ON ÝYLLAP UKLAN GYZJAGAZ HAKYNDA EŞIDIPMIDIŇIZ?
Bu geň wakanyň özboluşly taryhy bar. Londondan uzak bolmadyk Bakingemşir diýen ýerde «Turwill» atly kiçijik oba bar. Bu obanyň meşhur bolmagyna onda ýaşap geçen we on ýyldan hem gowrak wagtlap oýanman uklap ýatan Ellen Sadler atly gyzjagaz sebäp bolýar...
Ellen güzeranyny zordan aýlaýan köp çagaly maşgalada dünýä inýär. Ellen bu maşgalanyň onunjy çagasy bolupdyr. Onuň özünden uly doganlary ene-atalaryna fermada we ekin meýdanlarynda işlemek arkaly kömek edensoňlar, Ellen hem çagalykdan sähel saýlanan badyna ýaňy 11 ýaşyndaka goňşy şäherde bir maşgalanyň çagasyna seretmek üçin enekelige işe durýar.
Ümsüm, arzuwçyl hem düşbüje Ellen öz deň-duşlaryndan beýle bir tapawutlanmaýar. Ýöne gyzjagaz birdenkä ukuçyllykdan, kelle agyrydan we ysgynsyz ýadawlykdan ejir çekip başlaýar. Elbetde, bu ýagdaý Elleni enekelige işe alan maşgala ýaramaýar we olar tiz wagtdan gyzjagazy öýlerine ugratmagy makul bilýärler. Netijede, işini ýitiren Ellen öýüne gaýdyp gelýär.
Elleniň yzygiderli ukusy tutup, kellesi hem dynuwsyz agyrmagyny dowam etdirýär. Emma gyzjagazyň ene-atasy onuň bu ýagdaýyny öz wagtynda seljertmek üçin lukmanyň ýanyna gitmäge hem pul tapyp bilmeýärler. Birnäçe wagtdan soňra gyzjagaz erbet ýagdaýa düşüp, mejbury ýerli keselhana ýerleşdirilýär. Ýöne ol ýerde hem ýagdaý has beterleşensoň, lukmanlar Elleni öýe alyp gidilse, dogry boljakdygyny aýdýarlar.
Keselhanadan gaýdyp gelenden soňra gyzjagazda birnäçe geň tutgaýlar bolup geçýär we ol şondan soňra uklap galýar. Elleniň bu gezekki ukusy tutuş 10 ýyldan hem uzak wagt dowam edýär. Tizara ýaşajyk «Ukudaky gözel» baradaky habar tutuş ýurda ýaýraýar. Syýahatçylar, žurnalistler we lukmanlar bu täsin gyzy görmek isläp, Turwille gelip başlaýarlar. Hatda köp adamlar bu gudraty görmek mümkinçiligini döretmekleri üçin Elleniň ene-atasyna ep-esli pul hem töleýärler. Netijede, bu adaty bolmadyk hadysa gyzjagazyň maşgalasynyň maddy ýagdaýynyň birneme gowulaşmagyna hem täsir edýär.
Şeýdip, bu kiçijik oba uly meşhurlyga eýe bolýar. Meşhur neşirlerde turwilli Ellen Sadler hakda makalalar dowamly çap edilýär. Gyzjagaz «Turwiliň ukudaky gözeli» diýlip atlandyrylyp başlanýar. Dogrusy, köpler gyzjagazyň ene-atasynyň baýamak karary bilen Elleniň beýle çuň we düşnüksiz, örän uzak dowam edýän ukusyny gurnandyklaryny çak edip başlaýarlar. Emma polisiýanyň derňewiniň netijeleri esasynda bu wakada hiç hili kezzaplygyň ýokdugy ykrar edilýär.
Öýe gelen lukmanlaryň gyzjagazyň ýagdaýynyň sebäbini düşündirip bilmeýändikleri sebäpli, Elleniň ene-atasy ony hassahana äkitmekden hem ýüz öwürýärler. Daşyndaky bolup geçýän wakalardan habarsyz Ellen bolsa parahat ýagdaýda uklap ýatmagyny dowam edýär. Gyzjagazyň dem alşy asuda bolsa-da, aýaklary we elleri hut buz ýaly bolýar. Elleniň ejesi gyzynyň agzyna suwuk iýmit guýup, ony yzygiderli iýmitlendirip durýar.
Ýyllar geçip, Elleniň ejesi hem aradan çykýar. Ondan soňra «ukudaky gözele» onuň uly uýalary seredýär. Emma olara Ellene uzak wagtlap ideg etmek zerur bolmaýar. Çünki ejesiniň aradan çykanyna birnäçe aý geçenden soňra Ellen birdenkä uzak wagtlyk ukusyndan oýanýar.
Lukmanlar tizden-tiz 9 ýaşynda uklap, 21 ýaşynda oýanan gyzy gözden geçirýärler. Ýöne olar köp ýyllap uklamagynyň gyza ýetiren üýtgeşik täsirini tapyp bilmeýärler. Elleniň diňe gözleriniň görüjiligi peselip we birazajyk boýy bolmalysyndan gysga ekeni. Şeýle-de bolsa, gyzjagazyň özüni alyp barşyny synlanyňda, onuň hakyky ýaşyna garamazdan, kiçijik gyz ýaly bolup galandygy duýlupdyr. Uzak wagtlap Ellen bu hakykaty kabul edip bilmeýär. Hernä dogan-garyndaşlarynyň ruhy goldawy bilen ol ýuwaş-ýuwaş täze durmuşa başlamagy başarýar.
Elleniň ýasaýan dürli bezegleri, monjuklary onuň meşhur «Ukudaky gözel» adynyň arkasyndan örän geçginli bolýar we gyz özüne ýeterlik eklenç çeşmesini döredýär. Uzak wagtlyk ukusyndan oýanandan soň birnäçe ýyl geçirip, durmuşa çykan Ellen alty çagany dünýä inderýär. Ol 1901-nji ýylda birdenkä tarpa-taýyn aradan çykýar. On ýyldan gowrak dowam eden ukusynyň sebäbiniň belli bolmaýşy ýaly, onuň ölüminiň sebäbi hem belli bolmaýar...
On ýyllap ukuda ýatan Ellen Sandleriň taryhy şeýleräk. Elleniň döwürdeş lukmanlaryna onuň ýagdaýyny seljermek başartmadyk bolsa-da, häzirki zaman lukmanlary beýle ýagdaýlara «Narkolepsiýa keseli» diýip at berýärler. Bu kesel beýnide adamyň oýanmagyna kömek edýän himiki serişdeleriň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar. Emma narkolepsiýa keseline ýolugan adamlaryň näme sebäpden uzak uklaýandygy belli bolsa-da, lukmanlar bu näsaglaryň birden oýanmagynyň sebäbini welin, häli-häzirem düşündirip bilenoklar...