ArslanYazly
01.10.2022
Saglyk
128
8 340

Akyl dişi!

Akyl dişi näme? Akyl dişi nähili sogrulýar? Akyl dişleri iň soňky çykýan 3nji uly azy diş bolup, her äñde 2, jemi 4 sany akyl diş bolýar. Äñiñ arka tarapyndaky akyl dişler, köplenç äñiñ gurluşyna uýgunlaşmaýar, köp adamda agry, çiş emele gelýär we oňaýsyzlyk döredýär. Şol sebäpli akyl dişleri sogurmaly ýa-da operasiýa arkaly aýyrmaly bolýar. Bu meseleler, akyl dişleriň çykmagy üçin äñde ýeterlik ýeriň ýoklugy bilen ýüze çykýar. Ol döredýän agyr agrydan başga-da, äñiñ gurluşynyň bozulmagyna we goñşy dişleriniň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Şol sebäpli, akyl dişleriniň çykyp başlamagy bilen stomatolog lukmany bilen maslahatlaşyp, gözegçilikden geçmek peýdalydyr. Äñ gurluşy laýyk gelýän adamlarda akyl dişleri aýyrmagyñ zerurlygy ýokdur. Käbir ýagdaýlarda akyl dişleri laýyk gelmeýän äñ gurluşy sebäpli ýalñyş ugurda çykmagy bilen diş etlerinde gömük ýagdaýda galyp biler we şeýlelikde daşardan seredeniňde görünmezligi mümkin. Gömük akyl dişleri, adatça döredýän agyrylary bilen özlerini görkezýärler. Äñiñ we dişiň gurluşyna ýaramaz täsir etmezlik we çiş ýaly islenmeýän näsazlyklaryñ öňüni almak üçin yzygiderli diş barlagy geçirilmelidir. Dişleriň yzygiderli gözden geçirilmegi bilen, akyl dişleriniň çykmagy we ösüşi yzarlanyp bilner, negatiw ýagdaýlarda bolsa, dişler agyz we diş saglygyna zyýan bermezden stomatolog tarapyndan aýrylyp bilner.
Akyl dişi!
Akyl dişleri näme we näçe sanysy bar? Dişleriň ösüşi bäbeklikde 6 aýdan 3 ýaşa çenli tamamlanýan, aşakda 10, ýokarda 10, jemi 20 sany süýt dişlerden başlaýar. Soň bolsa, 9-10 ýaşdan başlap süýt dişleri kem-kemden gaçýar we ýerini hemişelik dişlere goýýar. Jemi 32 sany bolmaly hemişelik dişleriň 28-si çagalyk we irki ýetginjeklik döwründe tamamlanýar. Galan 4 sany molýar diş bolsa ýokarky we aşaky äñleriñ iñ soñundaky akyl dişleridir. Adatça 20 ýaş töwereginde çykýan bu dişler sagdyn çykyp bilmeýär. Gömük ýa-da ýarym gömük şekilde bolup, diş ýaýynda ýeterlik ýeriñ ýoklugy sebäpli, goñşy dişleriň zeperlenmegi we agry ýaly ýakymsyz netijeleri getirip biler. Bu dişler, äñ gurluşy laýyk we akyl dişleri üçin azylaryñ arkasynda ýeterlik çykyş meýdany bar bolan adamlarda hiç hili kynçylyk döretmeýär. Şeýle-de bolsa, uzakda ýerleşýän akyl dişleri, agyz we diş arassaçylygyny yzygiderli ýerine ýetirýän adamlarda-da ýeterlik derejede arassalanyp bilmez. Şeýle sebäplere görä, käbir ýagdaýlarda akyl dişleri sogrulmaly ýa-da gömük bolan ýagdaýlarynda operasion usul bilen aýyrmaly bolýar.
Akyl dişleriniň alamatlary nämeler? Diş etinde ýeterlik ýer tapyp bolmalysy ýaly çykyp bilýän akyl dişler sagdyn ösýär we oňaýsyzlyk alamatlaryny döretmeýär. Ýöne adamlaryň köpüsiniň akyl dişleri ýeterlik ýeriň ýoklugy sebäpli kynçylyk döredýär. Akyl dişleriniň çykmagy ýa-da gömük ýagdaýda duran wagtynda döräp bilýän umumy alamatlar: Dişlerde we diş etlerinde agyry, Diş etiniň duýgurlygy, Äñ we gulaga berýän agry, Limfa düwünleriniñ çişmegi, Kelle agyry, Agzyňdaky ys, Çeýnän wagtyňyz agry duýmak; 17-25 ýaş aralygyndaky adamlarda şeýle alamatlaryň köpüsi akyl dişleri we bu dişler sebäpli ýüze çykýan komplikasiýalar sebäp bolýar. Şonuň üçin bu şikaýatlary başdan geçirýän adamlar diş lukmanlaryna ýüz tutmalydyrlar.
Akyl dişlerini nädip aýyrmaly? Gömük, ýarym gömük ýa-da gysylşan dişler, diş eti dokumasynyň çişmegi (perikoronit), iýmit üýşmegine bagly agyz ysy, diş çüýrükleri, goňşy dişleriñ köklerinde we syrçasynda dokumanyň ýitirilmegi (rezorbsiýa) ýaly dürli agyz we diş näsazlyklaryna sebäp bolup biler. Şol sebäpli ýarym gömük we gömük dişlerden başga-da, dogry ugurda çyksa-da, agyzda gysylma sebäp bolýan akyl dişleri aýrylmalydyr. Akyl dişleri nädip aýyrmalydygyny rentgen suratyna seredip stomatolog lukmany karar bermeli bolýar. Dogry burçdan çykan, gysylşyk ýa-da karies ýaly gaýraüzülmeler sebäpli sogrulmaly akylly dişler, beýleki dişler ýaly sogrulyp bilner. Bu ýagdaýda hirurgiki operasiýa zerur däl. Ýöne, meseleli akyl dişleriniň gaty az bölegini bu görnüşde çykaryp bolýar. Ýöne köp bölegi hirurgiki operasiýalar arkaly aýrylýar!
gormegeyje
5 May 2024
Eger wagtyndan öň çyksa näme etmeli
ar92
8 Fewral 2024
Owrenmeli
mona
16 Noýabr 2023
Akyl disi hakyky mnde çykdy 4sem
mona
16 Noýabr 2023
Akyl disi hakyky mnde çykdy 4sem
yanger
30 Oktýabr 2023
Diş sowurtmak dogrymy sol barada maglymat berayin
yanger
30 Oktýabr 2023
Diş sowurtmak dogrymy sol barada maglymat berayin
kakageldiyewa
11 Oktýabr 2023
Akyl disi hakykymy?men ynanomok
ouat
6 Oktýabr 2023
It dişi baradada maglumat paýlaşaýyñda aýryp bolýamy ýa bolmaýanlygy barada?
bitdar
15 Sentýabr 2023
Salam agac
agac
14 Sentýabr 2023
Bilmeyan zatlarymy bidim. Shonun ucinem kop sag bol!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.