NÄME ÜÇIN ÝATMAZDAN OZAL ÇYRANY ÖÇÜRÝÄRIS?
ABŞ-nyň demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň alymlar topary ýagtylygyň astynda uklamagyň adam bedenine zyýanly täsir edýändigini anykladylar.
Bu barada «Proceedings of the National Academy of Sciences» žurnalynda:
— Geçirilen gözlegleriň netijesinde bir gijelik ýagtylygyň astynda uklan adamyň ganynyň düzümindäki şeker mukdarynyň, gan basyşynyň, ýürek urmasynyň ýokarlanýandygy ýüze çykaryldy — diýip habar berildi.
Makalada bellenişine görä, muny anyklamak üçin şol bir wagtda ýaşlaryň 20-sinde tejribe geçirildi. Olary bir gije garaňkylykda, ýene bir gijede ýagtylykda ukladyp gördüler. Netijede, olaryň ukusynyň hiline gözegçilik etmek üçin beýniniň işjeňligi, dem alşy we ýürek urşy barlandy. Mundan başga-da, olara ýatmazyndan ozal ukuda wagtlary gan almak üçin kateter goýuldy.
Netijeleriň görkezişi ýaly, bir agşam, ýagny 8 sagatlyk çyrany ýakyp ýatmak gulýukoza gomeostazynyň bozulmagyna getirer. Şeýlelikde, alymlar gije garaňkyda ýatmagyň saglyk üçin peýdalydygyny aýdýarlar.
Uky wagtynda üstüňize düşýän emeli ýagtylyklar adam metabolizmine hem ýiti täsir edýär. Şonuň üçin-de ýatylýan otagda gijeki yşyklandyryjylary ulanýan adamlar, köplenç, semizlikden ejir çekýärler.