ÝAZMURADOWNA
08.12.2019 10:16
Aşyk ýigidiň söýgülisine (buýurma D.S)

Balkyldap garaýan gözleriň bilen,
Sen maňa söýgüňi duýdurdyň, gözel.
Näziklerden näzik sözleriň bilen,
Ataşdan lybasy geýdirdiň, gözel.

Saňa janym diýsem garşy bolmazmyň,
Meň söýgümi kabul edip almazmyň,
Eda bilen duşuşyga gelmezmiň,
Sen maňa ýürekden söýdürdiň, gözel.

Miwejanym adyň gelýär zybana,
Ýürek joşup aýdym gelýär zybana,
Waspyň ýerleşermi müň bir şygara,
Maňa söýgi sözün duýdurdyň, gözel.

Gara gözleriňde özüm göreýin,
Ak ýüzüňde bahar-ýazym göreýin,
Kabul et sen, ýüregimi bereýin,
Maňa aşyk adyn goýdurdyň, gözel.

Göwnüňize ýaran bolsa ♡
14
264
Myhman Myhman
14 Dekabr 2019
gowy sozler oran
ÝAZMURADOWNA
10 Dekabr 2019
Salam Mukam. Gowy siz gowumy
Mukam B
10 Dekabr 2019
Salam Şahyr govmy
ÝAZMURADOWNA
9 Dekabr 2019
Sag bol joram kop kop.??
Myhman Myhman
8 Dekabr 2019
Howwa joram galamyn ujy akgar yaly kagyzlan yuzunde ulus ilimizin gownunden turjak gosgulary yazyp dursun
M.B.N
8 Dekabr 2019
Siz şäher içinde bolýañyzmy ýada opşytda?!
ARSLAN
8 Dekabr 2019
???

Berekella diyaymek galya
ÝAZMURADOWNA
8 Dekabr 2019
Gownunizden turany ucin seyle bir begendim. Kopun gownuni tapmak ansat dal. Sag bolun kop kop ???
ÝAZMURADOWNA
8 Dekabr 2019
Kerim Gurbannepesow aytyara:,,Sahyrcylyk yangyndan baslanyar,, diyip, meninem gosgy yazyp baslamagym 2007nji yylda 4nji synp wagty baslandy. 11 yasymda. Ol yangynam kakamyn yogalmagy. Onki postymda kakama bagyslap goyan gosgymy okap goren bolsanyz noyabryn yigrim basi diyip durandyr. Sol gosgymam noyabryn 30ynda yazyldy. Sondan baram ine 12 yyl gecdi
Myhman Myhman
8 Dekabr 2019
Salam joram sen näçe yaşyñda goşgy ýazyp başladyñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.