Lilia_
27.10.2023 00:11
ÝER TITREMESINDE ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?!

Ýer titrände öz howpsuzlygyňyz hakynda alada ediň!

Stoluň ýa-da krowadyň aşagynda gizleniň, göwräňizi aşak gaçýan zatlardan we binanyň böleklerinden goramak üçin stoluň aýaklaryndan ýapyşyň!

Howsala düşmäň we öýden çykyp, gaçjak bolmaň!

Kelläňize dürli zatlaryň gaçyp biljekdigini göz öňünde tutuň. Aýagyňyza aýna döwükleriniň çümmezligi ýa-da kelläňize üçegiň bölekleriniň gaçmazlygy üçin seresap boluň. Howsala düşen wagtynda adam, köplenç, özüni howp astyna salýar.

Ýer titremesiniň alamatlaryny duýan halatyňyzda penjireleri we gapylary açyň!

Öýden howpsuz ýagdaýda çykyp bileriňiz ýaly, gapylary we penjireleri açyň. Ýer titremesinde gapynyň daşky bölegi deformirlenip biler we şeýle ýagdaýda siz gapyny açyp bilmersiňiz.

Ýer titremesinde berk däl diwaryň golaýynda durmaň!

Ýer titremesi wagtynda öýüň daşynda galsaňyz, kerpiç diwarlaryň ýanynda durmaň. Ýer titrände berk däl diwarlar aňsatlyk bilen ýumrulýar.

Özüňizi aýna döwüklerinden ýa-da beýleki howply zatlardan goramak üçin örän seresap hereket ediň!

Adatdan daşary ýagdaýda hemişe aýakgabyňyzy geýiň. Penjirelerden we beýleki zeper ýeten zatlardan uzakda duruň. Garaňkyda gerek boljak el çyrasyny ýanyňyza alyň.

Derrew çyrany we gaz plitasyny öçüriň!

Ýer yranyp başladygy ody söndüriň we gaz plitasyny öçüriň. Suwdan doldurylan bedräni taýýar edip goýuň ýa-da ot söndürijini elýeter ýerde saklaň.

Çagalaryň, ýaşuly we maýyplygy bolan adamlaryň howpsuzlygyny ünsden düşürmäň!

Çagalary, ýaşuly we maýyplygy bolan adamlary şkaflaryň ýa-da beýleki berk däl zatlaryň golaýynda ýatyrmaň. Howpsuzlygyňyz üçin, şkaflary diwarlara çüýläň.

Adatdan daşary ýagdaý üçin torbany taýýarlaň!

Adatdan daşary ýagdaýlarda gerek bolan zatlaryňyzy salmak üçin torba ýa-da guty taýýarlaň. Ol torbany (gutyny) elýeter ýerde saklaň. Torba (guta) adatdan daşary ýagdaýlarda gerek boljak gündelik ulanylýan zatlary salyň. Mysal üçin, radio, ilkinji lukmançylyk kömegi üçin zerur zatlaryň toplumy, iýmit, suw, suw geçirmeýän mata, jürlewük, düşekçe, zerur telefon belgileri we ş.m.
40
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.