⚪Üç ymtylyş:
— Pişik öýe ymtylýar.
— It hojaýyna ymtylýar.
— Çaga enä ymtylýar.
••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••
⚪Üç zada howluk:
— Merhumy ugratmaga.
— Ýetişen gyzyňy çykarmaga.
— Bergiňi bermäge.
•••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••
⚪Öýüňden merhum çykansoň toýa rugsat edilýär:
— Üçünden soň obaňa.
— Ýedisinden soň goňşyňa.
— Kyrkyndan soňra öýüňe.
••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••
⚪Şu üçüsi jennete girmez:
— Minnet ediji
— Ene-atasyna el galdyryjy.
— Içgä özüni aldyran.
••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••
⚪Adamyň üç hili görnüşi bar:
— Özi iýer — iline-de iýdirer.
— Özi iýer ile iýdirmez.
— Özi-de iýmez — ile-de iýdirmez.
••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••••
⚪Üç zat duýdansyz gelýär:
— Bagt
— Ölüm.
— Söýgi.
#Çeşme: ,,Maru şahu jahan" gazetinden
![3 — lükler bilen bagly aýtgylar...]()