ArslanYazly
ArslanYazly
10.12.2022 21:54
Ysytma - tipiki patologiki hadysa bolup, pirogen maddalaryň täsirinde döreýär we bedeniň gyzgynlygynyñ ýokarlanmagy hem-de ýylylyk sazlanyşygynyñ üýtgemegi bilen häsýetlendirilýär. Islendik tipiki
ArslanYazly
01.10.2022 23:46
Akyl dişi näme? Akyl dişi nähili sogrulýar? Akyl dişleri iň soňky çykýan 3nji uly azy diş bolup, her äñde 2, jemi 4 sany akyl diş bolýar. Äñiñ arka tarapyndaky akyl dişler, köplenç äñiñ gurluşyna uýgunlaşmaýar, köp adamda agry, çiş emele gelýär we oňaýsyzlyk döredýär. Şol sebäpli akyl dişleri sogurmaly ýa-da operasiýa arkaly aýyrmaly bolýar. Bu meseleler, akyl dişleriň çykmagy üçin äñde ýeterlik ýeriň ýoklugy bilen ýüze çykýar. Ol döredýän agyr agrydan başga-da, äñiñ gurluşynyň bozulmagyna we goñşy dişleriniň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Şol sebäpli, akyl dişleriniň çykyp başlamagy bilen stomatolog lukmany bilen maslahatlaşyp, gözegçilikden geçmek peýdalydyr. Äñ gurluşy laýyk gelýän adamlarda akyl dişleri aýyrmagyñ zerurlygy ýokdur. Käbir ýagdaýlarda akyl dişleri laýyk gelmeýän äñ gurluşy sebäpli ýalñyş ugurda çykmagy bilen diş etlerinde gömük ýagdaýda galyp biler we şeýlelikde daşardan seredeniňde görünmezligi mümkin. Gömük akyl dişleri, adatça döredýän agyrylary bilen özlerini görkezýärler. Äñiñ we dişiň gurluşyna ýaramaz täsir etmezlik we çiş ýaly islenmeýän näsazlyklaryñ öňüni almak üçin yzygiderli diş barlagy geçirilmelidir. Dişleriň yzygiderli gözden geçirilmegi bilen, akyl dişleriniň çykmagy we ösüşi yzarlanyp bilner, negatiw ýagdaýlarda bolsa, dişler agyz we diş saglygyna zyýan bermezden stomatolog tarapyndan aýrylyp bilner.
Akyl dişi!
Akyl dişleri näme we näçe sanysy bar? Dişleriň ösüşi bäbeklikde 6 aýdan 3 ýaşa çenli tamamlanýan, aşakda 10, ýokarda 10, jemi 20 sany süýt dişlerden başlaýar. Soň bolsa, 9-10 ýaşdan başlap süýt dişleri kem-kemden gaçýar we ýerini hemişelik dişlere goýýar. Jemi 32 sany bolmaly hemişelik dişleriň 28-si çagalyk we irki ýetginjeklik döwründe tamamlanýar. Galan 4 sany molýar diş bolsa ýokarky we aşaky äñleriñ iñ soñundaky akyl dişleridir. Adatça 20 ýaş töwereginde çykýan bu dişler sagdyn çykyp bilmeýär. Gömük ýa-da ýarym gömük şekilde bolup, diş ýaýynda ýeterlik ýeriñ ýoklugy sebäpli, goñşy dişleriň zeperlenmegi we agry ýaly ýakymsyz netijeleri getirip biler. Bu dişler, äñ gurluşy laýyk we akyl dişleri üçin azylaryñ arkasynda ýeterlik çykyş meýdany bar bolan adamlarda hiç hili kynçylyk döretmeýär. Şeýle-de bolsa, uzakda ýerleşýän akyl dişleri, agyz we diş arassaçylygyny yzygiderli ýerine ýetirýän adamlarda-da ýeterlik derejede arassalanyp bilmez. Şeýle sebäplere görä, käbir ýagdaýlarda akyl dişleri sogrulmaly ýa-da gömük bolan ýagdaýlarynda operasion usul bilen aýyrmaly bolýar.
Akyl dişleriniň alamatlary nämeler? Diş etinde ýeterlik ýer tapyp bolmalysy ýaly çykyp bilýän akyl dişler sagdyn ösýär we oňaýsyzlyk alamatlaryny döretmeýär. Ýöne adamlaryň köpüsiniň akyl dişleri ýeterlik ýeriň ýoklugy sebäpli kynçylyk döredýär. Akyl dişleriniň çykmagy ýa-da gömük ýagdaýda duran wagtynda döräp bilýän umumy alamatlar: Dişlerde we diş etlerinde agyry, Diş etiniň duýgurlygy, Äñ we gulaga berýän agry, Limfa düwünleriniñ çişmegi, Kelle agyry, Agzyňdaky ys, Çeýnän wagtyňyz agry duýmak; 17-25 ýaş aralygyndaky adamlarda şeýle alamatlaryň köpüsi akyl dişleri we bu dişler sebäpli ýüze çykýan komplikasiýalar sebäp bolýar. Şonuň üçin bu şikaýatlary başdan geçirýän adamlar diş lukmanlaryna ýüz tutmalydyrlar.
