ÝAZMURADOWNA
15.12.2019 11:29
Bu durmuşda 20 ýyly adam ýaly, 30 ýyly eşek, 15 ýyly it we 10 ýylam maýmyn ýaly ýaşap geçeris.
Hudaý eşegi ýaratdy we oňa şeýle diýdi:
,, Sen bir eşek. Irden agşama çenli hiç hili ýadaman, ýuwunman, arkaňdan agyr ýükleri daşap işlärsiň. Ot iýip akylsyz bir haýwan bolup, 50 ýyl ýaşarsyň".
Eşek şeýle jogap berdi:
,,Eý Allahym beýle durmuşda 50 ýyllap ýaşamak üçin gaty köp, maňa 20 ýyldan köp ýaşaýyş berme" diýdi we şeýle-de boldy.
Soňra Hudaý iti ýaratdy we oňa şeýle diýdi:
,,Sen bir it. Adamlaryň mallaryny, öýlerini gorap, olaryň iň ýakyn dosty bolup ýaşarsyň. Adamlardan galan naharlary iýip 25 ýyl ýaşarsyň" diýdi.
It şeýle jogap berdi:
,,Allahym! Beýle durmuşda ýaşamak üçin 25 ýyl maňa gaty köp bolýar. Maňa 10 ýyl ömür ber bolýar şol" diýýär we şeýle-de bolýar.
Soňra Hudaý maýmyny ýaratdy we oňa şeýle diýdi:
,,Sen bir maýmyn. Tokaýlarda agaçdan agaja böküp, samsyk ýaly hereketleri edip, adamlary güldirip, 20 ýyl ýaşarsyň"
Maýmyn şeýle jogap berdi:
,,20 ýyllap dünýäniň iň samsyk, gülkünç haýwany bolup ýaşamak üçin gaty köp maňa, 10 ýyldan köp berme" diýdi we şeýle-de boldy.
Soňra Hudaý adamy ýaratdy we şeýle diýdi:
,, Sen bir adam. Sen dünýäde iň akylly ýaradylan ynsany bolup, beýleki ýaradylanlara öz akylyňdan ulanyp olary peýdalanarsyň. Dünýä höküm edip 20 ýyl ýaşarsyň"
Adam şeýle jogap berdi:
,, Eý Huday, men adam bolup, dünýä höküm edip ýaşamak üçin 20 ýyl gaty az. Maňa eşekden galan 30 ýyly, itden galan 15 ýyly we maýmyndan galan 10 ýylam ber".
Hudaý adamyň dilegini kabul etdi.
Adam ilki adam ýaly 20 ýyl ýaşar we soň öýlener, 30 ýyly eşek ýaly gije-gündiz diýmän işläp geçirer. Soň çagalary bolar, 15 ýyly it ýaly öýüni gorap maşgalasyndan galan iýmitleri iýip ýaşar. Soňra adam garrar we 10 ýylyny maýmyn ýaly agtyklaryny oýnadyp güýmäp samsyk ýaly ýaşap geçer"
Aýdylan zatlar ýalan däldir. Pikirlenip görseň edil şeýlede bolýar.
Halan bolsañyz♡ Her kim pikirini yazmagy hayys edyan
15
516
ÝAZMURADOWNA
13.12.2019 14:12
ÝAGŞYDYR
Biderek manysyz goşgy okandan,
Kuran açyp aýat okan ýagşydyr.
Şeýtanyň äkitjek egri ýolundan,
Beýik Allaň dogry ýoly ýagşydyr.
Çilim çekip, arak içip, mes bolup,
Nä görgiň adamzat saralyp solup,
Namazyňy oka, Allaha uýup,
Boş ýatandan namaz okan ýagşydyr.
Pikirlen adamzat pikirlen ilki,
Ýalňyş ýoldadygyň bilersiň belki,
Toba etseň bolar ýollaryň ýagty,
Şol ýagty ýollardan ýörän ýagşydyr.
Yslam dini hemme dinlerden päkdir,
Bu diňe äkitjek ýollary akdyr,
Allaň şu dininden başga din ýokdur,
Şol ýollardan ýöräp giden ýagşydyr.
Aldanmaň siz bu dünýäniň malyna,
Aldansaň näme bolar seniň halyňa,
Ýetişermi malyň agy- waýyňa
Altyndan kümüşden iman ýagşydyr,
Sorag güni tereziler gurular,
Kafirlere azap ezýet beriler,
Eden günäleriň bary biliner,
Ýagşy amal edip öten ýagşydyr.
