F.Magellanyň, Kruzenşterniň we Lisýanskiniň, Jeýms Kukuň, Litkeniň we beýleki deňizde ýüzüjileriň dünýäniň daş-töweregine syýahatlary hakynda hemmäňiz eşidensiňiz. Ýöne dünýäniň daş-töweregine welosipedde ilkinji gezek syýahat eden rus syýahatçysy barada köpümiz eşiden däl bolsak gerek.
Rus sportsmeni O.P. Pankratow 1911-1913-nji ýyllarda welosiped bilen dünýäniň daş-töweregine syýahat edipdir. Syýahat etmeklik 2 ýyl 18 güne çekipdir. Ýer şarynyň daş-töweregine Pankratowyň aýlanan ýoly has gysga marşrut boýunça geçipdir. Edermen welosipedçi 1911-nji ýylyň iýul aýynda Harbinden ugrap, noýabr aýynyň aýaklarynda Peterburga ýetýär. Ol Peterburgdan Kenigsberge (häzirki Kaliningrada) ugrap, soňra bolsa Germaniýanyň üsti bilen Şweýsariýa ugraýar. Pankratow Pa-de-kale bogazyndan parohod bilen geçip, Angliýanyň üstünden geçýär. Parohodda Amerika syýahat etmeklik 10 güne çekipdir. Pankratow Amerika kontinentini Nýu-Ýork-Çikago-San-Fransisko marşruty boýunça geçdi. Ol San-Fransiskodan parohod bilen geçip, Hytaýyň üsti bilen özüniň-ägirt uzak marşrudyny taşlan ýerine — Harbine ugraýar (gysgaldylyp alyndy)
Ol welosiped bilen jemi 30 müň km-den gowrak ýol geçipdir.