ArslanYazly
10.12.2022 21:54
Ysytma - tipiki patologiki hadysa bolup, pirogen maddalaryň täsirinde döreýär we bedeniň gyzgynlygynyñ ýokarlanmagy hem-de ýylylyk sazlanyşygynyñ üýtgemegi bilen häsýetlendirilýär. Islendik tipiki patologiki hadysada bolşy ýaly, ysytmada hem zeperlenme we gorag ýüze çykýär.
Kadada ýylylyk sazlanyşyk reflektor amala aşyrylýar. Içki synalarda we deride ýüzleý reseptorlar bolup, olar daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgemegini kabul edýärler we gipotalamusda ýerleşýän ýylylyk sazlaýjy merkezine habar berýär, bu ýerde ýerleşýän neýronlar hem ýylylygy we sowuklygy duýgurlyga eýedir. Filogenezde biologiki görnüşleriň gyzgynlygy saklamak ukyby örän giç döredi. Ol kelle beýnisi gowy ösen haýwanlarda peýda bolýar. Şoňa laýyklykda ysytma diňe ýokary gomoýoterm haýwanlarda bar. Ysytma ýyrtyjylarda, aýratyn hem adamlarda has aýdyň ýüze çykýar.
Ysytmanyñ sebäpleri we geçişi
Ysytmanyň sebäpleri ýokanç we ýokanç däl bolup biler. Ysytma pnewmoniýada, dümewde, gyzzyrma keselinde we ş.m. iň häsiýetli alamatlaryñ biridir. Ysytma bedene ýokançlara degişli bolmadyk maddalaryň düşmeginde hem döräp biler, mysal üçin, beloklaryň we lipidleriň göýberilmeginde.
Pirogen maddalar. Pirogen maddalar – bedende emele gelen ýa-da oňa daşyndan düşüp ysytmany döredýän maddalardyr. Pirogen maddalar gelip çykyşyna görä daşky (ekzogen) (bakterial, bakterial däl) we içki (endogen) (leýkositar) toparlara bölünýar, täsiri boýunça ilkinji we ikilenji bolýarlar. Bedene düşen ilkinji pirogenler ysytmany döretmeýär, olar hususy öýjükler bilen belokly maddalaryň -ikilenji pirogenleriň emele gelmegine ýardam berýärler.
Ikilenji pirogenler, öz nobatynda ýylylyk sazlanyş merkezine täsir edip, ysytmany döredýärler. Şeýlelikde, ilkinji pirogenler - sebäp bolýär, ikilenji bolsa - dörediji. Ilkinji pirogenler - mikrob toksinleridir. Häzirki wagta gramotrisatel bakteriýalaryň endotoksinleri gowy öwrenildi. Olar lipid, polisaharid we belok böleklerden ybarat. Ysytmany döretmek ukyby lipid bölegi bilen bagly (lipid A).
XX¬-nji asyryň 50-nji ýyllarynda ysytmany döredip bilýän zähersiz emeli maddalary almak üçin köp barlaglar geçirildi. Emeli pirogenler klinikada bejeriş maksady bilen ulanylýar. Olara pirogenal, pireksal degişli. Adamda ysytmany döretmek üçin 1 kg bedeniň agramyna 1mkg golaý pirogenaly göýbermeli we parenteral ýol bilen göýberilende, 40-90 minutdan soň bedeniň gyzgyny ýokarlanýar we 6-8 sagat dowam edýär.
Ikilenji pirogenler leýkositlerde emele gelýär, şonuň üçin olar leýkositar pirogenler diýlip atlandyrylýar. Leýkositar pirogenleriň emele gelişine neýtrofil granulositler, dokumalara berkidilen we hereketli makrofagositler hem gatnaşýar. Leýkositar pirogenleriň emele gelişi leýkositleriň genomynda kodirlenen. Ilkinji (bakterial) pirogenleriň makro -we mikrofagositlere düşüp başlanyndan soň, leýkositar pirogenleriň emele gelişine başga maddalar hem gatnaşýar, esasan hem gormonlar. Antigen - antitelo birleşmesi leýkositar pirogenleriň emele gelmegini güýçlendirýär. Arassa görnüşde leýkositar pirogenli belok entek çykarylmady.
