ArslanYazly
17.08.2022 22:50
Bu makalada: Grip(influenza) barada gysgaça düşünje; Gribiñ döreýiş sebäbi; Gribiñ alamatlary; Grip we dümewiň tapawudy; Gribiñ geçiş ýollary; Gribiñ bejergisi; Gripden goranmagyň ýollary; Sanjym maslahat berilýän toparlar barada maglumatlary siziñ dykgatyñyza ýetirýän. Gyzykly bolar diýip umyt edýän! GRIP (INFLUENZA) Lukmançylyk dilinde influenza diýlip hem tanalýan, influenza wiruslary sebäpli döreýän dem alyş infeksiýasydyr. Grip keseliniň sebäbi: Grip keseliniň döredijileri influenza A we influenza B wiruslarydyr. Influenza A wirusy adamlarda giňden ýaýran gripp keselini döredýär. Influenza A wirusy adamlarda, doňuz, guş, at ýaly haýwanlarda, influenza B bolsa diñe adamlarda kesel döredýär. Influenza A wirusynyň diňe haýwanlarda kesel döredýän görnüşleri hem bardyr. Iň meşhur mysal guş gribi. Soňky ýyllarda bu wirusyň adamlara hem ýokaşyp biljekdigi görkezildi. Bu ýagdaýlar az bolsa-da, uly ýokançlyklaryñ ýüze çykmagyna alada bildirilýär. Grip keseliniň alamatlary: Gribiñ alamatlary 1-2 gün inkubasiýa döwründen soň birden başlaýar. Adaty alamatlary: Gyzzyrma (38 - 41 ° C); Kelle agyry; Ýadawlyk duýgusy; Gury üsgülewük; Bokurdak agyry; Burun akmagy; Myşsa agyrylary; Gyzzyrma adatça 3-5 gün dowam edýär. Ýadawlyk we ysgynsyzlyk has uzak wagt dowam etmegine garamazdan, sagdyn adamlarda grip alamatlary bir hepde töweregi dowam edýär. Başga bir keseli, immun ýetmezçiligi bolanlar, ýaş çagalar we garrylar üçin uly howp döredip biljek gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler. Öýkende döräp biljek gaýraüzülmeler iñ köp duş gelýänleriñ hataryna girýär. Wirus ýa-da bakteriýalar sebäpli pnewmoniýanyň göni täsiri sebäpli pnewmoniýa gaýraüzülmesini görmek mümkin. GRIP we DÜMEWIÑ tapawudy: Köplenç garyşdyrylyp bilinýän iki dürli keseldir. Iki kesel hem wirus infeksiýasy bolsa-da, dürli wiruslar sebäpli ýüze çykýar. Dümewe sebäp bolýan 100-den gowrak wirus bar, şonuň üçin dümewi birnäçe gezek geçirip bolýar. Dümew bilen gribiñ arasyndaky iň möhüm tapawudy gripde gyzzyrmanyň bolmagy, dümewde bolmazlygy. Mundan başga-da, dümew aýak üstünde geçirilýän kesel bolup, grip bolsa näsaglaryň gündelik işlerine päsgel berip biljek derejede ýadawlyga sebäp bolup biler. Iki kesel hem burnuň akmagyna ýa-da dykylmagyna, bokurdak agyrysyna we üsgülewige sebäp bolup biler. GRIP KESELINIŇ GEÇIŞ ÝOLLARY Grip üsgürmek we asgyrmaklyk netijesinde kesel döredýän diri wiruslary göterýän damjalaryñ daş töwerege syçramagy arkaly ýaýraýar. Bu damjalar birnäçe sagat howada galyp, keseli adamlara geçirip biler. Şonuň üçin mekdep, iş ýerleri ýaly köpçülik ýerlerde adamlar howp astyndadyr. Mundan başga-da, syrkawyň elinden gapy tutawaçlary, telefon ýaly zatlara wirus saklaýan bölejikleriñ ýokaşmagy, olary hem başga bir adam eli bilen degip soň şol eli bilen agzyna, gözüne, ýüzüne, burnuna degmegi kesele sebäp bolup biler. Elleşip salamlaşmak, ogşamak, bir metrden az araçäkden gürleşmek möhüm geçiş ýollardyr. GRIP KESELINIÑ BEJERGISI Antibiotikler gribi bejermekde täsirli däl we köplenç gereksiz ulanylýar. Gereksiz antibiotik ulanmak bakteriýalarda immunitetiñ ösmegine sebäp bolýar, käbir infeksiýalaryñ bejergisini gijikdirýär we bejeriş çykdajylaryny ýokarlandyrýar. Kesel