ArslanYazly
25.09.2022
Saglyk
52
6 174

Gaýnaglama (sowuklama)

Gaýnaglama – tipiki patologiki hadysa bolup, patogen (flogogen) faktorlaryň täsirinde bedeniň dokuma-damar ulgamynda döreýän we alterasiýa, ekssudasiýa, proliferasiýa komponentleri bilen ýüze çykýan çylşyrymly reaksiýadyr.
Gaýnaglama (sowuklama)
Gaýnaglamanyň sebäpleri Gaýnaglamany döredýän sebäplere flogogen faktorlar diýilýär, olar iki topara bölünýär. 1. Daşky sebäpler- mikrobedenjikler (bakteriýalar, wiruslar, kömelekler, ýönekeýler); biologiki zäherli maddalar; himiki (turşular, aşgarlar); mehaniki (del bedenjikler, gysylma, ýyrtylma, basylma, urgy); fiziki (termiki, elektriki, şöhle täsirleri). 2. Içki sebäpler- tromb, ganöýme, dokuma dargamasynyň önümleri, öt we peşew daşlary, duzlar, antigen-antitelo birleşmeleri we beýlekiler.
Gaýnaglamanyň ýerli alamatlary. Gyzarma (rubor) Ýerli gyzgyn (calor) Çiş (tumor) Agyry (dolor) Synalaryñ işjeñliginiñ bozulmagy ( funktio laesa)
Gyzarma gaýnaglama ojagynda arterial giperemiýanyň we wenoz ganyň “arterializasiýasy” netijesinde ýüze çykýar. Yerli gyzgyn –madda çalşygynyň we ganyň ýylylygynyň (gyzgynlygynyň) ýokarlanmagy hem-de pirogenleriň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Agyry- nerw uçlarynyň dürli biologiki işjeň maddalar (gistamin, serotonin, bradikinin we beýlekiler) tarapyndan gyjyndyrylmagy, mehaniki dartgynlylygyň ýokarlanmagy, dokumalaryň ekssudat arkaly gysylmagy netijesinde ýüze çykýar. Çiş ekssudasiýanyň netijesinde döreýär. Synalaryñ işjeñliginiñ bozulmagy gaýnaglama geçýän synanyň neýroendokrin sazlanşygynyň bozulmagy, güýçli agyry, gurluş bozulmalaryň esasynda ýüze çykýar. Gaýnaglamanyň umumy alamatlary 1.Ganda leýkositleriň mukdarynyň üýtgemegi. Köplenç leýkositoz bolýar, leýkopeniýa has seýrek (wirus tebigatly gaýnaglamalarda ) duş gelýär. 2. Ysytma (gyzzyrma) 3.Ganyň belok düzüminiň üýtgemegi. 4. Ganyň ferment düzüminiň üýtgemegi 5. Eritrositleriň çöküş tizliginiň ýokarlanmagy . 6. Ganyň gormon düzüminiň üýtgemegi. 7. Immun ulgamynyň üýtgemegi we bedeniň allergizasiýasy 8. Gaýnaglama ojagy patologiki reflekisleriň çeşmesi bolup durýar. (mysal üçin, holesistitde stenokardiýanyň döremegi, appendisitde ýüregiň aritmiýasy) Bedende köplenç intokasiýa döreýär.
Gaýnaglama geçiş häsiýeti boýunça ýiti we hroniki bolýar. Ýiti gaýnaglama birnäçe günden, birnäçe hepdä çenli dowam edýär. Köplenç alteratiw, ekssudatiw gaýnaglamalar ýiti geçýär. Hroniki gaýnaglamalar dowamly geçýär (köp wagtlap) we distrofiki hem-de proliferatiw hadysalar has aýdyň ýüze çykýar. Gaýnaglamanyň gorag häsiýetleri Gaýnaglama gorag hökmünde belli bir ýerde geçýär (limfa, gan gelip-gidişi kesilýär, leýkositar infiltrasiýa we beýlekiler), kadaly dokumadan çäklendirilýär, bedene ýaýramaýar (ekssudat); Gaýnaglamanyň çäklendirme häsiýeti bilen birlikde, gaýnaglama ojagynda inaktiwasiýa üçin şert döreýär. Gyjyndyryjylar fagositoz, fermentoliz, immun sitolozi we beýlekiler arkaly zyýansyzlandyrylýar; Gaýnaglama ojagyndan dürli gyjyndyryjylaryň we dokuma dargamasynyň önümleriniň daşky gurşawa çykmaklygyna mümkinçilik döreýär; Gaýnaglama ojagynda bedeniň dürli mahsus we mahsus däl gorag güýçleriniň işe girişmegine şert döreýär.
numa
27 Mart 2023
Gadyrhan, ehonokok gurcuk dami
Gadyrhan
27 Mart 2023
Ehonokk keseli garsy name edmeli
Gadyrhan
27 Mart 2023
Ehonokk keseli garsy name edmeli
Myhman Myhman
27 Mart 2023
Kop.kesselerin.yagdayny.sorap.bolyamy
Myhman Myhman
7 Fewral 2023
Biraz sada dilde yazylsada govy boljakdy.👌Birem peydaly maslahatlar hem paylaşaýyň su hakda
Myhman Myhman
6 Fewral 2023
Namcun cisya
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
Aşgazan ümit siňdiriji organ barada aýtsaňyz kösenýänler üçin
Myhman Myhman
8 Yanwar 2023
Boyun onurgada azajyk çiş bolmagy sag elini tutuşlaýyn agyrtmagynyñ sebäplerini ýazayynda
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Salam
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Gowy ken üstunlik👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.