atakulyyewa_humay
13.03.2023 00:55
🔵 Çaý ýa-da kofe demlenilende gaýnag suwy näçe beýiklikden guýulsa şonça hem gowy. Birinjiden,içgi kislorod bilen baýlaşýar. Ikinjiden hem, tagamyna oňat täsir edýär.
***********************************************
Peýdaly maslahatlar...
1-nji surat.

🔵Ukusyzlykdan ejir çekýän bolsaňyz, ýatmazdan ozal iki sany kiwi iýiň. Kiwi miwesi peýdaly antioksidantlara we foliý turşusyna baý önüm. Bedende onuň ýetmezçiligi ukusyzlyk döredip biler. Kiwi bedeniň uka we keýpiçaglyga ýardam edýän serotonini işläp çykarmagyna peýdalydyr.

************************************************


2-nji surat.

🔵Nahar iýmezden ozal, 2 bulgur suw içiň şeýtmek bilen, artykmaç iýmitlenmek ähtimallygyny peseldersiňiz.

**********************************************

3-nji surat

🔵Eger keýpiňiz ýok bolsa, bir minutyň dowamynda gülküli, şähdiňi açaýjak täsirli pursatlary ýada salyp, ýylgyrmaga çalşyň. Bu usul, beýnimizdäki bagta jogapkärli gormonyň işini işjeňleşdirýär.

************************************************

4-nji surat.

🔵Keýpiňi ýokarlandyrmagyň ýene bir usuly aýdym-saz diňlemek. Diňe halaýan söýgüli aýdym-sazyň sanawyny açaýmaly.

***********************************************

5-nji surat

🔵Eger öýjükli telefonyňyzdan nätanyş adama tötänleýin habar iberseňiz, telefonyňyzdaky «uçarda» atly hyzmatyny (авиарежим) çalt işjjeňleşdiriň.Şeýtseňiz SMS habaryňyz iberilmez we ony arkaýyn pozup bilersiňiz.
**************************************************

6-njy surat.

🔵Öýjükli telefonyňyzy dessine işletmek zerurlygy ýüze çyksa, onda onuň «uçarda» atly hyzmatyny açyp, güýç beriň. Şonda telefonyň batareýasy has çalt iýmitlenip, elektrik güýjüni alar.

*************************************************

7-nji surat.

🔵Telefonyňyzy ulanmaýan wagtyňyz, ekranyň ýagtylygyny iň pes derejesine öwrüň. Bu usul telefonyň akkumulýatorynyň zarýadynyň dowamlylygyny artdyrar.
************************************************

8-nji surat.

🔵Öýjükli telefonlara gereginden artyk güýç bermek maslahat berilmeýär. 100 göterim güýç alanyndan soň, ondan güýç berijini aýyrmaly.Sebäbi köp güýç bermek telefonyň batareýasynyň işleýjilik kuwwatyny peseldýär.

************************************************

9-njy surat.

🔵Kesilen miweleriň garalmazlygy üçin limon ýa-da ary baly garylan suwy çalmalydyr. Limon suwundaky C witamini we balyň düzümindäki peptid reňkiniň garalmagyna sebäp bolýan oksid täsirleşmesini togtadýar.

*************************************************

9-njy surat.


🔵Tötänlikde egin-eşiklere degen tegmili aýyrmak üçin ony ýuwmazdan ozal, suwly legeniň içine goýup, onuň üstüne 5-6 sany aspirin gerdejiklerini owradyp çalmaly we ýarym sagat saklamaly. Bu usul eşiklerdäki tegmiliň eşigiň özüne zyýan ýetirmän aýrylmagyna kömek eder.

**********************************************

10-njy surat.

🔵Käbir täze alnan gap-gaçlardaky ýa-da beýleki öý goşlarynda ýelmenen öndüriji hakdaky maglumatly kagyzy (etiketkasy) aýyrmak kyn bolýar. Ony saç guradyjy enjam aýyrmaga kömek eder. Ýelmenen kagyzyň üstüne saç guradyjynyň gyzgyn howasyny tutsaňyz, ol ýeňillik bilen aýrylar.

************************************************

11-nji surat
16
272
Myhman Myhman
19 Mart 2023
👍👌👌👌👌👌👌
Sheýda
13 Mart 2023
...🔥...
ideallider
13 Mart 2023
Tm laýfhak👍
melek06
13 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
lalahan
13 Mart 2023
Gowy maslahat sag bolun
nuryyewagulshat
13 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍
gulshatayewa97
13 Mart 2023
Gowy maslahatlar👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.