«MEN MYNASYP DÄL!»: ÖZÜŇI TANKYTLAMAGYŇ SINDROMY NÄME WE OŇA GARŞY NÄDIP GÖREŞMELI?
Imposter sindromy — bu siziň ýeten üstünlikleriňize, aýdylýan öwgülere mynasyp däldigiňiz, ukyp-başarnyklaryňyzyň ýeterlik derejede kämil däldigi bilen baglanyşykly gaýgyly pikirleriňiziň jemidir. Ol siziň üstünlikleriňiziň tötänlige, ýönekeý şowlulyga baglydygyna esaslanýar.
Bu psihiki näsazlykmy?
Ýok. Aslynda, imposter (özüňi tankytlamak) sindromy sindrom hem däl. «Sindrom» adalgasy umumy sebäbi bolan birnäçe alamatlaryň toparlaýyn ýüze çykmagynyň kanunalaýyklygy bolup durýar. Özüňi tankytlamagyň sindromynyň bolsa umumy sebäbi ýok. Her birimizde bu sindrom dürli ýagdaýda ýüze çykýar. Şeýlelikde, bu sindrom lukmançylyk diagnozy däl-de, adamlaryň dürli sebäplere görä başyndan geçirýän duýgularydyr. Şonuň üçin bu «sindromy» «fenomen» diýip atlandyrmak has maksadalaýyk bolardy.
Özüňi tankytlamak dürli ýagdaýda ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin hem alymlar bu fenomeniň adaty ýagdaý bolmagynyň-da, tersine, kadadan çykma görnüşinde-de psihika agyr zyýan ýetirip biljekdigini belleýärler.
Özüňi tankytlamagyň sindromynyň döremeginiň sebäpleri nämeden ybarat?
• Özüňi tankytlamagyň sindromynyň döremegine, ilki bilen, çagalykdan galan şikesler sebäp bolýar. Çagalykda sizi «söýgüni gazanmak» ýörelgesi esasynda terbiýelän bolsalar, ýagny ene-atanyň söýgüsi «şertsiz» berilmän, eýsem görkezen netijäňize görä öwlen ýa-da söýlen bolsaňyz, bu duýgynyň döremegine sebäp bolup biler.
• Şeýle-de sindromyň bu görnüşi üstünlige tiz we ýeňil ýetmegi endik edinen adamlarda gabat gelýär. Okuwy ýeňillik bilen özleşdiren adamlar özbaşdak zähmet ýoluna başlamak bilen, has zehinli hem-de ukyply adamlaryň bardygyny görýärler. Işde üstünlik gazanmak üçin bolsa has köp zähmet bilen tutanýerlilik gerek bolýar. Munuň her bir adamyň tejribesinde gabat gelýän hadysadygyna seretmezden, üstünlige öwrenişen adamlar şeýle ýagdaýa duşmak bilen, sussupeslige düşüp bilerler.
• «Seniň bu üstünligiň adaty şowlulyk bolaýmasa...», «Seniň hossarlaryň bolmadyk bolsa, bu derejelere ýetmezdiň», «Şeýle jogapkärçiligi çekip bilerin öýdýärmiň?» ýaly pikirlerdir soraglar siziň özüňize bolan ynamyňyzyň pese düşmegine getirip biler. Internetde paýlaşylýan maglumatlar hem siziň özüňize bolan ynamyňyzyň peselmegine getirip biler. Çünki internetde adamlar öz durmuşynyň iň gowy pursatlaryny paýlaşýarlar. Şeýle ýagdaýda biz özümizi olardan şowsuz duýup bileris.
• Siziň wezipäňizi galdyrdylar. Sizi höweslendirdiler. Siz uly taslamany üstünlikli tamamladyňyz. Hemme zat gowy. «Ýöne bu ýagdaý ýene näçe wagt dowam ederkä?», «Täze iş ýerimde özümi görkezip bilmesem näme?» diýen ýaly sowallar agzalan sindromyň döremegine getirip biler.
•