Ikilenji pirogenleriň täsiri indikiden ybarat. Leýkositlerde emele gelen maddalar kelle beýnisine geçip, öňki gipotalamusdaky neýronlara gös-göni täsir edýärler. Şu neýronlaryň öz bardalarynda mahsus reseptorlary bar. Olaryň pirogenler bilen galtaşmagy netijesinde adenilatsiklaz ulgamynyň işi güýçlenýär. Netijede öýjüklerde sikliki adenozinmonofosfatyň mukdary köpelýär, olar öz nobatynda, ýylylyk sazlaýjy merkeziniň neýronlarynyň sowuk we ýyly gyjyndyryjylara duýujylygyny üýtgedýärler. Ikilenji pirogenler ilkinjileriň (bakterial, bakterial däl)- tersine örän mahsusdyr. Olar ysytmanyň hakyky mediatorlarydyr.
Ysytma hadysasy üç döwürde geçýär. Birinji döwürde (stadium incrementi) bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar, ikinjide (st.fastigii) bedeniň gyzgyny birnäçe wagt ýokary derejede saklanýar, üçünjide (st.decrementi) bedeniň gyzgynlygy ilki başky derejesine çenli peselýär.
1. Bedeniň gyzgynlygynyñ ýokarlanmagy. Bu döwürde ýylylygyň emele gelmegi ýylylygyň çykarylyşyndan ýokarydyr. Bu ýerde ikisem üýtgeýär, ýöne esasy ýylylygyñ çykarylmagynyñ çäklendirilmegi bolýar. Ýylylyk çykarylyşynyñ peselmegi ýüzleý damarlaryň daralmagynyň, deriň bölünip çykarylyşynyň togtamagynyň, bugarmanyň peselmeginiň, netijesinde bolýar, “Gaz derisi” döreýär. Ysytmada bedeniň gyzgynynyñ ýokarlamagynda ýylylygyň emele gelmeginiň ýokarlanmagynyň hem ähmiýeti bar. Ol hem myşsalarda madda çalşygynyň güýçlenmegi bilen bagly. Ysytmada myşsalaryň tonusy ýokarlanýar we myşsalaryň sandyramasy ýüze çykýar. Myşsalaryň sandyramasy ýuzleý damarlaryň daralmagy bilen baglydyr. Ganyň gelmeginiň peselmegi netijesinde deriniň gyzgynlygy birnäçe gradus peselýär. Ýylylyk reseptorlar oýandyrylýar we üşütme döreýär. Şoňa jogap hökmünde ýylylyk sazlaýjy merkez hereketlendiriji neýronlara efferent impulslary iberýär, netijede sandyrama döreýär. Şonuň bilen bilelikde ýylylyk emele gelişi ýokarlanýar, ýagny bagyr, öýken, beýni ýaly synalarda ýylylyk emele gelýär. Bu bolsa dokumalarda nerwleriň trofiki täsiriniň netijesidir. Şonda fermentler işjeňleşýär, kisloroda bolan talap we ýylylygyň emele gelişi ýokarlanýar.
2. Ýokarlanan gyzgynlygyň saklanmagy. Ysytmanyň birinji döwründe gyzgynlyk kesgitli derejä çenli ýokarlanandan soň, ol birnäçe wagtyň dowamynda (sagat, gün) saklanýar. Soňra ýylylygyň çykarylmagynyň güýçlenmegi sebäpli gyzgynyň indiki ýokarlanmagy bes edilýär.
Ýylylygyň çykarylmagynyň ýokarlanmagy ýüzleý damarlaryň giňelmegi arkaly amala aşyrylýar. Gyzgynlygyñ ýokary derejede saklanmagy ýylylyk sazlaýjy merkeze leýkositar pirogenleriñ täsiri bilen düşündirilýär.