10
262
ÝAZMURADOWNA
12.12.2019 10:12
Salam hormatly dostlar. Ilki bilenä hemmäňiziň Bitaraplyk baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý siziň agzybir maşgalaňyzda bagt, üstünlik, jan-saglyk, çaga gülkileri, rowaçlyk hemişe myhman bolsun!
Eziz ýurdum, dünýäň göwher gaşy sen,
Gül Diýarym, ýürekleriň joşy sen,
Ata-Watanmyzda baky ýaşa sen,
Bitaraplyk- baky bagtyýarlygmyz.
UZALYP GIDÝÄN ÝOLLAR
Ýollar düzülendir belentli-pesli,
Bu ýollar hemradyr şatlyk hem gaýga.
Bu ýollara adam ogly boýundyr,
Adam ogly kaýyl bu ýowuz söýgä.
Çar tarapa uzaýandyr bu ýollar,
Ýörejek ýoluňy kesgitlär ykbal.
Garşyňdan garalyp çyksa garalyk,
Ýeňmelisiň, durma ýokdur, bu ahwal.
Eger birden azaşaýsaň bu ýollarda,
Paýhasa, mertlige, gaýratyňa uý.
Müňde bir meseläň çözgüdi bardyr,
Dünýäde barlygňy, ak bagtyňy duý.
Bar ýollaryň agy hem-de garasy,
Ak ýollardan ýöredewer, ykbalym.
Ýola düşdüm, saňa bagly galany,
Öz bendäňe seredewer, ykbalym!
Ýazmuradowna
4
183
ÝAZMURADOWNA
10.12.2019 18:30
GARŞYLYK
Munda düzülipdir şeýle bir kada,
Bar munda barlygyň garşydaş taýy.
Dirilikden dynmak üçin adamzat,
Oýlanyp tapypdyr ok bilen ýaýy.
Garrylyk diýlen zat döräpdir munda,
Ýaşlykdan aryny almaklyk üçin.
Gülkiniň garşysna agy döräpdir,
Şatlygy gam-gussa salmaklyk üçin.
Aklygy dünýäden agdarmak üçin,
Garalyk bir ýerden çykypdyr dyzap.
Beýiklige garşy döräpdir peslik,
Rahatlyga garşy çykypdyr azap.
Süýjiniň garşysna döränmiş ajy,
Dünýäniň tagamyn ýitirmek üçin.
Oýalyga garşy çykypdyr uky,
Munda adamlary ýatyrmak üçin.
Duýup bilseň bu zeminiň üstünde,
Barlygyň garşysna ýokluk döräpdir.
Garşydaşlar bir- biriniň kastynda,
Hapany ýok etmä päklik döräpdir.
Gowluk bilen erbetligi ýeňmeli,
Kynam bolsa süýşüp ädimme-ädim,
Ýamanlykdan rüstem çyksyn ýagşylyk,
Ýagşylygy bilen adamdyr adam.
Awtory : ÝAZMURADOWNA
8
167
ÝAZMURADOWNA
08.12.2019 10:16
Aşyk ýigidiň söýgülisine (buýurma D.S)
Balkyldap garaýan gözleriň bilen,
Sen maňa söýgüňi duýdurdyň, gözel.
Näziklerden näzik sözleriň bilen,
Ataşdan lybasy geýdirdiň, gözel.
Saňa janym diýsem garşy bolmazmyň,
Meň söýgümi kabul edip almazmyň,
Eda bilen duşuşyga gelmezmiň,
Sen maňa ýürekden söýdürdiň, gözel.
Miwejanym adyň gelýär zybana,
Ýürek joşup aýdym gelýär zybana,
Waspyň ýerleşermi müň bir şygara,
Maňa söýgi sözün duýdurdyň, gözel.
Gara gözleriňde özüm göreýin,
Ak ýüzüňde bahar-ýazym göreýin,
Kabul et sen, ýüregimi bereýin,
Maňa aşyk adyn goýdurdyň, gözel.
Göwnüňize ýaran bolsa ♡
14
264
ÝAZMURADOWNA
07.12.2019 01:24
ÝALŇYZLYK
Bu gün höküm sürdi ýene ýalňyzlyk,
Pikir derýasyna çümüp barýaryn.
Öz-özümiň ýagdaýyma düşünmän,
Arzuw-hyýal içre dymyp barýaryn.
