✔️ Günorta ýarym şarda ýerleşýän Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Argentina, Madagaskar ýaly döwletlerde Ýaz pasly sentýabr-noýabr aýlaryna gabat gelýär.
![Ýaz täsinlikleri...]()
✔️Ýaponiýada ülje agajynyň güllemegi ýazyň gelendigini aňladýar. Olar bu daragty ,,sakura" diýip atlandyrýarlar. Bu bagyň gülgüne reňkli gülleri daş-töwerege aýratyn gözellik çaýýar.
![]()
✔️ Iňlis alymlary bahar paslynda çagalaryň çalt ösýändigini belleýärler.
![]()
✔️ Halkymyzyň yrym-ynançlaryna görä durnalar ir bahardan peýda bolsalar, Ýaz ýagynly bolýarmyş.
![]()
✔️ Ýazyň gelmegi bilen howanyň maýlap başlamagy ilkinji nobatda ösümlikleriň köklerine täsirini ýetirýär, olar eýýäm 7-8 ⁰C derejedäki maýyllykda ösüp başlaýarlar.
![]()
✔️ Ýazyň gelmegi bilen dürli jandarlar, şol sanda towşanlar, belkalar hem açyk reňdäki tüýlerini garamtyl reňke çalyşýarlar.