ÝAZMURADOWNA
05.12.2019 17:45
?‍♀️GÖZELLIK SALONY (degişme)?‍♀️

Gije-gündiz hyrydaryň ýeterlik,
Gözellik salony, saňa haýran men.
Nobat ýetse haýyşlaryň biterlik,
Bu gün seň jaýyňa etdim seýran men.

Gaşym goşulypdyr ütüp berjekmi,
Ýüzümde ýygyrt bar aýryp berjekmi,
Saçyma uzyn saç çatyp berjekmi,
Näçe diýseň pullaryňy berýän men

Taýýar etgin bu reňkleriň baryny,
Reňkiniň parhy ýok, gyzyl, sarymy?!
Boýaber saçlarmyň ähli taryny,
Boýandan soň saçlarymy burýan men.

Ýüzlerimde tüý goýma-da ýoluber,
Çekinme-de reňk baryny çalyber,
Owadan bolmasam, onsoň, biliber,
Kölegämde öz keşbimi görýän men.

Maral aýdar, gepimiz bir gep bolsun,
Gülüň-oýnaň dertleriňiz dep bolsun,
Abraýňyz hem müşderiňiz köp bolsun,
Hyzmatyňda gije-gündiz durýan men.

Awtory: Ýazmuradowna

Halan bolsaňyz like basmagy unutmaň! Siziň goýan like-laryňyz meniň ýazmagyma höwes döredýär!!!
12
221
ÝAZMURADOWNA
7 Dekabr 2019
Bagyslan dusunmedim???
Serfar
6 Dekabr 2019
"Elis" size degislimi
ÝAZMURADOWNA
6 Dekabr 2019
Yazdym Sanjar!
Sanjar
6 Dekabr 2019
mlds Yazmuradowa

Yazmuradowa Mana eje hakynda goshgy duzup berjek diyipdiniz
M.B.N
6 Dekabr 2019
Ýazmyradowna ejesiz kakasyz dogan jigsiz hiç kimsesiz galan gyzjagaz hakynda ýazyp bilersiñizmi haýş etsem
Myhman
6 Dekabr 2019
??????????????

Sular ýaly ajaýyp gosgulan yzykesilmesin???
ÝAZMURADOWNA
5 Dekabr 2019
Sag bolun kop kop?
Aman
5 Dekabr 2019
??????? isinde ustunlik
M.B.N
5 Dekabr 2019
Müñkin bolsa köp like goýjakla siz ýaly ýazyjylaryñ men haýrany
MukamBj
5 Dekabr 2019
Mlds
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.