Durmuşyñ oýny
Bir gözel gyz bilen ýaşytdaş oglan,
Ençe ýyl söýüşip gurdular toýun.
Iki ýaş juwana, bagtly maşgala,
Durmuş saldy başa, her hili oýun.
Görsek eýýäm ençe ýyllar geçipdir,
Perzent görüp, söýüp bilmedi gelin.
Begençli, şatlykly, söýlen pursatda,
Ýürekden gülkini gülmedi gelin.
Ine şeýdip aýdyr, ýyllaram geçdi,
Ýürek paralandy geçdigi saýyn.
"Bäbek alsak" diýip, gelin zeýrendi,
Ýoldaşy, hemmesi, razydy gaýyn.
Ahyryn aldylar ogul bäbejik,
Arzuwlap, umytlap garaja gözi.
Öýüň içi şatlyk, söýgüden doly,
Şeýle bir nurana çaganyň ýüzi.
Çagajygy alyp gelen dessine,
Arzuwlap bir gowy ady dakdylar.
Şeýle bir ezizläp, söýüşip olar,
Öz perzendi ýaly gülüp bakdylar.
Köp durmady beýle durmuş bularda,
Durmuş oýun saldy ýene maňlaýa.
Haram ýola bulaşyp başlan ýigit,
Hiç islemeýärdi öýne barmaýa.
Ýary gije bir, üç tapawudy ýok,
Aýak üstde zordan gelýär öýüne.
Söýenligi üçin gelin ýürekden,
Seretmedi öýüne, garyp, baýyna.
Ýigit tapdy çilim, arak, içgini,
Diňlemedi ene-ata sözüni.
Maşynda aýlandy gije-gündizin,
Hemme gyza oýnadyp ýör gözüni.
Ýene tapdy ol, bir tikinçi gyzy,
Boş wagty bar bolsa geçirýär bile,
Oýlamady oguljygyn, aýalyn,
Maşynda aýlady gep bolup ile.
Ine, häläm dowam edýär şu durmuş,
Belkem şeýle ýazgy takdyrda bardyr.
Geline nähili oýun salsa-da,
Ol ýigide mährem, wepaly ýardyr.
Awtory: Ýazmuradowna.
(Hakyky durmuşdan alnan)
Kimde nähili pikiri bar? Köpräk goldasaňyz ýene-de şeýle durmuşy goşgylary size ýetirerin!