Lilia_
27.10.2023 11:00
Gar tozgajygy hakynda täsirli faktlar
- Buz kris­tal­la­ryn­dan eme­le gel­ýän yga­lyň gör­nü­şi­ne gar di­ýil­ýär.

- Howanyň de­re­je­si 0-dan aşak­da bo­lan ýag­da­ýyn­da bu­lut­lar­dan gaýdýan ygaldan gar eme­le gel­ýär.

- Gar tozgajyklary gurluşy boýunça 5-6 granly bolýar.

- Ga­ryň eme­le gel­me­gi üçin çyg­ly ho­wanyň bolmagy zerur. Il­ki bi­len bu­gar­ýan suw doňup, buz kris­ta­llary­ny eme­le ge­tir­ýär. Emele gelýän buz kris­tallary bolsa howa­da­ky goş­ma­ça su­wy hem özü­ne çe­kip, ga­ry emele getirýär.

- Gar öz düzümi boýunça mineraldyr.

- Gar tozgalary ýere düşende ses edýär, çünki millionlarça gar tozgajyklary ýere düşende olar döwülýär.

- Gar bir­nä­çe gör­nüş­de ýa­gyp bil­ýär. Ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, gar toz­ga­sy­nyň ulu­ly­gy dürli bolup bilýär.

- Ho­wa­nyň de­re­je­si 0-dan ýo­kar­da bol­sa hem gar bölejikleri ere­män ýere dü­şüp bil­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ýokardan düşýän gar bölejikleri ho­wa­nyň ýy­ly gat­la­gyn­a ýeten­de ere­mä­ge baş­la­ýar.

- Gar bölejikleri maýyl gatlaga düşende onuň daşynda wagt­la­ýyn sowuk gatlak eme­le ge­l­ýär. Ol bolsa ga­ryň ere­män ýere düşmegine şert dö­red­ýär.

- Esa­san hem, ho­wa­nyň de­re­je­si or­ta­ça -9 bo­lan ýag­daý­yn­da gar agyr ýag­ýar.

- Gaz tozgajygynyň emele gelmegi üçin bir milliona golaý ownuk damjalar gerek bolýar.

- Gar çyg­ly­lyk ta­lap ed­ýä­ni üçin gu­ry so­wuk­lar­da adat­ça gar ýag­ma­ýar. Mu­ňa my­sal edip, An­tark­ti­da­nyň gu­ry jül­ge­le­ri­ni gör­kez­mek bo­lar. Bu jül­ge­ler­de ho­wa so­wuk hem bol­sa, çyg­ly­lyk de­re­je­si­niň pes bol­ma­gy we şe­ma­lyň güýç­li öwüs­me­gi ga­r ýag­ma­gy­na päsgelçilik döredýär.

- Gar toz­ga­la­ry­nyň dia­met­ri adat­ça 1,3 san­ti­metr­den ki­çi bol­ýar. Ýö­ne dur­nuk­syz ho­wa şert­le­rin­de gar toz­ga­sy­nyň dia­met­ri 5 san­ti­met­re çen­li ula­lyp bil­ýär.
37
20
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.