zohreee
12.08.2023 14:01

Ynsanlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýan


bilermenleriň aýtmaklaryna görä, “Zeminiň 97% adamy öz arzuwy bilen däl-de, başga


biriniň arzuwyny hasyl etmek üçin ýaşaýar".


Mysal hökmünde käbir zatlary ýatlalyň: Kerim


inženerçilik fakultetine okuwa girdi, sebäbi


kakasy onuň inžener bolmagyny isleýär.Aly


ejesiniň tapyp beren gyzyna öýlendi, çünki


ejesi diňe şol gyz ogluny bagtly edip biler


diýýär.Mazen söwda-satyga güýmenýär,


ýogsam ol bu pişäni asla halanok, ýöne bu

onuň öňündäki ýeke-täk çykalgasy, hereket

edip biljek meýdanymyş, sebäbi ol kakasynyň

hasabyna ýaşamakdan, zol-zol

ondan pul

sorap ýörmekden bizar bolupdyr. Ýogsam

Mazen bu wagt 25 ýaşynda.



Psihologlara gelýän, maslahat sorap ýazylan

hatlaryň agramly böleginde:

“Durmuşda

nämeler etmek isleýändigime düşünip bilemok?!” diýen şol bir sowal


gaýtalanýar.Sowalyň täsindigine garamazdan,

bu biziň günlerimizde giňden ýaýran sowaldyr.

Ýigitlik müçesine gadam basan adam ömrüniň

nirede geçýändigini, nämede geçýändigini,

esasanam nähili geçýändigini bilmeýän bolsa,

onuň galan ömrüni hem bihuda geçirmegi

mümkin. Megerem, olaryň daş-töweregindäki

ýagdaý, dünýä habarlary öz geljeklerini has

dogry

röwüşde ýola goýmaga pursat beren

däldir.



Şeýle adamlar bilen söhbetdeşlige hemişe şu

sözler bilen başlaýaryn: “Öz arzuwyň bilen

ýaşa! Garantgalara duwlanma, özgeleriň

arzuwyna bürenme!” diýýärin. Eger-de olaryň

biri: “Öz arzuwyň bilen ýaşamak näme bolýar,

men öz arzuwlarym bilen nähili ýaşamaly

diýäýse?”... oňa ilkinji nobatda, hökman

biläýmeli iki sany wajyp zadyň birini

ýatladýaryn: “Ilki bilen, hasyl etmek isleýän

arzuwyň näme — şony kesgitle. Soňra sen bu

arzuwyňy hormatla, ony hasyl etmäge giriş.

Beýik maksadyň barka, ony diňe ýürekde

göterip ýörmek we ugrunda alada-yhlas

etmezlik özüňi, öz arzuwlaryňy sylamazlygyň

bir görnüşidir. Haçanda sen öz

maksat-matlaplaryňa berlip başlanyňda, diňe

şondan soňşol arzuwy hasyl eder ýaly

mümkinçilik we pursat ýüze çykyp başlar.

Galany wagtyň işi».



Geljegiň nähili bolmagyny göz öňüne getirýän

bolsaň, arzuw-hyýallaryňy, maksatlaryňy,

islegleriňi şoňa kybap saýla, şoňa laýyk

taýýarla! Seniňşu wagtky arzuw-maksatlaryň

— seniň geljekki ykbalyň, has gönümel

aýtsam, seniň geljekki özüň. Ýüregiňe düwen

zadyňa ynan, olary hasyl etmek üçin özüňden

bitýän zatlary ýerine ýetir, berjaý et. Nähili

bolmagyny isleýän bolsaň, şoňa muwapyk

hereket et.



Kerim Aş Sazili- Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary

27
286
zohreee
14.03.2023 16:13
Dymmaly boldum

Deň-duşlaň içinde kaka barada,
Gürrüň edilende dymmaly boldum.
Näbileýin entek göwnüm çaga-da,
Aglan wagtym özüm diňmeli boldum.

Haýran ýaşaýşyna habarym tutman,
Ýüregimi hasam şol beter gyýýar.
Öwrenşsemde barha gün geçdigiçe,
Käte "Kaka mähriň" ýoklugyn duýýan.

Bir tarapym şol mähirden ätligne,
Menmi ýa-da özüňmi günäkäri.
Oýlasam-da her gün gelersiň diýip,
Ýöne sen bu günem geleňok häli...

Şanazar Hydyrow
7
74
zohreee
11.03.2023 13:53
Söýgüde gabanç bar, bardyr gysganmak,
Haýpyň gelmek görünenok duýguda.
Ot bolup barmak bar, ot bolup gaýtmak,
Nalajedeyinlik ýokdur urguda.

8
91
zohreee
29.01.2023 09:58
Pikirlere çümüp uzak gijeler,
Soňky döwür kän synlaýaň asmany.
Bir zatlary aňýan ýaly ejeňem,
Diýýär saňa: "seň ýüregiň gysýamy?".

Gözüňden, ýüregňi okarlar öýdüp,
Galypdyr ýüzlere bakyp geplemäň.
Hiç kime bileňok aýdyp içiňi,
Joraň ýanyndanam gaýtdyň geplemän.

Bu niçik ahwalat, şatlykmy, gaýgy,
Asla düşüneňok nämäň keseli.
Ilkinji söýgi bu - düşnüksiz duýgy,
Başyňa düşüpdir yşgyň heseri.


Şanazar Hydyrow
10
80
zohreee
26.01.2023 22:24
Ak öýmede seni görmek isläpdim,
Duşuşýarkak ak ýyldyzlaň astynda.
Ynha şol islegim, seret söýgülim,
Ikimiziň söýgimiziň kastynda.

