Haýwanat dünýäsinde her bir haýwan özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Kenguru hem şolaryň biri. Ol torbaly süýdemdirijilere degişli.
Kengurularyň 50-ä golaý görnüşi bar. Olar, esasan, Awstraliýada, Täze Gwineýada, Täze Zelandiýada ýaşaýarlar. Kengurularyň göwresiniň uzynlygy 30—160 santimetr aralygynda bolup, guýrugynyň uzynlygy 15—105 santimetre barabardyr. Kengurularyň agramy bolsa 1,4—90 kilograma çenli ýetýär. Olar sagatda 40—50 kilometr tizlikde hereket edýärler. Olaryň guýrugy deňagramlylygy saklamaga kömek edýär.
Kengurularyň öň aýaklary gysga, bäş barmakly bolýar. Olar, esasan, bir zady tutmak we ýapyşmak wezipesini ýerine ýetirýärler. Bedeniniň yzky bölegi, yzky aýaklary we guýrugy juda güýçli we berkdir. Yzky aýaklaryndaky dört sany barmagynda uly dyrnaklary ýerleşýär. Şol yzky aýaklar kengurulara hereket etmek üçin mümkinçilik döredýär. Kengurular oturanlarynda hem yzky aýaklaryna we guýrugyna daýanýarlar. Aslynda kenguru duranda, oturanda, ylganda, hereket edende esasy agram bedeniň yzky bölegine düşýär.
Bu torbaly haýwanlaryň iri görnüşleriniň böküşiniň uzaklygy ortaça 3 metre deň. Kengurularyň görşi we duýşy has ösen. Olar ürkek bolýarlar, emma gahary gelen wagty, esasan, yzky aýaklary, öň aýaklarynyň dyrnaklary we dişleri bilen goranýarlar.
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![🦘Kengurular 🦘]()
Kengurular köplenç otluk meýdanlarda we tokaýlarda ýaşaýarlar. Adatça olaryň sürüsinde 50—100 we ondan-da köp kenguru bolýar. Bu haýwanlar köplenç irden we agşam otlaýarlar. Olar, esasan, ot, agaçlaryň ýapraklary we kökleri bilen iýmitlenýärler.
Kengurularyň göwrelilik döwri juda gysgadyr, ýagny 27—40 gün aralygyndadyr. Meselem, olaryň uly görnüşleri hasaplanýan ispolin kengurusynyň göwrelilik döwri 39 güne deňdir. Olaryň dünýä inen çagalary ýaş wagtynda kengurunyň torbasyndan çykman oturýar. Şol ýerde ol 6—8 aýa çenli ene süýdünden iýmitlenýär. Şondan soň hem kenguru çagajygy torbadan aýra düşmäge howlukmaýar. Kenguru ony goramak maksady bilen özünden daşlaşdyrmaýar. Kenguru çagasy gorksa ýa-da howply ýagdaý ýüze çyksa şol bada torbanyň içine sümüp gizlenýär.
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![]()
Kengurular öz üýtgeşik gurluşy, täsin hereketleri, ürkek çagajyklary bilen tapawutlanýar. Awstraliýanyň döwlet gerbinde kengurularyň şekillendirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![]()
Uly erkek kengurular:
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![]()
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![]()
Awstraliýada Kenguru adasyndan käbir parçalar:
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![]()
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍
![]()
📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍📍