Kitap okamagyň peýdalary!
Kitap okamagyň akyl saglygy üçin peýdalary!
Kitap okamak hem beden hem-de akyl saglygy üçin peýdalydyr. Bu makalada kitap okamagyň birnäçe peýdalary barada gysgaça maglumatlara ýer berdik! Okap lezzet alarsyñyz diýip umyt edýärin!
Okamak beýniniň baglanşygyny güýçlendirýär:
Gözlegçiler MRI görkezijilerini ulanyp, okamagyň beýnimizdäki çylşyrymly zynjyrlary we signallary güýçlendirýändigini tassykladylar. Okamak ukybyňyz ýokarlandygyça bu zynjyrlar has hem güýçlenýär we çylşyrymlaşýar. 2013-nji ýylda geçirilen barlagda, bir roman okamagyň beýnimize täsirini ölçemek üçin funksional MRI skanerleri ulanyldy. Barlaga gatnaşyjylar "Pompeii" romanyny 9 günläp okadylar we hekaýadaky dartgynlylygyň artmagy bilen beýniniň köp ýerleriniň işjeňleşýändigi synlandy. Beýni skanerleri, okama wagtynda we ondan soňky günlerde, esasanam hereket we agyry ýaly fiziki duýgulara jogap berýän beýniniň somatosensor korteksinde beýin baglanyşygynyñ ýokarlanýandygyny görkezdi.
Duýgudaşlygy artdyrýar:
Barlaglar, kitap okaýan adamlaryň başgalaryň duýgularyna we ynançlaryna düşünmek meselesinde duýgudaşlyk ukyplaryny ýokary derejede ösdürýändigini görkezdi. Gözlegçiler bu ukyby "akyl teoriýasy" diýip atlandyrýarlar. Edebi çeper edebiýatyň ýekeje gezek okalmagy bu duýgyny oýandyryp bilmeýän hem bolsa, gözlegler çeper edebiýaty uzak wagtlap okaýanlaryň has ösen akyl teoriýasyna eýe bolýandygyny görkezýär.
Söz baýlygyny gowlandyrýar:
Gözleglere görä, ýaşlykdan başlap dowamly kitap okaýan okuwçylar kem-kemden söz baýlygyny ösdürýärler. Söz baýlygy adaty synaglardan alnan ballardan başlap, uniwersitete giriş we iş mümkinçiliklerine çenli durmuşyň köp ugurlaryna täsir edip biler. Kitap okamak göçme manyda ulanylyp bilinjek sözleri hem öwrenip söz baýlygynyñ ösmegine ýardam berýär.
Ýaşa bagly zehin işjeñliginiñ peselmeginiň öňüni alýar:
Garradygyñça zehini meşgul ýagdaýda saklamak üçin kitap we žurnal okamak maslahat berilýär. Barlaglar, her gün kitap okaýan we matematika meselelerini okap çözýän garry adamlaryň zehin funksiýalaryny goraýandyklaryny we gowlaşdyrýandygyny görkezýär. Bütin ömründe zehin taýdan höweslendiriji çäreler bilen meşgullanýan adamlaryň demansly adamlaryň beýnisinde tapylan ýaralary, tau belogynyň nyşanlarynyñ ösmek ähtimallygynyñ pesdigi bellendi.
Stresi peseldýär:
2009-njy ýylda gözleg topary meditasiýa, ýoga we okamagyň okuwçylaryň stres derejesine täsirini ölçediler. Gözleg, 30 minutlyk okamagyň gan basyşyny, ýürek urgusyny we psihologiki kynçylyk duýgularyny ýoga we meditasiýa ýaly täsirli derejede peseldendigini ýüze çykardy.
Uklamagy ýeñilleşdirýär:
Adaty uky düzgüniniň bir bölegi hökmünde kitap okamak maslahat berilýär. Iň oňat netijeler üçin ekranda okamagyň ýerine çap edilen kitaby saýlamaly, sebäbi enjamyňyzdan çykýan yşyk sizi ukudan saklap bilýär we beýleki islenilmeýän saglyk meselelerine sebäp bolup bilýär. Geçirilen gözlegler, çap kitaplaryny okaýan adamlaryň düşünje testlerinde has ýokary bal alýandyklaryny we şol bir materialy elektron görnüşde okaýanlara garanyňda has köp ýatlaýandyklaryny görkezdi. Munuň sebäbi adamlar çap edilen teksti elektron mazmuny okanyndan has haýal okaýarlar. Şeýle hem, uklamakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, lukmanlar ýatylýan otagyňyzdan başga ýerde okamagy maslahat berýärler.
Depressiýanyň alamatlaryny peseltmäge kömek edýär:
Okamak, içki dünýäňizden wagtlaýynça gaçmaga we gahrymanlaryň hyýaly tejribelerine baş goşmaga mümkinçilik berýär. Fantastiki bolmadyk şahsy ösüş kitaplary, depressiýanyň alamatlaryny dolandyrmaga kömek edip biljek strategiýalary öwredip biler.