ÝAZMURADOWNA
07.12.2019 01:24
ÝALŇYZLYK

Bu gün höküm sürdi ýene ýalňyzlyk,
Pikir derýasyna çümüp barýaryn.
Öz-özümiň ýagdaýyma düşünmän,
Arzuw-hyýal içre dymyp barýaryn.

Ýene gaýgy-gussa öwrüldi dosta,
Ýa oňa ýalňyzlyk boldumy sebäp?!
Dostlaň arasynda nämüçin ýalňyz,
Ýa kalbyň yhlasy barýarmy sowap?!

Ýalňyzlyk derdine gark bolup barýan,
Çykyp bilmän men bu umman içinden.
-Eý, adamlar, näme üçin ýalňyz men,
Teselli gözleýän her bir geçenden.

Bir ýerlerden owaz gelýär ýaňlanyp,
-Sen ýalňyz däl, seň dünýäň bar asylly.
Şygryýet dünýäsi meň baky hemram,
Şygryýet ykbalym, ömre teselli.

Awtory: men ?
5
264
ÝAZMURADOWNA
8 Dekabr 2019
Bolyar nesip bolsa baslajak ertirden
Sanjar
8 Dekabr 2019
Duzulse gowa bolardy
ÝAZMURADOWNA
8 Dekabr 2019
Salam joram. Hokman!
M.B.N
8 Dekabr 2019
Dogry aýdýañyz menem size goşulýan aramyzda şular ýaly şahyrymyz barka goşgy bolsa gowja bolardy☺
ARSLAN
7 Dekabr 2019
Woo mukam sen mamla
Mukam B
7 Dekabr 2019
Salam Şahyr mnm gosgy zakaz edayjek mumkin bolsa. Su Owrenmelin agzalary barada gosgy duzayda icinde kopusinin atlarny getirip gyzyklyja gosga bolardy...
Myhman Myhman
7 Dekabr 2019
Salam Joram sen gosdylaryny yollap durayda okasam bar yadawlygym ayrylya
ARSLAN
7 Dekabr 2019
Herkimi her zatda talant berlen malades
ylham_gurbanaly
7 Dekabr 2019
Menà aşyk däl))?
ShaA
7 Dekabr 2019
Yazmuradowna sol gelyan ylham sana asyk oytyan. Sen yanyndan kan bir gidesi gelenok. Tuweleme gaty oňat gosgy. Yene dowamy kop bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.