes derejesine öwrüň. Bu usul telefonyň akkumulýatorynyň zarýadynyň dowamlylygyny artdyrar.
************************************************

8-nji surat.

🔵Öýjükli telefonlara gereginden artyk güýç bermek maslahat berilmeýär. 100 göterim güýç alanyndan soň, ondan güýç berijini aýyrmaly.Sebäbi köp güýç bermek telefonyň batareýasynyň işleýjilik kuwwatyny peseldýär.

************************************************

9-njy surat.

🔵Kesilen miweleriň garalmazlygy üçin limon ýa-da ary baly garylan suwy çalmalydyr. Limon suwundaky C witamini we balyň düzümindäki peptid reňkiniň garalmagyna sebäp bolýan oksid täsirleşmesini togtadýar.

*************************************************

9-njy surat.


🔵Tötänlikde egin-eşiklere degen tegmili aýyrmak üçin ony ýuwmazdan ozal, suwly legeniň içine goýup, onuň üstüne 5-6 sany aspirin gerdejiklerini owradyp çalmaly we ýarym sagat saklamaly. Bu usul eşiklerdäki tegmiliň eşigiň özüne zyýan ýetirmän aýrylmagyna kömek eder.

**********************************************

10-njy surat.

🔵Käbir täze alnan gap-gaçlardaky ýa-da beýleki öý goşlarynda ýelmenen öndüriji hakdaky maglumatly kagyzy (etiketkasy) aýyrmak kyn bolýar. Ony saç guradyjy enjam aýyrmaga kömek eder. Ýelmenen kagyzyň üstüne saç guradyjynyň gyzgyn howasyny tutsaňyz, ol ýeňillik bilen aýrylar.

************************************************

11-nji surat
16
272
atakulyyewa_humay
12.03.2023 00:00
Haýwanat dünýäsinde her bir haýwan özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Kenguru hem şolaryň biri. Ol torbaly süýdemdirijilere degişli.

Kengurularyň 50-ä golaý görnüşi bar. Olar, esasan, Awstraliýada, Täze Gwineýada, Täze Zelandiýada ýaşaýarlar. Kengurularyň göwresiniň uzynlygy 30—160 santimetr aralygynda bolup, guýrugynyň uzynlygy 15—105 santimetre barabardyr. Kengurularyň agramy bolsa 1,4—90 kilograma çenli ýetýär. Olar sagatda 40—50 kilometr tizlikde hereket edýärler. Olaryň guýrugy deňagramlylygy saklamaga kömek edýär.

Kengurularyň öň aýaklary gysga, bäş barmakly bolýar. Olar, esasan, bir zady tutmak we ýapyşmak wezipesini ýerine ýetirýärler. Bedeniniň yzky bölegi, yzky aýaklary we guýrugy juda güýçli we berkdir. Yzky aýaklaryndaky dört sany barmagynda uly dyrnaklary ýerleşýär. Şol yzky aýaklar kengurulara hereket etmek üçin mümkinçilik döredýär. Kengurular oturanlarynda hem yzky aýaklaryna we guýrugyna daýanýarlar. Aslynda kenguru duranda, oturanda, ylganda, hereket edende esasy agram bedeniň yzky bölegine düşýär.

Bu torbaly haýwanlaryň iri görnüşleriniň böküşiniň uzaklygy ortaça 3 metre deň. Kengurularyň görşi we duýşy has ösen. Olar ürkek bolýarlar, emma gahary gelen wagty, esasan, yzky aýaklary, öň aýaklarynyň dyrnaklary we dişleri bilen goranýarlar.
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍

🦘Kengurular 🦘


Kengurular köplenç otluk meýdanlarda we tokaýlarda ýaşaýarlar. Adatça olaryň sürüsinde 50—100 we ondan-da köp kenguru bolýar. Bu haýwanlar köplenç irden we agşam otlaýarlar. Olar, esasan, ot, agaçlaryň ýapraklary we kökleri bilen iýmitlenýärler.

Kengurularyň göwrelilik döwri juda gysgadyr, ýagny 27—40 gün aralygyndadyr. Meselem, olaryň uly görnüşleri hasaplanýan ispolin kengurusynyň göwrelilik döwri 39 güne deňdir. Olaryň dünýä inen çagalary ýaş wagtynda kengurunyň torbasyndan çykman oturýar. Şol ýerde ol 6—8 aýa çenli ene süýdünden iýmitlenýär. Şondan soň hem kenguru çagajygy torbadan aýra düşmäge howlukmaýar. Kenguru ony goramak maksady bilen özünden daşlaşdyrmaýar. Kenguru çagasy gorksa ýa-da howply ýagdaý ýüze çyksa şol bada torbanyň içine sümüp gizlenýär.
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍


Kengurular öz üýtgeşik gurluşy, täsin hereketleri, ürkek çagajyklary bilen tapawutlanýar. Awstraliýanyň döwlet gerbinde kengurularyň şekillendirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.


📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍





Uly erkek kengurular:
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍


📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍



Awstraliýada Kenguru adasyndan käbir parçalar:

📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍



📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍


📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
16
282
atakulyyewa_humay
11.03.2023 12:57
***RUBAGY***. Omar Haýýam



Adam öz döşüne kakyp: ,,Men" diýer,
Jübüsinde teňňe böküp: ,,Men" diýer.
Ýaňy bir işlermi düzetdim diýse,
Ölüm hem bir ýerden çykyp: ,,Men" diýer.