Akyl dişlerini nädip aýyrmaly? Gömük, ýarym gömük ýa-da gysylşan dişler, diş eti dokumasynyň çişmegi (perikoronit), iýmit üýşmegine bagly agyz ysy, diş çüýrükleri, goňşy dişleriñ köklerinde we syrçasynda dokumanyň ýitirilmegi (rezorbsiýa) ýaly dürli agyz we diş näsazlyklaryna sebäp bolup biler. Şol sebäpli ýarym gömük we gömük dişlerden başga-da, dogry ugurda çyksa-da, agyzda gysylma sebäp bolýan akyl dişleri aýrylmalydyr. Akyl dişleri nädip aýyrmalydygyny rentgen suratyna seredip stomatolog lukmany karar bermeli bolýar. Dogry burçdan çykan, gysylşyk ýa-da karies ýaly gaýraüzülmeler sebäpli sogrulmaly akylly dişler, beýleki dişler ýaly sogrulyp bilner. Bu ýagdaýda hirurgiki operasiýa zerur däl. Ýöne, meseleli akyl dişleriniň gaty az bölegini bu görnüşde çykaryp bolýar. Ýöne köp bölegi hirurgiki operasiýalar arkaly aýrylýar!
34
8 340
ArslanYazly
ArslanYazly
25.09.2022 16:03
Näme üçin köpräk suw içmek möhüm? Bedenimiziň takmynan 70 göteriminiň suwdan emele gelýändigini göz öňünde tutsak, suwuň näme üçin möhümdigi belli bolýar. Onda suwuň peýdalary näme? Suwuň saglygyňyza
ArslanYazly
25.09.2022 14:57
Gaýnaglama – tipiki patologiki hadysa bolup, patogen (flogogen) faktorlaryň täsirinde bedeniň dokuma-damar ulgamynda döreýän we alterasiýa, ekssudasiýa, proliferasiýa komponentleri bilen ýüze çykýan çylşyrymly reaksiýadyr.
Gaýnaglama (sowuklama)
Gaýnaglamanyň sebäpleri Gaýnaglamany döredýän sebäplere flogogen faktorlar diýilýär, olar iki topara bölünýär. 1. Daşky sebäpler- mikrobedenjikler (bakteriýalar, wiruslar, kömelekler, ýönekeýler); biologiki zäherli maddalar; himiki (turşular, aşgarlar); mehaniki (del bedenjikler, gysylma, ýyrtylma, basylma, urgy); fiziki (termiki, elektriki, şöhle täsirleri). 2. Içki sebäpler- tromb, ganöýme, dokuma dargamasynyň önümleri, öt we peşew daşlary, duzlar, antigen-antitelo birleşmeleri we beýlekiler.
Gaýnaglamanyň ýerli alamatlary. Gyzarma (rubor) Ýerli gyzgyn (calor) Çiş (tumor) Agyry (dolor) Synalaryñ işjeñliginiñ bozulmagy ( funktio laesa)
Gyzarma gaýnaglama ojagynda arterial giperemiýanyň we wenoz ganyň “arterializasiýasy” netijesinde ýüze çykýar. Yerli gyzgyn –madda çalşygynyň we ganyň ýylylygynyň (gyzgynlygynyň) ýokarlanmagy hem-de pirogenleriň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Agyry- nerw uçlarynyň dürli biologiki işjeň maddalar (gistamin, serotonin, bradikinin we beýlekiler) tarapyndan gyjyndyrylmagy, mehaniki dartgynlylygyň ýokarlanmagy, dokumalaryň ekssudat arkaly gysylmagy netijesinde ýüze çykýar. Çiş ekssudasiýanyň netijesinde döreýär. Synalaryñ işjeñliginiñ bozulmagy gaýnaglama geçýän synanyň neýroendokrin sazlanşygynyň bozulmagy, güýçli agyry, gurluş bozulmalaryň esasynda ýüze çykýar. Gaýnaglamanyň umumy alamatlary 1.Ganda leýkositleriň mukdarynyň üýtgemegi. Köplenç leýkositoz bolýar, leýkopeniýa has seýrek (wirus tebigatly gaýnaglamalarda ) duş gelýär. 2. Ysytma (gyzzyrma) 3.Ganyň belok düzüminiň üýtgemegi. 4. Ganyň ferment düzüminiň üýtgemegi 5. Eritrositleriň çöküş tizliginiň ýokarlanmagy . 6. Ganyň gormon düzüminiň üýtgemegi. 7. Immun ulgamynyň üýtgemegi we bedeniň allergizasiýasy 8. Gaýnaglama ojagy patologiki reflekisleriň çeşmesi bolup durýar. (mysal üçin, holesistitde stenokardiýanyň döremegi, appendisitde ýüregiň aritmiýasy) Bedende köplenç intokasiýa döreýär.
Gaýnaglama geçiş häsiýeti boýunça ýiti we hroniki bolýar. Ýiti gaýnaglama birnäçe günden, birnäçe hepdä çenli dowam edýär. Köplenç alteratiw, ekssudatiw gaýnaglamalar ýiti geçýär. Hroniki gaýnaglamalar dowamly geçýär (köp wagtlap) we distrofiki hem-de proliferatiw hadysalar has aýdyň ýüze çykýar. Gaýnaglamanyň gorag häsiýetleri Gaýnaglama gorag hökmünde belli bir ýerde geçýär (limfa, gan gelip-gidişi kesilýär, leýkositar infiltrasiýa we beýlekiler), kadaly dokumadan çäklendirilýär, bedene ýaýramaýar (ekssudat); Gaýnaglamanyň çäklendirme häsiýeti bilen birlikde, gaýnaglama ojagynda inaktiwasiýa üçin şert döreýär. Gyjyndyryjylar fagositoz, fermentoliz, immun sitolozi we beýlekiler arkaly zyýansyzlandyrylýar; Gaýnaglama ojagyndan dürli gyjyndyryjylaryň we dokuma dargamasynyň önümleriniň daşky gurşawa çykmaklygyna mümkinçilik döreýär; Gaýnaglama ojagynda bedeniň dürli mahsus we mahsus däl gorag güýçleriniň işe girişmegine şert döreýär.
24
6 165
ArslanYazly
28.08.2022 04:32
Aziz Sancar kim?

