Salam dostlar! Bu günki size ýetirjek goşgylam eje we çagajyk hakynda. (Haýyşlar boýunça.)
EJE
Sensiň meniň bu dünýäde barlygym,
Ykbalym, ykrarym, barym, baýlygym.
Geçmişim, geljegim, bagtyýarlygym,
Kalbym seniň bilen doludyr, eje.
Sensiň bu zeminiň göwherden gaşy,
Sensiň ynsanýetiň kalbynyň joşy,
Seň bilen uzaýar dünýäniň ýaşy,
Ýüregim seň bilen baglydyr, eje.
Sensiň ýaşaýyşyň tylla ýüzügi,
Sensiň bu durmuşyň altyn bezegi,
Kalbymda joş urýan goşgy-gazaly,
Saňa bagş eýledim çogludyr, eje.
Ejeler ýylgyrsa dünýä galkynýar,
Zemin görke gelýär, umman tolkunýar,
Ýüregiňde Kuýaş ýaly ýalkym bar,
Ömrüm seniň bilen nurludyr, eje.
ÇAGAJYK
Eý, çagajyk, çagajyk,
Sen nähili enaýy.
Görmegiň görküň bilen,
Ýatladýarsyň Gün-Aýy.
Eý, çagajyk, çagajyk,
Jykyr-jykyr gülýärsiň.
Bu dünýäniň hezildigin,
Sen nireden bilýärsiň.
Eý, çagajyk, çagajyk,
Garamyk deý gözleriň.
Diňe gözellik görsün,
Görsün bahar, ýazlaryn.
Eý, çagajyk, çagajyk,
Has körpeje bu gün sen.
Tiziräjik ulal sen,
Ata-Watan guwansyn.
Awtory: Ýazmuradowna