ÝAZMURADOWNA
10.12.2019 18:30
GARŞYLYK

Munda düzülipdir şeýle bir kada,
Bar munda barlygyň garşydaş taýy.
Dirilikden dynmak üçin adamzat,
Oýlanyp tapypdyr ok bilen ýaýy.

Garrylyk diýlen zat döräpdir munda,
Ýaşlykdan aryny almaklyk üçin.
Gülkiniň garşysna agy döräpdir,
Şatlygy gam-gussa salmaklyk üçin.

Aklygy dünýäden agdarmak üçin,
Garalyk bir ýerden çykypdyr dyzap.
Beýiklige garşy döräpdir peslik,
Rahatlyga garşy çykypdyr azap.

Süýjiniň garşysna döränmiş ajy,
Dünýäniň tagamyn ýitirmek üçin.
Oýalyga garşy çykypdyr uky,
Munda adamlary ýatyrmak üçin.

Duýup bilseň bu zeminiň üstünde,
Barlygyň garşysna ýokluk döräpdir.
Garşydaşlar bir- biriniň kastynda,
Hapany ýok etmä päklik döräpdir.

Gowluk bilen erbetligi ýeňmeli,
Kynam bolsa süýşüp ädimme-ädim,
Ýamanlykdan rüstem çyksyn ýagşylyk,
Ýagşylygy bilen adamdyr adam.

Awtory : ÝAZMURADOWNA
8
167
ShaA
11 Dekabr 2019
Gowy gosgy. Manysy "Gowynyn gadyryny bilsinler diyip" baslanyan gosgynynka meňzeş. Umuman gowy
Aman
10 Dekabr 2019
Gowy gosgy super ??
Myhman Myhman
10 Dekabr 2019
Sagjabol joram браво??????
Serfar
10 Dekabr 2019
Super Yazmuradowna gowy setirler
gulshatayewa97
10 Dekabr 2019
söýgä garşy biwepalyk döräpdir...
Mukam B
10 Dekabr 2019
Gowy gosgy mlds
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.