Lilia_
27.10.2023 17:42
Bir lukman aradan çykypdyr. Onuň yzynda galan zatlaryny saýhallamak üçin üç ogly öýüne ýygnanypdyr. Olaryň ejesi ir aradan çykypdyr. Şonuň üçin, olaryň kakasyna köp ýyllap garry hyzmatkär zenan seredipdir. Oglanlar kakalarynyň iş otagyndaky gymmat bahaly goş-golamlaryň arasynda gatap giden ýarty çöregiň durandygyny görüp, geň galypdyrlar. Hyzmatkär zenan tekjede duran çöregiň näme manysynyň bardygyny bilýän eken. Onsoň, ol muny professoryň oglanlaryna gürrüň bermäge durýar:

− Urşuň jygba-jyga gelen döwürleri professor agyr kesele duçar bolýar. Şonda oňa ýakyn dostlarynyň biri «açlykdan kösenýän bolaýmasyn» diýip, ýarty çörek ugradýar. Professoryň goňşularynyň gyzjagazy bar bolansoň, ol özüne iberilen çöregi ellemän, dessine şolara ugradýar. Ýöne goňşulary hem ýaňky gymmatly iýmiti özlerine dözmeýär. Olar hem şony ýokarky gatda ýeke ýaşaýan garry mama ugradýarlar. Garry mama hem çöregi alyp, aç oturan gyzy bilen iki agtygyna eltip berýär. Birki kwartal aňňyrakda ýaşaýan ýaňky mamanyň gyzy hem çöregi alýar-da, çagalaryny bir köpük alman bejerýän, özi bolsa gutulgysyz keselden jebir çekýän professora getirip berýär.

Hyzmatkär zenan ýene gürrüňini dowam edýär:

− Professor özüniň çöregini daşyna saralan kagyzyndan derrew tanapdyr. Asyl, kakaňyzyň ugradan çöregi ýene aýlanyp özüne gelen eken. Çöregi eline alanda, kakaňyzyň bogazy dolýar. Ol: «Şeýle gowy adamlar barka biziň jemgyýetimiz asla bozulmaz. Bu çörek hiç kimiň bokurdagyndan geçmedik hem bolsa, ol hemme kişini doýrupdyr. Diýmek, ol örän mukaddes çörek bolmaly. Meniň däl-de, Haktagalanyň iberen çöregi bolmaly» diýýär-de, ýaňky ýarty bölek çöregi tekjesinde goýýar. Halys ugruny ýitirip, umytdan düşen mahaly ine şu çörek kakaňyz üçin umyt çeşmesi bolup hyzmat edipdir.
53
538
amanm
28 Oktýabr 2023
😍
arab
27 Oktýabr 2023
👍👍👍👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.