Her bir halkyň öz milli buýsanjy we gymmatlygy bolýar. Çindo iti wepaly jandar hökmünde koreý halkynyň milli buýsanjy diýlip yglan edilendir. Ol wepalylygy we gulluk etmäge ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.
Çindo aw itleriniň bir görnüşi bolup, Koreýanyň Çindo adasynda ýaşandyklary üçin şeýle at alypdyr. Başgaça oňa koreý hindosy, çindokke hem diýilýär. Bu aw itiniň boýy 45 — 55 santimetr, agramy 15 — 23 kilogramdyr. Bu görnüşiň gelip çykyşy barada käbir maglumatlara görä, olar müňýyllyklaryň dowamynda Çindo adasynda ýaşapdyrlar. Adanyň howa şertlerine laýyklykda, olar öz gadymy daşky görnüşini saklapdyrlar. Olar ikileýin ýüňi bilen tapawutlanýan akylly, güýçli, ýyndam itlerdir.
![Koreý halkynyň gymmatlygy...]()
1-nji surat
Häzirki wagtda aw itiniň bu görnüşini gorap saklamak üçin Koreýada ýörite kanun hereket edýär. 1962-nji ýylda Koreýanyň hökümeti çindo itlerine milli gymmatlyklar diýen derejäni berip, şondan soň olary ýurduň çäginden çykarmak gadagan edildi. Bu itler 1988-nji ýylda Seulda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem açylyşyna gatnaşdyryldy. Koreýada bu görnüşi öwrenýän ylmy merkez hereket edýär. Koreý hökümeti we Samsung kompaniýasy çindo itleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin köp işleri ýerine ýetirýärler. 1995-nji ýylda bu itler Halkara Kinologiýa Federasiýasy tarapyndan wagtlaýynça, soňra 2005-nji ýylda hemişelik ykrar edildi.
![]()
2-nji surat
Çindo itleri juda wepalydyrlar. Käbir çindolar öz eýesinden başga biriniň elinden iýmit iýmeýärler. Şeýle bir rowaýat bar. 1993-nji ýylda Çindo adasynyň 83 ýaşly ýaşaýjysy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen 7 ýaşly çindo iti — Pekku (,,Ak it" diýmek) Çindo adasyndan, takmynan, 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tedžon adasynyň ýaşaýjysyna satylýar. Bu it gaçyp, 7 aýdan soň, hor-homsy ýagdaýda yzyna dolanyp gelýär. Bu waka Koreýa halkyna güýçli täsir edip, bu hakynda birnäçe dokumental filmler döredildi, çagalar üçin kitaplar ýazyldy. Şu wakadan soňra, 2004-nji ýylda Çindo welaýatynda Pekku atly itiň ýadygärligi dikildi. Halk arasynda çindolaryň ilkinji eýesine jany-teni bilen ynanýandyklary üçin olary satmak gowy däp hasaplanylmaýar.
![]()
3-nji surat
Bu itler aw awlananda hem giňden peýdalanylýar, çünki olaryň duýuş ukyby iňňän ösendir. Adatça, olar ümsüm, parahatçylygy saklaýan itlerdir, emma öz duşmanyny gören badyna hüjüme geçmegi başarýarlar. Koreýada 3 sany çindonyň Amur gaplaňyndan üstün çykyşy hakynda rowaýat hem bar.
![]()
4-nji surat