Aziz Sancar, 1946-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda doglan türk akademigi, biohimik, molekulýar biolog we alym.

1946-njy ýylda Mardiniň Savur etrabynda, orta girdejili daýhan maşgalasynyň sekiz çagasynyň ýedinjisi bolup dünýä geldi. Başlangyç we orta mekdep bilimini Mardinde tamamlady. Orta mekdep ýyllarynda futbol bilen gyzyklandy, ýöne soñky synpda futbolçy bolmakdan ýüz öwürdi we ýokary bilim almak üçin Stambula gitdi.



Stambul uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetine 1963-nji ýylda girdi we 1969-njy ýylda birinjilik bilen gutardy. Iki ýyl Savurdaky saglyk öýünde lukman bolup işläninden soň, ilki Jon Hopkins uniwersitetine, soň bolsa Dallasdaky Tehas uniwersitetine NATO-TUBITAK stipendiýasy bilen gitdi we uniwersitetiň molekulýar biologiýa programmasyna we Kaud Rupertiň laboratoriýasyna gatnaşdy. Sancar bu laboratoriýada geňeşçisi Klod Rupert bilen fotoliaza atly geni klonlady we genetiki inženerçilik bilen bakteriýalarda ýokary derejede köpeltdi. Bu gen bilen kodlanan ferment ultramelewşe yşyklar bilen zeperlenen DNK-ny bejerýär. Bu oýlap tapyş Dr. Sancara magistr derejesini, soňra bolsa doktorlyk derejesini almaga mümkinçilik berdi (1977 ý).