Ak öýmede seni görmek isläpdim,
Gözleriňe umyt bilen bakamda.
Men ters arzuw edenime düşündim,
Şol dilegim gelip meni ýakanda.

Ol dilegim kabul boldy gördüm men,
Toý günüňde seni akja öýmede.
Öýmede däl öýde görmek isledim,
Utuljagmy bilsem bu ters söýgüde...

Kerimhally
10
67
zohreee
25.01.2023 00:10
Bir gün meň ýoklugym duýular saňa,
Yza dönmejegmi bileňde, baky.
Sessiz gijelerde batarsyň gama,
Ne men dolanaryn, ne-de bir uky.

Bir gün meň ýoklugym duýular saňa,
Günler sähel kemäýse ýylgyrşyňy,
Peýdasyz galanda töwerek daşyň.
Ýatlarsyň sen, göwnüň tapyp durşumy.

Bir gün meň ýoklugym duýular saňa,
Tapylman söýgüde men dek aýnadan.
Köçäňizden ýat adamlar geçende,
Mendir öýdüp gararsyň sen aýnadan.

Bir gün meň ýoklugym duýular saňa,
Garagol şemalyň pyşyrdysynda.
Basmaga çalşarsyň kalbyň derdini,
Başagaý günleriň hysyrdysynda.

Öz bagtyňy özüň ýatyryp elin,
Nirdesiň, ne halda, bildirmez maňa.
Belki bagt taparsyň, taparsyň welin,
Bir gün meň ýoklugym duýular saňa.

Şanazar Hydyrow
11
86
zohreee
24.01.2023 01:22
Jan berdiň sen agaçlara, güllere,
Emma bet gylygňy goýmadyňmy sen?
Bäs gelip bileňok açgöz garnyňa,
Adamy "Iymekden" doýmadyňmy sen?

Seniň ýüregiňde doňluk, gar barmy,
Ýa-da adamzatdan sende ar barmy,
Sormak aýyp dälmi ýaşja çagany,
Ýa-da döwür ýaly aýnadyňmy sen?

Üssüňde geçirýär ynsan ýaz, gyşy,
Synlaýar tebigat, mör-möjek, guşy,
Soňunda astyňa göçürdip goşy,
Bäş günlük ýagtyda güýmediňmi sen?

Söýgi bilen ýeňip hupbaty, kyny,
Bagt görmek gezegi geldi ahyry,
Gujagyňa gizläp Zöhre, Tahyry,
Olaryň yşkyna köýmediňmi sen?

Esasy arzymy aýdaýyn saňa,
Ejemjany aldyň çuňlardaň, çuňa,
Rehmiň inmedimi heý seniň maňa,
"Ýetim" diýdirenňi duýmadyňmy sen?

Ýer diýdi:
-sözläňde üns bergin çene,
Enesiz galana ine men ene,
"Amanatym berip yzyma ýene,
Gelerin dolanyp" diýmediňmi sen?

Kerimhally
10
69
zohreee
23.01.2023 20:59
Bir süýjüjik bermek üçin eliňe,
Daň säherler işe yöräpdir kakaň.
Boýuň ýeten bolsa bu gün deňine,
Kemsiz ýetişmegňe sebäpdir kakaň.

Bolanjasyn saňa berer sowalga.
Tapdyraýmaz ondan güýçli söýelge.
Çagyranda, namaza kimin ylga,
Behişte äkitjek sogapdyr kakaň.

Barlygynda mydam goragly daşyň,
Götermersiň ömrüň gussadan goşun,
Düşnüksiz bu dünýä aýlamaz başyň,
Ähli sowallarňa jogapdyr kakaň.

Ezizleriň saýa salyp depäňe,
Janlary sag bolsa armanyň näme.
Mährem Ene - deňelýän bolsa Käbä,
Baş egiljek Kybla, togapdyr kakaň.

Şanazar Hydyrow

17
84
zohreee
22.01.2023 09:22
Käbäm seni juda göresim gelýär

Bu gün ýürek yssy mähriňi küýsäp,
Mundan geçip, oňa barasym gelýär.
Her gije aglamak bolup maňa däp,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Meni ýaradanlar üç sany welin,
Ikisin görmek mümkindir elin,
Mümkinlerem ýitdi çagakam heniz,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

"Eje kaýda, mähir, muhabbet kaýda,
Nirde ýumşak eller, hem nurly dilde?"
Ýadadym bulary özüme aýda,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Jaý dikeltsem guran jaýym enesiz,
Gazanjymdan goýjak paýym enesiz,
Gelin alsam olam gaýyn enesiz,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Asmanda guş görsem ejemdir öýtdüm,
Ylgap baryp ony kakama aýtdym,
Gaýtmasyz dünýäden gaty ir gaýtdyň,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Kerimhally
10
60
zohreee
21.01.2023 19:26
Öçen ýaly ähli setler,
Senden hat gelmedik güni.
Ýada düşýär uruş, Gitler,
Senden hat gelmedik güni.

Toba, seret hyýallara,
Pikir gidýär şo ýanlara,
Ýigrenç dörär aýallara,
Senden hat gelmedik güni.

Sowal berer Gerek, Dursun,
Jogabym ýok (çörek ursun).
...eý Hudaýym geçirersiň!,
Senden hat gelmedik güni.

Laýyna pul dözemok men,
Gürrüňlere gyzamok men.
Umydymy üzemok men,
Senden hat gelmedik güni.

Gözlemde şeýtanyň keşbi,
Yürekde söýginiň yşgy.
Ýazýan şeýle samsyk goşgy,
Senden hat gelmedik güni.

13
75