Lilia_
28.10.2023 13:47
Süýt hakynda maglumatlar

Süýt adam bedeni üçin peýdaly önümleriň biri hasaplanýar. Ol süňkler dişleriň, bedeniň kesele garşy durujylyk ukybyny - immuniteti berkidýär, aşgazanyň iýmit siňdirşine, nerw ulgamlaryna peýdaly täsir edýär, ýürek saglygyny, ukyny kadalaşdyrmaga, saçlaryň we dyrnagyň kadaly ösmegine köp taraplaýyn oňyn täsir edýär. Süýt kalsä baý önümdir.
Çaklamalara görä, süýdi içgi hökmünde ýewropalylar 900 müň ýyl ozal ulanyp başlapdyrlar. Süýtden taýarlanan önümler has soň XVI asyryň ahyrlarynda oýlanylyp tapylypdyr. Olara gatyk, süzme, gaýmak, gurt, çal, peýnir we şuňa meňzeş süýt önümleri degişlidir.
Süýdüň düzümi suwdan, ýagdan, belokdan, laktozdan, demirden we beýleki peýdaly elementlerden, fermentlerden ybaratdyr. Ýaglylygy 2.5 göterim bolan 100 gram süýtde 2.9 gram belok, 2.5 gram ýag, 2.8 gram uglewod, 0.1 gram kislota bardyr. Süýdüň gaýnama derejesi takmynan 100.2 gradusa, doňma temperaturasy bolsa - 0.570 gradusa barabardyr.
Adatça, uly ýaşly adamlara 300-400 millilitr, çagalara bolsa 200 millitr süýt içmeklik maslahat berilýär. Dowamly süýt içmek böwrekde daş emele gelmegini 20 göterim azaldyp bilýär. Süýdi, adatça iýmitleneniňden 2 sagat öň ýa -da soň içmelidir.
Süýt we süýt önümlerini garaňky we sowuk ýerde saklap, üstüni howa geçer ýaly we arassa durar ýaly hasa bilen ýapmak maslahat berilýär.
Süýt önümlerni ak saçly ene- mamalarmyz, elinden dür dökülýän gelin - gyzlarmyz ussatlyk bilen taýýarlaýarlar. Häzirki ajaýyp zamanamyzda süýt we süýt önümleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli künjeklerinde elin hem-de taýyn görnüşde azyk senagat pudaklarynda elýeter bahalardan alyjylara hödürlenýär.


Taýýarlan Arzuw ŞAÝYMOWA
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport źurnalistikasy hünäriniʼn talyby.
41
92
Lilia_
28 Oktýabr 2023
@altyyeva, 💙
Lilia_
28 Oktýabr 2023
@Kmg gurt, minnetdar sizede😊
altyyeva
28 Oktýabr 2023
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.