Ýene gaýgy-gussa öwrüldi dosta,
Ýa oňa ýalňyzlyk boldumy sebäp?!
Dostlaň arasynda nämüçin ýalňyz,
Ýa kalbyň yhlasy barýarmy sowap?!
Ýalňyzlyk derdine gark bolup barýan,
Çykyp bilmän men bu umman içinden.
-Eý, adamlar, näme üçin ýalňyz men,
Teselli gözleýän her bir geçenden.
Bir ýerlerden owaz gelýär ýaňlanyp,
-Sen ýalňyz däl, seň dünýäň bar asylly.
Şygryýet dünýäsi meň baky hemram,
Şygryýet ykbalym, ömre teselli.
Awtory: men ?
5
264
ÝAZMURADOWNA
06.12.2019 15:41
Salam dostlar! Bu günki size ýetirjek goşgylam eje we çagajyk hakynda. (Haýyşlar boýunça.)
EJE
Sensiň meniň bu dünýäde barlygym,
Ykbalym, ykrarym, barym, baýlygym.
Geçmişim, geljegim, bagtyýarlygym,
Kalbym seniň bilen doludyr, eje.
Sensiň bu zeminiň göwherden gaşy,
Sensiň ynsanýetiň kalbynyň joşy,
Seň bilen uzaýar dünýäniň ýaşy,
Ýüregim seň bilen baglydyr, eje.
Sensiň ýaşaýyşyň tylla ýüzügi,
Sensiň bu durmuşyň altyn bezegi,
Kalbymda joş urýan goşgy-gazaly,
Saňa bagş eýledim çogludyr, eje.
Ejeler ýylgyrsa dünýä galkynýar,
Zemin görke gelýär, umman tolkunýar,
Ýüregiňde Kuýaş ýaly ýalkym bar,
Ömrüm seniň bilen nurludyr, eje.
ÇAGAJYK
Eý, çagajyk, çagajyk,
Sen nähili enaýy.
Görmegiň görküň bilen,
Ýatladýarsyň Gün-Aýy.
Eý, çagajyk, çagajyk,
Jykyr-jykyr gülýärsiň.
Bu dünýäniň hezildigin,
Sen nireden bilýärsiň.
Eý, çagajyk, çagajyk,
Garamyk deý gözleriň.
Diňe gözellik görsün,
Görsün bahar, ýazlaryn.
Eý, çagajyk, çagajyk,
Has körpeje bu gün sen.
Tiziräjik ulal sen,
Ata-Watan guwansyn.
Awtory: Ýazmuradowna
6
173
ÝAZMURADOWNA
05.12.2019 17:45
?♀️GÖZELLIK SALONY (degişme)?♀️
Gije-gündiz hyrydaryň ýeterlik,
Gözellik salony, saňa haýran men.
Nobat ýetse haýyşlaryň biterlik,
Bu gün seň jaýyňa etdim seýran men.
Gaşym goşulypdyr ütüp berjekmi,
Ýüzümde ýygyrt bar aýryp berjekmi,
Saçyma uzyn saç çatyp berjekmi,
Näçe diýseň pullaryňy berýän men
Taýýar etgin bu reňkleriň baryny,
Reňkiniň parhy ýok, gyzyl, sarymy?!
Boýaber saçlarmyň ähli taryny,
Boýandan soň saçlarymy burýan men.
Ýüzlerimde tüý goýma-da ýoluber,
Çekinme-de reňk baryny çalyber,
Owadan bolmasam, onsoň, biliber,
Kölegämde öz keşbimi görýän men.
Maral aýdar, gepimiz bir gep bolsun,
Gülüň-oýnaň dertleriňiz dep bolsun,
Abraýňyz hem müşderiňiz köp bolsun,
Hyzmatyňda gije-gündiz durýan men.
Awtory: Ýazmuradowna
Halan bolsaňyz like basmagy unutmaň! Siziň goýan like-laryňyz meniň ýazmagyma höwes döredýär!!!
12
221
ÝAZMURADOWNA
04.12.2019 14:53
Salam dostlar! Agzalarymyzyň biri kaka hakynda goşgy ýazmagymy haýyş edipdi. Ýöne ýaşlykdan kaka mährini görmänson hemme kaka hakyndaky goşgylarym şeýleräk! Hormatly agzamyz siziň pikir eden kaka hakyndaky goşgyňyzy ýazmandygym üçin bagyşlaň!!!
KAKA JAN ???
