ÝAZMURADOWNA
13.12.2019 14:12
ÝAGŞYDYR

Biderek manysyz goşgy okandan,
Kuran açyp aýat okan ýagşydyr.
Şeýtanyň äkitjek egri ýolundan,
Beýik Allaň dogry ýoly ýagşydyr.

Çilim çekip, arak içip, mes bolup,
Nä görgiň adamzat saralyp solup,
Namazyňy oka, Allaha uýup,
Boş ýatandan namaz okan ýagşydyr.

Pikirlen adamzat pikirlen ilki,
Ýalňyş ýoldadygyň bilersiň belki,
Toba etseň bolar ýollaryň ýagty,
Şol ýagty ýollardan ýörän ýagşydyr.

Yslam dini hemme dinlerden päkdir,
Bu diňe äkitjek ýollary akdyr,
Allaň şu dininden başga din ýokdur,
Şol ýollardan ýöräp giden ýagşydyr.

Aldanmaň siz bu dünýäniň malyna,
Aldansaň näme bolar seniň halyňa,
Ýetişermi malyň agy- waýyňa
Altyndan kümüşden iman ýagşydyr,

Sorag güni tereziler gurular,
Kafirlere azap ezýet beriler,
Eden günäleriň bary biliner,
Ýagşy amal edip öten ýagşydyr.
10
262
Myhman Myhman
29 Dekabr 2019
Örän gowy
gulshatayewa97
15 Dekabr 2019
bolýa ?
ÝAZMURADOWNA
15 Dekabr 2019
Posibo Halach
Halach
15 Dekabr 2019
Awtory kim bolsa şol bolsun gyzyk däl.esasy zat düsünmek öwrenmek gerek
Aman
14 Dekabr 2019
Gowy gosgy eken
ÝAZMURADOWNA
14 Dekabr 2019
Yok Gulsat menki dal. Menki diyip yazmadym sonun ucin
gulshatayewa97
13 Dekabr 2019
awtory sen dälmikäň diýän...
Gulya RoVsHeNoVa
13 Dekabr 2019
Gowy goshgy
Gulya
13 Dekabr 2019
?It was a beautiful poem dear ?
Aýsha
13 Dekabr 2019
??☺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.