Ysytmanyň ikinji döwründe gyzgynyň ýokarlanma derejesi boýunça indiki görnüşleri tapawutlandyrylýar: subfebril – Selsiý boýunça 380 - çenli ýokarlanýar, aram (febril) - Selsiý boýunça 380 – 390 çenli, ýokary - Selsiý boýunça 390 – 410, giperpiretiki - Selsiý boýunça 410 we ondan hem ýokary. Gyzgynlygyň gije-gündiziň dowamynda üýtgemegi birnäçe şertler bilen kesgitlenýär. Olaryň arasynda pirogenleriň mukdary, ýylylyk sazlaýjy merkeziniň olara bolan duýujylygy örän möhümdir.
3. Bedeniň gyzgynlygynyň peselmegi. Pirogenleriň täsiriniň kesilmeginden soň ýylylyk sazlaýjy merkezi öňki ýagdaýa gelýär. Ýylylyk bedenden deriniň damarlarynyň giňelmegi, güýçli derleme we dem alşyň ýygylaşmagy arkaly bölünip çykarylýar. Gyzgynyň peselmegi kem-kemden, litiki (birnäçe gije gündiziň dowamynda) ýa-da çalt, kritiki bolup biler. Soňky halatda damarlaryň birden giňelmegi netijesinde, ýaşaýyş üçin howply bolan kollaps döräp biler.
Ysytmada synalardaky we ulgamlardaky döreýän üýtgeşmeler
Ysytmada has aýdyň bildirýän üýtgeşmeler gan aýlanyş ulgamynda bolup geçýär. Libermeýsteriň kanuny boýunça, gyzgynyň Selsiý boýunça 10 ýokarlanmagy pulsuň bir minutda 8-10 urgy ýygylaşmagy, (tahikardiýa) bilen utgaşýar. Ganyň urgy we minutlaýyn göwrümi ýokarlanýar. Ysytmanyň birinji döwründe arterial basyşy ýokarlanyp biler, deriniň damarlary daralýar, içki synalardaky damarlar bolsa giňelýar. Ysytmanyň üçünji döwründe gyzgynyň kritiki peselmeginde, arteriýalaryň tonusynyň birden peselmeginiň netijesinde kollaps döräp biler.
Ysytmada tahikardiýa hemişe bolmaýar. Gyzgynyň ýokarlanmagy bradikardiýa bilen hem geçip biler. Mysal üçin, garyn garahassalygy, gaýtalanýan garahassa – bular güýçli zäherlenme bilen geçýän keseller, şonda ýürege daşky (ekzogen) we içki (endogen) zäherleýji maddalar täsir edýär.
Ysytmanyň birinji döwründe daşky dem alyş biraz haýallanýar. Soňra gyzgyn iň ýokary derejesine ýetende dem alyş çaltlaşýar. Dem alşyň çuňlugy peselýär. Dem alşyň ýygylygynyň üýtgemegi, kelle beýnisindäki gyzgynyň ýokarlanmagynyň netijesinde bolýar.
Ysytmada iýmit özleşdiriş ulgamy aýdyň bildirýän üýtkeşmelere sezewar bolýar. Tüýküligiň bölünip çykarylmagy peselýar (dili gurak bolýar), aşgazan şiresiniň mukdary we turşulygy peselýar, işdäsi kesilýar.
Ysytma endokrin ulgamynyň üýtgeşmeleri bilen hem geçýar. Gipofiz – böwrek üsti mäz ulgamy işjeňleşýär, dartgynlylyk alamatlary ýüze çykýar. Ýokançly ysytmada galkan şekilli mäziň gormonlarynyň bölünip çykarylyşy ýokarlanýar, olam esasy çalşygy güýçlendirýär.