Arzuw etdiň şu günleri görmegi,
Ah, görüp bilmediň bu uly bagty.
Arzuw etdiň uzak ömür sürmegi,
Ah, sürüp bilmediň, gitdiň şol wagty.
Güýz günleri, noýabryň ýigrim bäşi,
Şadyýan dünýäniň çytyldy gaşy,
Wah, ýaşyň kyrk bäşe ýetmän togtady,
Gurady, sowuldy kalbymyň joşy.
Asman bulutlaşdy şol agyr gije,
Gaýgy-gam, hasratdan püre-pür gursak.
Wah, saňa düşüpdi betbagt bije,
Ýadymdan çykmaýar şol agyr pursat.
Ejemjany goýup gitdiň yzyňda,
Perzentleriň saňa intizar, kaka!
Mähriň galdy on bir ýaşly gyzyňda,
Şu şygrym saňa ýadygär, kaka!
GALDY, KAKAM JAN
Bu gün gadam basdym şygyr ýoluna,
Gül ýüzümde nuruň galdy, kakam jan.
Ömür penakärdiň meň ykbalyňa,
Aglap wepadaryň galdy, kakam jan.
Mähir ummanyňda ýüzüp bilmedim,
Seniň bar derdiňi çözüp bilmedim,
Gaýgyňy-gussaňy syzyp bilmedim,
Gözlerimde ýaşym galdy, kakam jan.
Bu dünýä görünýär sensiz maňa dar,
Sessiz aglaýaryn ýüregim tar-tar,
Men seniň mähriňe, gül keşbiňe zar,
Desderhanda nanyň galdy, kakam jan.
Ätlediň kyrk dört ýyl ýyllaň gatyndan,
Il-gün minnetdardy häsiýetiňden,
Bize miras goýan sahawatyňdan,
Yzyňda nesilleň galdy, kakam jan.
Kakaňyzyň gadryny biliň. Sebäbi ýitireniňizdäki ol ajy pikir edeniňizden has hem uludyr.
7
223
ÝAZMURADOWNA
03.12.2019 14:44
Durmuşyñ oýny
Bir gözel gyz bilen ýaşytdaş oglan,
Ençe ýyl söýüşip gurdular toýun.
Iki ýaş juwana, bagtly maşgala,
Durmuş saldy başa, her hili oýun.
Görsek eýýäm ençe ýyllar geçipdir,
Perzent görüp, söýüp bilmedi gelin.
Begençli, şatlykly, söýlen pursatda,
Ýürekden gülkini gülmedi gelin.
Ine şeýdip aýdyr, ýyllaram geçdi,
Ýürek paralandy geçdigi saýyn.
"Bäbek alsak" diýip, gelin zeýrendi,
Ýoldaşy, hemmesi, razydy gaýyn.
Ahyryn aldylar ogul bäbejik,
Arzuwlap, umytlap garaja gözi.
Öýüň içi şatlyk, söýgüden doly,
Şeýle bir nurana çaganyň ýüzi.
Çagajygy alyp gelen dessine,
Arzuwlap bir gowy ady dakdylar.
Şeýle bir ezizläp, söýüşip olar,
Öz perzendi ýaly gülüp bakdylar.
Köp durmady beýle durmuş bularda,
Durmuş oýun saldy ýene maňlaýa.
Haram ýola bulaşyp başlan ýigit,
Hiç islemeýärdi öýne barmaýa.
Ýary gije bir, üç tapawudy ýok,
Aýak üstde zordan gelýär öýüne.
Söýenligi üçin gelin ýürekden,
Seretmedi öýüne, garyp, baýyna.
Ýigit tapdy çilim, arak, içgini,
Diňlemedi ene-ata sözüni.
Maşynda aýlandy gije-gündizin,
Hemme gyza oýnadyp ýör gözüni.
Ýene tapdy ol, bir tikinçi gyzy,
Boş wagty bar bolsa geçirýär bile,
Oýlamady oguljygyn, aýalyn,
Maşynda aýlady gep bolup ile.
Ine, häläm dowam edýär şu durmuş,
Belkem şeýle ýazgy takdyrda bardyr.
Geline nähili oýun salsa-da,
Ol ýigide mährem, wepaly ýardyr.
Awtory: Ýazmuradowna.
(Hakyky durmuşdan alnan)
Kimde nähili pikiri bar? Köpräk goldasaňyz ýene-de şeýle durmuşy goşgylary size ýetirerin!
7
255