Lilia_
27.10.2023 23:08

NÄME ÜÇIN ÝATMAZDAN OZAL ÇYRANY ÖÇÜRÝÄRIS?


ABŞ-nyň demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň alymlar topary ýagtylygyň astynda uklamagyň adam bedenine zyýanly täsir edýändigini anykladylar.


Bu barada «Proceedings of the National Academy of Sciences» žurnalynda:


— Geçirilen gözlegleriň netijesinde bir gijelik ýagtylygyň astynda uklan adamyň ganynyň düzümindäki şeker mukdarynyň, gan basyşynyň, ýürek urmasynyň ýokarlanýandygy ýüze çykaryldy — diýip habar berildi.


Makalada bellenişine görä, muny anyklamak üçin şol bir wagtda ýaşlaryň 20-sinde tejribe geçirildi. Olary bir gije garaňkylykda, ýene bir gijede ýagtylykda ukladyp gördüler. Netijede, olaryň ukusynyň hiline gözegçilik etmek üçin beýniniň işjeňligi, dem alşy we ýürek urşy barlandy. Mundan başga-da, olara ýatmazyndan ozal ukuda wagtlary gan almak üçin kateter goýuldy.


Netijeleriň görkezişi ýaly, bir agşam, ýagny 8 sagatlyk çyrany ýakyp ýatmak gulýukoza gomeostazynyň bozulmagyna getirer. Şeýlelikde, alymlar gije garaňkyda ýatmagyň saglyk üçin peýdalydygyny aýdýarlar.


Uky wagtynda üstüňize düşýän emeli ýagtylyklar adam metabolizmine hem ýiti täsir edýär. Şonuň üçin-de ýatylýan otagda gijeki yşyklandyryjylary ulanýan adamlar, köplenç, semizlikden ejir çekýärler.

95
721
dilber
31 Oktýabr 2023
Hemma salam🙋‍♀️
a_e_r
31 Oktýabr 2023
@akmyrat90, ine şorta söz(espri) 😄
akmyrat90
30 Oktýabr 2023
Onda gowy adamlar o dünýäde ýatyp bilmez ýatan ýeriñ ýagty bolsun diýalara
sazsoft
29 Oktýabr 2023
@beautiful_girl, Aý, ýok, ýaryş-a bolmady öýdýän?!
sazsoft
29 Oktýabr 2023
@beautiful_girl, Hawa, men henizem ýatmadym :)
sazsoft
29 Oktýabr 2023
Çyra öçse bolanok, 24/7 ýanyp durmaly 😐
miss_princess
28 Oktýabr 2023
Yatmak un
izabel
27 Oktýabr 2023
@hommadowa, agramyň näçe hor dälsiňde men ýaly
izabel
27 Oktýabr 2023
@hommadowa, 😇🥰🤝 sn nç kla gelýäň
izabel
27 Oktýabr 2023
@hommadowa, howa senemmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.