atakulyyewa_humay
09.03.2023 17:37
Ýeriň şar şekillidigini subut etmek üçin Ýeriň daş-töweregine syýahat 1519-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan tä 1522-nji ýylyň 7-nji sentýabryna çenli, 1081 (bir müň segsen bir) gün dowam edipdir. Syýahat üçin ispan koroly Karl I 5 sany uly gämi we 265 adamdan ybarat ekipaž hem beripdir.

Syýahatyň başynda asly portugaliýaly bolan Fernando Magellan (1480-1521) durupdyr. Ýöne syýahat wagtynda Magellan 1521-nji ýylyň 27-nji aprelinde ýerli ýaşaýjylar bilen özara tire taýpa çaknyşygynda heläk bolupdyr.



Dünýäniň daş-töweregine syýahat...
Fernando Magellan


Magellan heläkçilige sezewar bolandan soň, syýahatyň başynda Huan Sebastyan de El — Kano (1487-1526) bolýar.



Huan Sebastyan de El kano

Syýahatçylar El — Kanonyň ýolbaşçylygynda 1522-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda öz ýurduna gaýdyp gelýärler. Şonda 5 gämi hem-de 265 adamdan ybarat syýahatçylardan diňe bir gämi — ,, Wiktoriýa" bary ýogy 18 adam bilen gelipdir.


11
136
lord
10 Mart 2023
Ýok, tüweleme, sözüm ýok. Gowy tema :).
atakulyyewa_humay
10 Mart 2023
lord,Bilýän menem umumylaşdyryp goýdumda:) siziňki bilen meňzeş bolmasyn diýip.Meňki täze gelenler üçin onda, öňküler üçinem gaýtalamak bolarda😌
lord
10 Mart 2023
Şu barada giňişleýin Ädim Ädimde goýupdum :)
gultaze
9 Mart 2023
Mende post goýup bolanok name üçinka
gultaze
9 Mart 2023
Bu gun post goýup bolanokmy
atakulyyewa_humay
9 Mart 2023
📌Bellik. Biraz garaşsaňyz suratlary hem açylar!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.