Sancar 1977-1982-nji ýyllar aralygynda Yale uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetinde işledi. Bu döwürde ol fotoliaza ferment gözleglerini togtatdy we nukleotid kesim oñaryş işlerine başlady. DNK oñaryşy ugrunda dosentlik dissertasiýasyny tamamlady. DNK bejergisi, öýjük düzülimi, rak keseliniñ bejergisi we biologiki sagat boýunça işlerini dowam etdiren Sancar, 415 ylmy makala we 33 kitap çap etdi. Sancar, sirkad sagadyny rak keselini bejermekde ulanandygy üçin baýrak aldy. 2001-nji ýylda Sancar Amerikan himiýa jemgyýeti tarapyndan berlen Demirgazyk Karolinanyň tapawutly himiýa baýragy bilen sylaglandy. 2005-nji ýylda bolsa bilim dünýäsiniñ iñ abraýly agzalyklarynyñ biri bolan ABŞ Milli Bilimler Akademiýasyna saýlanan ilkinji amerikaly türk boldy. Bu baýragy alandan soň, aýaly bilen ABŞ-da okaýan türk talyplaryna we türk-amerikan gatnaşyklaryny gowulaşdyrmak üçin Aziz & Gwen Sancar gaznasyny döretdi we ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda "Karolina Türk öýi" atly talyp myhmanhanasyny açdy. 2006-njy ýylda Türkiýe Ylymlar akademiýasynyň doly ygtyýarly agzasy saýlandy.



Sancar, amerikaly Paul Modrich we şwesiýaly Thomas Lindahl bilen DNK-ny oñarmak boýunça alyp barýan işleri üçin 2015-nji ýylda Nobel himiýa baýragyna laýyk görüldi. Bu üç gözlegçi 30 ýyldan gowrak wagt bäri biri-birinden garaşsyz we esasan hem bakteriýa öýjüklerinde işleýär. Sancar nukleotid kesim oñaryş ugrunda açyşlar etdi, Thomas Lindahl we Paul Modrich bolsa beýleki DNK oñaryş mehanizmleri bolan käbir kesim oñaryşy we gabat gelmedik oñaryş işlerini tapdylar. Ýagtylandyrdyklary esasy mehanizmler soňra adamlary hem öz içine alýan çylşyrymly organizmlerde görkezildi. Mysal üçin, nukleotid kesim oñaryş bozuklyklary bilen deri raklarynyñ arasynda gönüden-göni sebäpler tapyldy. Sancara, Alfred Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda geçirilen dabarada Şwesiýa Korollyk Ylymlar akademiýasy tarapyndan himiýa boýunça Nobel baýragy berildi. Bu baýrak Şwesiýa karoly XVI Carl Gustaph tarapyndan berildi. Sancar: “Meniñ bu baýragy almagyma Atatürk bilen Türkiýe Respublikasynyň bilim öwrülişigi sebäp boldy. Şonuň üçin bu baýragyň eýesi Atatürk we Anıtkabir muzeýidir" diýip Nobel baýragy bilen medalyny we şahadatnamasyny Anıtkabire gowşurdy. Baýrak, Anıtkabirdäki Atatürk we Garaşsyzlyk urşy muzeýinde ýörite meýdançada görkezilýär.



Şahsy durmuşy:

Türkiýe we ABŞ raýatlygyna eýe. Biohimiýa professory Gwen Boles Sancar bilen öýlenen.

Baýraklar we üstünlikler:

ABŞ Milli Bilim Gaznasy (National Science Foundation) ýaş gözlegçi baýragy (1984)

Amerikan fotobiologiýa jemgyýetiniñ baýragy (1990)

ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyñ baýragy (1995)

TUBITAK bilim baýragy (1997)

Amerikan Sungat we Ylymlar akademiýasy baýragy (2004)

ABŞ-nyň Milli Ylymlar akademiýasynyň agzasy (2005)

TÜBA (Türk Ylymlar akademiýasy) agzasy (2006)

Vehbi Koç baýragy (2007)

Himiýa boýunça Nobel baýragy (2015)

Aziz Sancar biografiýasy!


