Antibiotik näme? Antibiotikler bakteriýalar we parazitler ýaly käbir mikroblardan döreýän ýokançlyklary bejermek üçin ulanylýan dermanlar toparyna berlen at. Antibiotik sözüniň doly manysy ýaşaýşa garşydyr. Antibiotiklere käwagt antibakterial ýa-da antimikrob hem diýilýär.
Antibiotikler häzirki günde suwuklyk, tabletka ýa-da kapsulalar hökmünde agyz ýoly bilen kabul edip ýa-da bedene sanjym edip bolýar. Adatça sanjym arkaly antibiotiklere mätäç adamlar agyr ýokançlyklary sebäpli keselhana ýerleşdirilenlerdir. Mundan başga-da, käbir deri ýokançlyklaryny bejermek üçin antibiotik kremler, melhemler, losýonlar bar.
Antibiotikleriň diňe bakteriýalardan we käbir parazitlerden döreýän ýokançlyklara garşy täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Parazit, başga bir janly-jandarda, ýagny öý eýesi ýa-da hojaýyny bilen ýaşamaly mikrobyň bir görnüşidir.
Käwagt wirus ýokaşmasy ýa-da ownuk bakterial ýokançlyklar ýüze çykanda ýagdaý has erbetleşýär we ikilenç bakterial ýokaşmasy ýüze çykýar. Bu ýagdaýda antibiotikleri ulanmak zerur bolup biler.
Antibiotikleriň köp we dürli görnüşleri tapyldy. Bu görnüşler dürli marka atlary bilen satylýar. Antibiotikler adatça täsir ediş prinsipine görä toparlanýar. Antibiotikleriň islendik görnüşi diýen ýaly bakteriýalaryň ýa-da parazitleriň käbir görnüşlerine garşy täsir edýär. Şonuň üçin dürli ýokanç keselleri bejermek üçin dürli antibiotikler ulanylýar.
Antibiotikler nähili täsir edýär?
Käbir antibiotikler bakteriýalary ýa-da parazitleri öldürmek arkaly täsir edýär. Şeýle antibiotikler bakteriýalaryň ýa-da parazitleriň öýjük diwarynyň gurluşyna päsgel bermek bilen öz täsirlerini ýetirýärler. Antibiotikleriň käbir görnüşleri bakteriýalaryň ýa-da parazitleriň ösüşini duruzmak arkaly işleýär.
Antibiotik ulanmagyň dowamlylygy nähili bolmaly?
Antibiotikler bilen bejerginiň dowamlylygy; Bu kesele, ulanylýan antibiotikiň görnüşine, ýagdaýyň agyrlygyna we bejerginiň nädip çalt jogap berjekdigine baglydyr. Peşew ýollarynyň ýokançlyklarynda antibiotikleriň ulanylmagy birnäçe gün dowam etse, pnewmoniýany bejermekde bir-iki hepde, süňk ýokançlyklaryny bejermekde birnäçe aý we düwürtikleri bejermek bolsa birnäçe aýlaryñ dowamynda dowam edip biler.
Antibiotikleri kimler ulanyp bilmez?
Islendik adamyň antibiotikleri kabul edip bilmezligi gaty seýrekdir. Adamlaryň bir antibiotigi kabul edip bilmezliginiň esasy sebäbi, geçmişde bir antibiotige allergiki reaksiýasynyñ ýüze çykmagydyr. Şunuñ bilen bilelikde, belli bir antibiotige allergiki reaksiýany geçiren hem bolsa, lukman şol näsagyň alyp biljek başga bir antibiotigini belläp biler.
Göwreli ýa-da ene süýdi bilen emdirýän aýallaryň kabul etmeli däl käbir antibiotikleri bar, ýöne saglygy goraýyş işgärleri bu ýagdaýy bolan hassanyň antibiotiklere mätäç bolan ýagdaýynda haýsy antibiotigiñ laýykdygyny maslahat bererler.
Käbir dermanlary ulanýan näsaglara bu dermanlar bilen negatiw täsir etjek antibiotikleri kabul etmezlik zerur bolup biler ýa-da antibiotik ulanylanda derman kabul etmegi bes etmeli bolup biler. Şol sebäpli näsaglar lukmanlara antibiotikleri bellänlerinde yzygiderli ýa-da şol döwürde ulanýan ähli dermanlary we goşundylary barada gürrüň bermeli.