wagtynda ikinji derejeli bakterial infeksiýalar (gaýmorit, pnewmoniýa) ýüze çyksa, antibiotikleri ulanmalydyr. Grip bolan çagalara we ýetginjeklere Aspirin maslahat berilmeýär. Aspirin örän seýrek, ýöne howply "Reý sindromyna" sebäp bolup biler. Aspiriniñ ýerine dynç almak, köpräk suw içmek, analgetik dermanlar ulanmak maslahat berilýär. Netijede, gribi bejermekde dynç almak, köp mukdarda suwuklyk kabul etmek, analgetik derman serişdeleri we gyzgyny peseldiji dermanlar bilen simptomatiki bejergiler maslahat berilýär. Gaýraüzülmelere ýakyndan gözegçilik edilmeli we degişli derejede bejeriş işleri geçirmeli. Gribe garşy antiviral dermanlara başlamak karary lukman tarapyndan kabul edilmelidir. GRIPDEN GORANMAGYÑ ÝOLLARY Gripden goranmak üçin maslahat berilýän usul sanjymdyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy wirusyň üýtgemegine ýakyndan gözegçilik edýär we sanjymlaryň düzümi boýunça her ýyl maslahat berýär. Waksinanyñ düzümi her ýyl Bütindünýä saglyk guramasynyň tekliplerigöz öňünde tutulyp taýýarlanýar. Taýýarlanan sanjym bilen epidemiýada ýüze çykarylan wiruslar bilen antigen meňzeşligi bar bolsa, sanjym 50-80% goragy üpjün edip biler. Sagdyn ulularda sanjym bilen üpjün edilýän gorag antikor derejesiniň influenza A üçin 80% -den ýokarydygy habar berildi. Garrylarda gorag derejesi pes bolsa-da, gaýraüzülmeleri we ölüm derejesini peseldýändigi anyklandy. Epidemiýa demirgazyk ýarym şarda gyş aýlarynda ýüze çykýandygy sebäpli sanjym güýzüň başynda, ýagny sentýabr we oktýabr aýlarynda edilmelidir. Mundan başga-da, mart we aprel ikinji epidemiýa döwri bolansoň, sentýabr, oktýabr ýa-da noýabr aýlarynda sanjym edilmedikler gyş aýlarynda hem edip bilerler. Sanjym ýygy-ýygydan grip gaýraüzülmeleri köp görülýän, ýokuşdyrma ähtimallygy ýokary bolan kişilere, gripden goranmak isleýän 6 aýdan uly kişilere we ýumurtga allergiýasy bolmadyk adamlara maslahat berilýär. Sanjym maslahat berilýän toparlar: 50 ýaş we ondan ýokary kişiler; Garrylar öýünde ýa-da hroniki ideg edilýän saglygy goraýyş bölüminde ýaşaýan ähli ýaşdaky adamlar; Hroniki öýken we ýürek hassalary; Uzak möhletli aspirin bejergisi berilýän 6 aý-18 ýaş aralyk çagalar; Hroniki böwrek keselli hassalar; Süýji keseli bolanlar; Immun ýetmezçiligi ýa-da immuniteti basýan keseli bolan näsaglar (rak keselleri, SPID keselleri, organ transplantasiýasy edilenler, steroid alýanlar, himiýa terapiýasy ýa-da radioterapiýa alýanlar); Göwreli zenanlar; Lukmanlar, şepagat uýalary we beýleki saglygy goraýyş işgärleri;
23
442
RuníA
30 Awgust 2022
ArslanYazly, Sagboluň!
ArslanYazly
30 Awgust 2022
Köwser, 😊Serwi, geçmiş bolsun!
ArslanYazly
30 Awgust 2022
RUNÍA,Köwser, geçmiş bolsun!
RuníA
29 Awgust 2022
Ýakynda çykdym gripden , 👍🏻👍🏻👍🏻
ArslanYazly
29 Awgust 2022
Köwser, hmm iriñli diş agyrtýada näme etjek!?
ArslanYazly
27 Awgust 2022
CrAzY Girl, serýozny aýtýan!
Dusia
27 Awgust 2022
CrAzY Girl, menmi men barla ejekäm :) başlaýa nesip bolsa!
ArslanYazly
27 Awgust 2022
B.....,👍👍👍👍👍👍
ArslanYazly
27 Awgust 2022
CrAzY Girl, köpräk vitaminjik al immunitetiñi güýçlendir! Öñüni alyp başla şuwagtdan!

Dusia, eretme maşajyk!
Dusia
27 Awgust 2022
CrAzY Girl, bamyň ejekäm) gowmy ýagdaýlaryň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.