ADAMLARYŇ ÝÜZ KEŞBINE GÖRÄ HÄSIÝETINI NÄHILI TANAMALY?!
Islendik adamyň ýüzüne seredeniňde onuň häsiýetini aňmak ýa-da çaklamak bolýar. Maglumatlara görä, adamlaryň ýüz şekillerini 4 topara bölýärler. Suratda mälim bolşy ýaly, olar tegelek, dörtburç, ýumurtga we ýürek şekilli ýüzlerdir. Siziň ýa-da ýakynlaryňyzyň ýüzi haýsy topara degişli. Geliň, bu barada giňişleýin tanyş bolalyň!
Tegelek ýüz
Tegelek ýüzli adamlar şahsy aýratynlyklary taýdan belent adamkärçilikli, mylaýym, sahy we hoşniýetli bolýarlar. Olar başgalaryň bagtyny özüniňkiden ýokary goýýarlar. Mätäç birine elmydama kömek bermäge ymtylýarlar. Tegelek ýüzli ynsanlar şunuň ýaly ýagşy işleri ýerine ýetirmekden lezzet alýarlar.
Käwagt gatnaşykda ýa-da dostlukda öz zerurlyklaryny ýatdan çykarýarlar. Olar ygtybarly we tanşyp boljak iň gowy adamlaryň biridir. Gysganç däldirler. Bu aýratynlyklar olara peýdaly bolup ýa-da zyýan berip biler. Käwagt özlerini ileri tutmagy öwrenmeli bolýarlar. Tegelek ýüzli adamlar, köplenç, öz ýaşlaryndan has ýaş görünýärler.
Dörtburç şekilli ýüz
Ýüzi kwadrad ýa-da dörtburç şekilli adamlar gujurly, işjeň, analitik, düşünjeli bolýarlar. Olar iň dartgynly (stresli) ýagdaýlarda-da asudalygyny saklap bilýän adamlardyr. Iri taslamalaryň üstünde işlemegi halaýarlar.
Olarda ýolbaşçylyk ukyplary we işewürlik häsiýetleri ýokary bolýar. Maliýe taýdan hem ökdedirler. Olar ygtybarly, höwesli we işeňňir ynsanlardyr. Tutanýerliligi halaýarlar. Köplenç, iň oňat netijä gelmegi başarýarlar.
Ýumurtga şekilli ýüz
Ýumurtga şekilli ýüz keşpliler hemme zadyň anygyna ýetýän, has dogrusy, «ýedi ölçäp bir kesýän» adamlardyr. Çeýeligi ýigrenýärler, bitarap galmagy, islendik zat hakda öz pikirini aýtmagy halaýarlar.
Adatça, näme diýmelidigini we haçan aýtmalydygyny bilýärler. Hakykaty aýtmakda örän tutanýerlidirler. Olar jemgyýetçilik ýerlerinde örän işjeň bolup, açyk howada bolmagy halaýarlar.
Ýürek şekilli ýüz
Ýürek şekilli ýüzli şahsyýetler döredijilikli we başarnyklydyrlar. Olar güýçli pikirli, päk ýürekli we özdiýenlidirler. Şeýle adamlar öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin elinden gelen tagallalary edýärler.
Ýürek şekilli ýüzi bolan adamlar iri göwrümli taslamalary ýerine ýetirmegi, hemişe hereketde bolmagy halaýarlar. Şeýle-de olarda duýujylyk güýçli bolýar.