25
1 915
ArslanYazly
21.08.2022 17:42
Kitap okamagyň akyl saglygy üçin peýdalary!

Kitap okamak hem beden hem-de akyl saglygy üçin peýdalydyr. Bu makalada kitap okamagyň birnäçe peýdalary barada gysgaça maglumatlara ýer berdik! Okap lezzet alarsyñyz diýip umyt edýärin!



Okamak beýniniň baglanşygyny güýçlendirýär:

Gözlegçiler MRI görkezijilerini ulanyp, okamagyň beýnimizdäki çylşyrymly zynjyrlary we signallary güýçlendirýändigini tassykladylar. Okamak ukybyňyz ýokarlandygyça bu zynjyrlar has hem güýçlenýär we çylşyrymlaşýar. 2013-nji ýylda geçirilen barlagda, bir roman okamagyň beýnimize täsirini ölçemek üçin funksional MRI skanerleri ulanyldy. Barlaga gatnaşyjylar "Pompeii" romanyny 9 günläp okadylar we hekaýadaky dartgynlylygyň artmagy bilen beýniniň köp ýerleriniň işjeňleşýändigi synlandy. Beýni skanerleri, okama wagtynda we ondan soňky günlerde, esasanam hereket we agyry ýaly fiziki duýgulara jogap berýän beýniniň somatosensor korteksinde beýin baglanyşygynyñ ýokarlanýandygyny görkezdi.

Kitap okamagyň peýdalary!


Duýgudaşlygy artdyrýar:

Barlaglar, kitap okaýan adamlaryň başgalaryň duýgularyna we ynançlaryna düşünmek meselesinde duýgudaşlyk ukyplaryny ýokary  derejede ösdürýändigini görkezdi. Gözlegçiler bu ukyby "akyl teoriýasy" diýip atlandyrýarlar. Edebi çeper edebiýatyň ýekeje gezek okalmagy bu duýgyny oýandyryp bilmeýän hem bolsa, gözlegler çeper edebiýaty uzak wagtlap okaýanlaryň has ösen akyl teoriýasyna eýe bolýandygyny görkezýär. 



Söz baýlygyny gowlandyrýar: 

Gözleglere görä, ýaşlykdan başlap dowamly kitap okaýan okuwçylar kem-kemden söz baýlygyny ösdürýärler. Söz baýlygy adaty synaglardan alnan ballardan başlap, uniwersitete giriş we iş mümkinçiliklerine çenli durmuşyň köp ugurlaryna täsir edip biler. Kitap okamak göçme manyda ulanylyp bilinjek sözleri hem öwrenip söz baýlygynyñ ösmegine ýardam berýär.



Ýaşa bagly zehin işjeñliginiñ peselmeginiň öňüni alýar:

Garradygyñça zehini meşgul ýagdaýda saklamak üçin kitap we žurnal okamak maslahat berilýär. Barlaglar, her gün kitap okaýan we matematika meselelerini okap çözýän garry adamlaryň zehin funksiýalaryny goraýandyklaryny we gowlaşdyrýandygyny görkezýär. Bütin ömründe zehin taýdan höweslendiriji çäreler bilen meşgullanýan adamlaryň demansly adamlaryň beýnisinde tapylan ýaralary, tau belogynyň nyşanlarynyñ ösmek ähtimallygynyñ pesdigi bellendi.



Stresi peseldýär:

2009-njy ýylda gözleg topary meditasiýa, ýoga we okamagyň okuwçylaryň stres derejesine täsirini ölçediler. Gözleg, 30 minutlyk okamagyň gan basyşyny, ýürek urgusyny we psihologiki kynçylyk duýgularyny ýoga we meditasiýa ýaly täsirli derejede peseldendigini ýüze çykardy.