Ysytmada merkezi nerw ulgamynda oýanma we togtama hadysalaryň üýtgeşmeleri döreýär. Ysytmada esasy çalşyk ýokarlanýar. Dem alyş koeffisienti birlige ýakynlaşýar, olam uglewodlaryň, soňra bolsa ýaglaryň okslenmeginiň güýçlenendigini görkezýär. Ýaglaryň okislenmegi ahyrky önümlerine çenli geçmeýar, ganda keton bedenjikleri ýygnanýar. Peşew bilen aseton bölünip çykýar.
Käbir ýokanç kesellerde beloklaryň çalşygy bozulýar. Azot balansy otrisatel bolýar. Peşew bilen azot önümleriniň, aýratynam, moçewinanyň bölünip çykarylmagy ýokarlanýar. Olam beloklaryň dargamasynyň güýçlenendigini görkezýar. Emma bu ýagdaý hemişe ýüze çykmaýar.
Ysytmada suw- elektrolit çalşygy üýtgeyar. Birinji döwründe arterial basyşyň ýokarlanmagy, içki synalara ganyň baryşynyň güýçlenmegi zerarly peşewiñ bölünip çykarylyşy ýokarlanýar. Ysytmanyň ikinji döwründe aldosteronyň öndürilmeginiň güýçlenmegi zerarly dokumalarda natriý we suw saklanýar, peşewiñ bölünip çykarylyşy peselýär. Üçünji döwründe hloridleriň bölünip çykarylmagy, suwuň dokumalardan çykmagy, peşewiň we deriň bölünip çykarylyşy ýokarlanýar.

Ysytmanyň ähmiýeti
Ysytmanyň hem beýleki tipiki patologiki hadysalar ýaly zyýanly we peýdaly taraplary bar. Bedeniň ýokarlanan gyzgynlygy köp kesel döredijileriň (kokklar, spirohetalar, wiruslar) köpelmegine päsgel berýar. Poliomiýeliti döredýan wiruşyň köpelmegi Selsiý boýunça 40° togtaýar. Köp mikrobedenjikler 400 (gradusda) köpelip bilýär. Ýöne olaryň dermanlara durmuklylygy peselýar. Mysal üçin, inçekesel taýajyklarynyň sterptomisine bolan duýujylygy Selsiý boýunça 420 (gradusda) , Selsiý boýunça 370 (gradusa) garanyňda 100 esse ýokary bolýar.
Ysytma bedendäki bir topar hadysalara ähmiýetli täsir edýär: fagositozyň işjeňligi ýokarlanýar, antitelalaryň emele gelmegi güýçlenýär, interferonyň emele gelmegi ýokarlanýar. Ysytmanyň emeli togtadylmagy ganda neýtrofil granulositleriň mukdarynyň azalmagyna, makrofagal elementleriň işiniň peselmegine getirýar.
Häzirki wagtda bejeriş maksady bilen pirogenleriň ýokary derejede arassalanan serişdeleri (pirogenal) ulanylýar.
24
109
butterfly
12 Dekabr 2022
👍👍.....
Dusia
11 Dekabr 2022
ArslanYazly, bize degişli ÇKP
ArslanYazly
11 Dekabr 2022
dusia_maksatmyradowna, aý dagam size degişli ugurda
Dusia
11 Dekabr 2022
ArslanYazly, onda gowy eken, bize exam bar özäm 1-ja semestr okadyk
ArslanYazly
11 Dekabr 2022
dusia_maksatmyradowna, ýok! Bize zaçot öýtýän diñe!
Dusia
11 Dekabr 2022
ArslanYazly, İKP exam boldymy size
ArslanYazly
11 Dekabr 2022
dusia_maksatmyradowna, onda nämesini alada edýäñaý?!
Dusia
11 Dekabr 2022
ArslanYazly, da ýok indi gistologiýa boldow mikro 😂
ArslanYazly
11 Dekabr 2022
dusia_maksatmyradowna, UH, patfiz, patan!
ArslanYazly
11 Dekabr 2022
dusia_maksatmyradowna, hawa. Hümmedem ýokdur bu wagt
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.