ÝAZMURADOWNA
15.12.2019 11:29
Bu durmuşda 20 ýyly adam ýaly, 30 ýyly eşek, 15 ýyly it we 10 ýylam maýmyn ýaly ýaşap geçeris.

Hudaý eşegi ýaratdy we oňa şeýle diýdi:
,, Sen bir eşek. Irden agşama çenli hiç hili ýadaman, ýuwunman, arkaňdan agyr ýükleri daşap işlärsiň. Ot iýip akylsyz bir haýwan bolup, 50 ýyl ýaşarsyň".

Eşek şeýle jogap berdi:
,,Eý Allahym beýle durmuşda 50 ýyllap ýaşamak üçin gaty köp, maňa 20 ýyldan köp ýaşaýyş berme" diýdi we şeýle-de boldy.



Soňra Hudaý iti ýaratdy we oňa şeýle diýdi:
,,Sen bir it. Adamlaryň mallaryny, öýlerini gorap, olaryň iň ýakyn dosty bolup ýaşarsyň. Adamlardan galan naharlary iýip 25 ýyl ýaşarsyň" diýdi.

It şeýle jogap berdi:
,,Allahym! Beýle durmuşda ýaşamak üçin 25 ýyl maňa gaty köp bolýar. Maňa 10 ýyl ömür ber bolýar şol" diýýär we şeýle-de bolýar.



Soňra Hudaý maýmyny ýaratdy we oňa şeýle diýdi:
,,Sen bir maýmyn. Tokaýlarda agaçdan agaja böküp, samsyk ýaly hereketleri edip, adamlary güldirip, 20 ýyl ýaşarsyň"

Maýmyn şeýle jogap berdi:
,,20 ýyllap dünýäniň iň samsyk, gülkünç haýwany bolup ýaşamak üçin gaty köp maňa, 10 ýyldan köp berme" diýdi we şeýle-de boldy.




Soňra Hudaý adamy ýaratdy we şeýle diýdi:
,, Sen bir adam. Sen dünýäde iň akylly ýaradylan ynsany bolup, beýleki ýaradylanlara öz akylyňdan ulanyp olary peýdalanarsyň. Dünýä höküm edip 20 ýyl ýaşarsyň"

Adam şeýle jogap berdi:
,, Eý Huday, men adam bolup, dünýä höküm edip ýaşamak üçin 20 ýyl gaty az. Maňa eşekden galan 30 ýyly, itden galan 15 ýyly we maýmyndan galan 10 ýylam ber".
Hudaý adamyň dilegini kabul etdi.


Adam ilki adam ýaly 20 ýyl ýaşar we soň öýlener, 30 ýyly eşek ýaly gije-gündiz diýmän işläp geçirer. Soň çagalary bolar, 15 ýyly it ýaly öýüni gorap maşgalasyndan galan iýmitleri iýip ýaşar. Soňra adam garrar we 10 ýylyny maýmyn ýaly agtyklaryny oýnadyp güýmäp samsyk ýaly ýaşap geçer"
Aýdylan zatlar ýalan däldir. Pikirlenip görseň edil şeýlede bolýar.

Halan bolsañyz♡ Her kim pikirini yazmagy hayys edyan
15
516
Berdi s ý
5 Yanwar 2020
Salam gowmy yagdaylar we gic yagşy. Men siz bn ylalaşyp bilmerin. Sebabini ? teswirlerde bar. Gowja pikirlenip gorseniz siz men bn ylalaşarsyñyz. Kitaplarda okap gordum ilkinji ynsan, ynsanýetin başy Adam ata 1000 yaşyndaka aradan cykyar. Hic kim oz yaşny sofap alyan dallir . Diñe berlen ömrini yaşaýandr.
...
5 Yanwar 2020
Yazmuradowna Salam
Мусульманка
20 Dekabr 2019
Salam apa
Halach
17 Dekabr 2019
Farapça ýazaýynmy diýdiň welin pikirlenip başladym.diliňiz gatybir üýgeşik dälä
ÝAZMURADOWNA
16 Dekabr 2019
Salam uke. Jan etjagyn 4nji kurs bolsa 6da gutarya. Eger 1. 2. 3. 5 bolsa 1de gutarya?
Лебап
16 Dekabr 2019
Salam apa okuwyn wagty hacan kutarady birine zwk etjaktym
Maýagözel
15 Dekabr 2019
Gaty gawy eken
gulshatayewa97
15 Dekabr 2019
Alla tagala etjek zadyny haýwandanam soramaz adamdanam...
Лебап
15 Dekabr 2019
Malades apa okuwaryn lebaba bilimli adamlar gerek
ÝAZMURADOWNA
15 Dekabr 2019
Taryh geografiya. Ady uytgedi tolka hazir indi ynsanperwer durmus bilimler fakulteti boldy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.