Uklamagy ýeñilleşdirýär:

Adaty uky düzgüniniň bir bölegi hökmünde kitap okamak maslahat berilýär. Iň oňat netijeler üçin ekranda okamagyň ýerine çap edilen kitaby saýlamaly, sebäbi enjamyňyzdan çykýan yşyk sizi ukudan saklap bilýär we beýleki islenilmeýän saglyk meselelerine sebäp bolup bilýär. Geçirilen gözlegler, çap kitaplaryny okaýan adamlaryň düşünje testlerinde has ýokary bal alýandyklaryny we şol bir materialy elektron görnüşde okaýanlara garanyňda has köp ýatlaýandyklaryny görkezdi. Munuň sebäbi adamlar çap edilen teksti elektron mazmuny okanyndan has haýal okaýarlar. Şeýle hem, uklamakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, lukmanlar ýatylýan otagyňyzdan başga ýerde okamagy maslahat berýärler. 



Depressiýanyň alamatlaryny peseltmäge kömek edýär:

Okamak, içki dünýäňizden wagtlaýynça gaçmaga we gahrymanlaryň hyýaly tejribelerine baş goşmaga mümkinçilik berýär. Fantastiki bolmadyk şahsy ösüş kitaplary, depressiýanyň alamatlaryny dolandyrmaga kömek edip biljek strategiýalary öwredip biler.


