ÝAZMURADOWNA
12.12.2019 10:12
Salam hormatly dostlar. Ilki bilenä hemmäňiziň Bitaraplyk baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý siziň agzybir maşgalaňyzda bagt, üstünlik, jan-saglyk, çaga gülkileri, rowaçlyk hemişe myhman bolsun!

Eziz ýurdum, dünýäň göwher gaşy sen,
Gül Diýarym, ýürekleriň joşy sen,
Ata-Watanmyzda baky ýaşa sen,
Bitaraplyk- baky bagtyýarlygmyz.


UZALYP GIDÝÄN ÝOLLAR

Ýollar düzülendir belentli-pesli,
Bu ýollar hemradyr şatlyk hem gaýga.
Bu ýollara adam ogly boýundyr,
Adam ogly kaýyl bu ýowuz söýgä.

Çar tarapa uzaýandyr bu ýollar,
Ýörejek ýoluňy kesgitlär ykbal.
Garşyňdan garalyp çyksa garalyk,
Ýeňmelisiň, durma ýokdur, bu ahwal.

Eger birden azaşaýsaň bu ýollarda,
Paýhasa, mertlige, gaýratyňa uý.
Müňde bir meseläň çözgüdi bardyr,
Dünýäde barlygňy, ak bagtyňy duý.

Bar ýollaryň agy hem-de garasy,
Ak ýollardan ýöredewer, ykbalym.
Ýola düşdüm, saňa bagly galany,
Öz bendäňe seredewer, ykbalym!

Ýazmuradowna

4
182
Aman
13 Dekabr 2019
???
Gulya
12 Dekabr 2019
Yazmuradowna hayyst kaka hakynda duzip berayinda??
Princess
12 Dekabr 2019
???
babamyrat
12 Dekabr 2019
bile bolsun
Nurmuhammet
12 Dekabr 2019
Bile bolsun ! Sagbolun.
Mukam B
12 Dekabr 2019
Sagbol sizinkem gutly bolsun
ÝAZMURADOWNA
12 Dekabr 2019
Sag bolun!??
Serfar
12 Dekabr 2019
Sizinkem bile bolsun
Shatlyk95
12 Dekabr 2019
Siziñkem gutly bolsun bayramynyz☺
ylham_gurbanaly
12 Dekabr 2019
Sag boluñ! Siziñem Bayramynyz bilen!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.