Kebelekleri öwrenýän ylma «lepidopterologiýa» diýilýär.
![🦋Kebelekler barada gyzykly maglumatlar 🦋]()
1-nji surat
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Dünýäde iň uly kebelek Attakus Atlas bolup, onuň ganatlary 30 santimetre çenli ýetýär. Ilkibaşda bu kebeleklere duş gelenlerinde adamlar olary guşlara meňzedipdirler.
![]()
2-nji surat
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Iň kiçi kebelek bolsa Angliýada ýaşaýan güýe kebelegidir. Onuň göwresiniň uzynlygy bary-ýogy 2 millimetre deňdir.
![]()
3-nji surat
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebelekler diňe sary, ýaşyl we gyzyl reňkleri saýgaryp bilýärler.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Ýer ýüzünde gülleri tozanlandyrmak boýunça kebelekler ikinji orunda durýar. Birinji orun bolsa balarylara degişlidir.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Häzirki wagtda kebelekleriň 165 müňden gowrak görnüşi mälimdir. Emma entomologlar ýylyň ýylyna olaryň täze görnüşlerini tapýarlar.
![]()
4-nji surat
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebelekler sagatda 60 kilometr tizlikde uçýarlar.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Lukmanlaryň bellemegine görä, kebelekleriň gaýmalamalary adamlaryň ýadawlygyny aýyrýar.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebelekleriň ýaşamaýan ýeke-täk yklymy Antarktidadyr.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Käbir kebelekler ösümlikleriň zäherli şiresi bilen iýmitlenýärler. Bu zäher kebelekleriň bedeninde saklanýar, şonuň üçin bu kebelekleri awlan guşlarda zäherlenme alamatlary ýüze çykýar.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebelekler öz göwresinden iki esse köp iýmit iýmäge ukyplydyrlar.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebelekleriň tagam duýuş agzalary aýagynda ýerleşýär.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebelekleriň gözleri müňlerçe bölekden ybarat bolup, olaryň gurluşy örän çylşyrymlydyr.
🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋🦋
Kebeleklerde arteriýa, wena gan damarlary bolmaýar. Olaryň ýüregi hem ýokdur. Olaryň bedeninde gan aýlanyş wezipesi garyn boşlugynda ýerleşip, kellä tarapa geçýän ýörite kanal ýerine ýetirýär.
📌Siz Kebelekler barada nähili gyzykly maglumatlar bilýärsiňiz?
Halan bolsaňyz like 👍basmagy ýatdan çykarmaň!
📌Bir az garaşsaňyz kebelekleriň suratlary hem açylar!