34
6 137
ArslanYazly
18.08.2022 18:24
Uky gigiýenasy näme? Ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmaly?
Uky gigiýenasy näme?
Uky, beden we akyl saglygy üçin aýrylmaz zerurlyklaryň biridir. Ukynyň kömegi bilen janly-jandarlar energiýasyny tygşytlamak bilen fiziki we akyl işjeňligini saklaýarlar. Uky wagtynda organizmdäki ähli ulgamlar haýallaýar we tebigy dynç alyş prosesi başlaýar. Goýberilýän melatonin ýaly gormonlar erkin radikallara garşy göreşip, immuniteti ýokarlandyrýar. Öýjükleriň köpüsi, esasanam immun ulgamynyñ öýjükleri uky wagtynda täzelenýär we abatlanýar. Şonuň üçin ýokary hilli uky sagdyn durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Ýöne gündelik durmuşdaky käbir endikler adamlaryň gijeki ukusyna täsir edip biler we köp adamyň irden ýeterlik derejede dynç almazdan oýanmagyna sebäp bolup biler. Uky gigiýenasy barada bilmek, ýokary hilli uky prosesine kömek edýär. "Uky gigiýenasy näme?" "Ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmaly?" ýaly soraglara jogap almak üçin makalamyzyň galan bölegini okap bilersiňiz!
Mazmuny: Uky gigiýenasy näme? Uky gigiýenasy näme üçin bozulýar? Ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmaly?
Uky gigiýenasy näme? Ylmy gözleglere görä, adamyň gündelik energiýasyny gaýtadan dikeltmegi we adaty şertlerde sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ukuda sarp edilýän wagt takmynan 7-8 sagat bolmaly. Ukynyň dowamlylygy ýaşyna, işine we jynsyna görä üýtgäp biler. Hil taýdan uky sagdyn durmuş üçin ukynyň dowamlylygy ýaly möhümdir. Uky fiziki zerurlyk bolansoň, ukusyz adamlar ganyndaky käbir himiki maddalarda tertipsizlikleri başdan geçirip bilerler, netijede ýadawlyk we ysgynsyzlyk ýaly saglyk problemalary ýüze çykyp biler. Ukynyň bozulmagy akyl saglygyna ýaramaz täsir edýär, netijede ünsi jemlemekde kynçylyk çekýär we iş netijeliligini peseldýär.
Uky gigiýenasy näme üçin bozulýar? Häzirki wagtda giňden ýaýran ukusyzlyk, köp fiziki we psihologiki saglyk problemalarynyň netijesinde ýüze çykyp biler we ukusyzlygyň özi hem köp saglyk meseleleriniň ösmegine sebäp bolup biler. Ukusyzlyk köplenç depressiýa we alada ýaly psihologiki meseleler sebäpli ýüze çykýar. Belli bir saglyk problemasyz ýüze çykýan ukusyzlyk ýa-da uky problemalary, uky gigiýenasy diýilýän çäreler bilen doly ýok edilip bilner. Onda uky gigiýenasy näme? Uky gigiýenasy yzygiderli we üznüksiz hilli uky üçin zerur ýörelgeler we düzgünler hökmünde kesgitlenip bilner. Giň manyda, uky gigiýenasyna, çilim we alkogol ýaly zyýanly endiklerden gaça durmak we ukynyň hiline zyýan ýetirýän, çaý we kofe ýaly ýokary kofeinli içgileri içmekden daşda durmak, maşk, sagdyn iýmitlenmek ýaly hereketleri ýerine ýetirmek diýip düşünip bolýar. Uky gigiýenasy ýokary hilli uky üçin zerurdyr.
Ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmaly? Ukynyň bozulmagy fiziki ýa-da akyl saglygy meselesi bilen baglanyşykly bolsa, ukusyzlygy döredýän saglyk meselesi bu ugurda hünärmen bolan lukmana ýüz tutmak arkaly ýok edilmelidir. Saglyk meselesi bilen baglanyşykly bolmadyk uky meselelerinde, käbir zatlardan gaça durmak, käbir endikleri kabul etmek ukynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edip biler. Onda ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmaly? Uky gigiýenasy baradaky käbir teklipleri aşakdaky ýaly sanap bolar: Uky sagatlarynyñ birmeñzeş bolmagy: Her gün şol bir wagtyň özünde uklamak we oýanmak ýokary hilli uky üçin örän möhümdir. Adamlaryň aglaba köplügi, ertesi gün işlemejek wagtlary dynç alyş günlerinde ukusyny üýtgedýärler. Emma bu ýagdaý uky we oýanyklygyñ deňagramlylygyny bozýar we ukynyň hiline ýaramaz täsir edýär. Uky gurşawyny düzgüne salmak: Adamlaryň ýatýan ýeri, ukynyň hiline täsir edýän esasy faktorlardan biridir. Uky ýagtylyk we ses ýaly daşarky gyjyndyrmalardan täsirlenip biler. Şol sebäpli uklamak üçin niýetlenen gurşawyň garaňky we sessiz bolmagy möhümdir. Mundan başga-da, gurşawyň çyglylygy we temperaturasy degişli aralyklarda bolmaly. Gaty yssy ýa-da sowuk otagda uklamak we REM ukusyny dowam etdirmek kyn bolup biler. Ylmy gözleglere görä, uky wagtynda otagyň temperaturasy 24 ° C-den pes bolmaly däldir! Krowaty diňe uklanýan material hökmünde ulanmak: Ylymda we tehnologiýadaky ösüşler bilen adamlaryň köpüsi, iş durmuşy we jemgyýetçilik zerurlyklary