Terjime eden
Atamyrat ATABAÝEW
Bir rubagynyň üç terjimesi...
* * *
Päh-päh, abşarlyp seslendi:
—Walla, bu men-dä! — diýdi,
Zerbap puşeşe beslendi,tylla:
— Bu men-dä! — diýdi.
Bagty çüwüban ugranda zompa çykyp garymdan,
Ajal baglaýyp seslendi, ylla: — Bu men-dä! — diýdi.

Terjime eden
Guldurdy SÄHETDURDYÝEW


* * *
Hiç äsgermän: ,,Men!" — diýip, ,,men-menligi" emen bar,
Altyny köp, kümüşi bol, baý diýseň baý, emeldar,
Baýlyk, şöhrada mes bolup: ,, Dünýä meňki!" diýen wagty
Böküp çykdy-da bukudan, Ajal diýdi: ,,Menem bar!"

Terjime eden
Orazguly ANNAÝEW
13
149
atakulyyewa_humay
10.03.2023 00:00
✔️ Günorta ýarym şarda ýerleşýän Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Argentina, Madagaskar ýaly döwletlerde Ýaz pasly sentýabr-noýabr aýlaryna gabat gelýär.


Ýaz täsinlikleri...



✔️Ýaponiýada ülje agajynyň güllemegi ýazyň gelendigini aňladýar. Olar bu daragty ,,sakura" diýip atlandyrýarlar. Bu bagyň gülgüne reňkli gülleri daş-töwerege aýratyn gözellik çaýýar.




✔️ Iňlis alymlary bahar paslynda çagalaryň çalt ösýändigini belleýärler.




✔️ Halkymyzyň yrym-ynançlaryna görä durnalar ir bahardan peýda bolsalar, Ýaz ýagynly bolýarmyş.




✔️ Ýazyň gelmegi bilen howanyň maýlap başlamagy ilkinji nobatda ösümlikleriň köklerine täsirini ýetirýär, olar eýýäm 7-8 ⁰C derejedäki maýyllykda ösüp başlaýarlar.




✔️ Ýazyň gelmegi bilen dürli jandarlar, şol sanda towşanlar, belkalar hem açyk reňdäki tüýlerini garamtyl reňke çalyşýarlar.



17
290
atakulyyewa_humay
09.03.2023 17:37
Ýeriň şar şekillidigini subut etmek üçin Ýeriň daş-töweregine syýahat 1519-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan tä 1522-nji ýylyň 7-nji sentýabryna çenli, 1081 (bir müň segsen bir) gün dowam edipdir. Syýahat üçin ispan koroly Karl I 5 sany uly gämi we 265 adamdan ybarat ekipaž hem beripdir.

Syýahatyň başynda asly portugaliýaly bolan Fernando Magellan (1480-1521) durupdyr. Ýöne syýahat wagtynda Magellan 1521-nji ýylyň 27-nji aprelinde ýerli ýaşaýjylar bilen özara tire taýpa çaknyşygynda heläk bolupdyr.



Dünýäniň daş-töweregine syýahat...
Fernando Magellan


Magellan heläkçilige sezewar bolandan soň, syýahatyň başynda Huan Sebastyan de El — Kano (1487-1526) bolýar.



Huan Sebastyan de El kano

Syýahatçylar El — Kanonyň ýolbaşçylygynda 1522-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda öz ýurduna gaýdyp gelýärler. Şonda 5 gämi hem-de 265 adamdan ybarat syýahatçylardan diňe bir gämi — ,, Wiktoriýa" bary ýogy 18 adam bilen gelipdir.


11
136
atakulyyewa_humay
07.03.2023 01:10
F.Magellanyň, Kruzenşterniň we Lisýanskiniň, Jeýms Kukuň, Litkeniň we beýleki deňizde ýüzüjileriň dünýäniň daş-töweregine syýahatlary hakynda hemmäňiz eşidensiňiz. Ýöne dünýäniň daş-töweregine welosipedde ilkinji gezek syýahat eden rus syýahatçysy barada köpümiz eşiden däl bolsak gerek.



Rus sportsmeni O.P. Pankratow 1911-1913-nji ýyllarda welosiped bilen dünýäniň daş-töweregine syýahat edipdir. Syýahat etmeklik 2 ýyl 18 güne çekipdir. Ýer şarynyň daş-töweregine Pankratowyň aýlanan ýoly has gysga marşrut boýunça geçipdir. Edermen welosipedçi 1911-nji ýylyň iýul aýynda Harbinden ugrap, noýabr aýynyň aýaklarynda Peterburga ýetýär. Ol Peterburgdan Kenigsberge (häzirki Kaliningrada) ugrap, soňra bolsa Germaniýanyň üsti bilen Şweýsariýa ugraýar. Pankratow Pa-de-kale bogazyndan parohod bilen geçip, Angliýanyň üstünden geçýär. Parohodda Amerika syýahat etmeklik 10 güne çekipdir. Pankratow Amerika kontinentini Nýu-Ýork-Çikago-San-Fransisko marşruty boýunça geçdi. Ol San-Fransiskodan parohod bilen geçip, Hytaýyň üsti bilen özüniň-ägirt uzak marşrudyny taşlan ýerine — Harbine ugraýar (gysgaldylyp alyndy)

Ol welosiped bilen jemi 30 müň km-den gowrak ýol geçipdir.



Welosiped bilen dünýäniň daş-töweregine syýahat...

14
150