üçin internetde köp wagt geçirýärler. Bu ýagdaý käwagt ýatylýan otagda dowam edip biler. Ylmy gözleglere görä, ýatmazdan azyndan 30 minut öň tehnologiki enjamlary taşlamak uklamaga we ukyny sagdyn dowam etdirmeklige kömek edýär. Mundan başga-da, düşekde iýip-içmek we kitap okamak ýaly ýagdaýlar hem ukynyň hiline ýaramaz täsir edip biler. Şonuň üçin düşegi diňe uky üçin ulanylýan ýer diýip hasaplamak, ukynyň hilini ýokarlandyrmak üçin gowy usuldyr. Wagtly-wagtynda maşk etmek: Dowmaly maşk etmek, beden we akyl saglygyny goramakda möhüm rol oýnaýar. Dowamly maşk etmegiň oňyn täsirlerinden biri, ukynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Ylmy gözleglere görä, hepdede azyndan 4-5 gün 20-30 minutlyk maşklar etmek immuniteti ýokarlandyrýar we sagdyn uka kömek edýär. Ýatmazdan 3 sagat öň ýerine ýetirilen maşklar, uky fazasyna geçmegiň aňsat bolmagyny we REM ukusynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Maşk wagtynda adam bedeninde bölünip çykýan käbir gormonlar çuň we ýokary hilli uka kömek edýär. Iýmitleniş planyny düzmek: Günüň dowamynda aşa ýagly we uglewodly iýmitlenýän adamlaryň ganyndaky glýukoza derejesi birden ýokarlanyp düşýär. Bu gündiz wagty uka bolan mätäçligiñ artmagyna we gijelerine uklamagyň kynlaşmagyna sebäp bolup biler. Süýt we süýt önümlerine baý iýmitler bilen iýmitlenýän adamlarda uky meselesi az bolýar. Mundan başga-da, gök önümlere we miwelere baý iýmitler bilen iýmitlenmek ukynyň hiline oňyn täsir edýär. Agşam naharynyñ wagty hem iýmitleriñ düzümi ýaly wajypdyr.Ukudan azyndan 2-3 sagat öň islendik zady iýmek uklamagy kynlaşdyrýar. Eger gije açlyk duýulsa mümkin boldugyndan süýt we süýt önümlerini kabul etmeli! Zyýanly maddalardan daşda durmak: Alkogol we temmäki önümlerini ulanylmagy bilen ukynyň hiliniň arasynda ters baglanyşyk bar. Temmäki önümleriniň düzümindäki nikotiniň gyjyndyryjy täsiri ukynyň hiline ýaramaz täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde temmäki önümlerini ulanýanlaryň köpüsinde demgysma, üsgülewük we uky problemalary ýaly şikaýatlar bar. Alkogol hem uka ýaramaz täsir edýär. Aşa köp alkogol içýän adamlaryñ beýnisiniň işjeňliginiň ýaramazlaşmagy beýniniň uky böleginiň nädogry işlemegine sebäp bolup biler. Spirtli içgilerden soň rahat uklaýandyklaryny aýdýan adamlar, ukusynda beýleki adamlar bilen deňeşdirilende has köp oýanyp bilerler we ukusy yzygiderli kesilýändigi sebäpli irden özlerni has ýadaw duýup bilerler. Kafeinli içgileri çäklendirmek: Bedende başga bir gyjyndyryjy maddalaryñ biri hem kafeindir. Günüň dowamynda çaý we kofe ýaly ýokary kafeinli önümleri köp kabul edýän adamlarda uky meselesi köp bolýar. Stresi kontrolda saklamak: Stress köp saglyk problemalaryna sebäp bolup bilýän möhüm ýagdaýdyr. Uky bozulmalary bolan adamlara seretsek, olaryň köpüsiniň güýçli stresdedigi görünýär. Ylmy gözleglere görä, güýçli stresleri başdan geçirýän adamlarda ukynyň wagty gysgalýar, ukynyň hili we netijeliligi peselýär. Şol sebäpli zerur bolsa hünärmeniň kömegini alyp, stresi gözegçilikde saklamagyň usullaryny öwrenmeli. Aýdym-saz diňlemek, ýoga we plates ýaly maşklary ýerine ýetirmek stresi azaltmaga kömek edip biler. Goşmaça, uklamazdan ozal geçirilen dem alyş maşklary bedeniň kislorod kuwwatyny artdyryp, uklamagy aňsatlaşdyryp biler. Uky gigiýenasy ukynyň hilini ýokarlandyrmak üçin birnäçe maslahatlaryñ bütinligidir. Ukynyň bozulmagy dürli saglyk meselelerini döredip biler. Şol sebäpli uky bozulmalary bolan adamlaryñ maslahatlary ýerine ýetirmegi we wagt ýitirmezden hünärmen bilen maslahatlaşmagy özleri üçin peýdalydyr!
19
2 063
ArslanYazly
ArslanYazly
17.08.2022 22:50
Bu makalada: Grip(influenza) barada gysgaça düşünje; Gribiñ döreýiş sebäbi; Gribiñ alamatlary; Grip we dümewiň tapawudy; Gribiñ geçiş ýollary; Gribiñ bejergisi; Gripden goranmagyň ýollary; Sanjym
ArslanYazly
ArslanYazly
17.08.2022 15:07
Autizm —Çagalykda, esasan hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe onuň ruhy taýdan ösüşiniň binýady tutulyp, gylyk-häsiýetler toplumynyň emele gelmegi we kebşirlenmegi bolup geçýändir. Autizm keseliniň
ArslanYazly
ArslanYazly
16.08.2022 22:27
AIW (Adamyň Immunoýetmezçilik Wirusy) - bu adamyň immunitet ýetmezçiligini döredýän wirus. Bu ýokançlygyň netijesinde AIDS keseli döreýändir. Adamyň immunoýetmezçiliginiň wirusy 1983-nji ýylda AIDS