Jan berdiň sen agaçlara, güllere,
Emma bet gylygňy goýmadyňmy sen?
Bäs gelip bileňok açgöz garnyňa,
Adamy "Iymekden" doýmadyňmy sen?
Seniň ýüregiňde doňluk, gar barmy,
Ýa-da adamzatdan sende ar barmy,
Sormak aýyp dälmi ýaşja çagany,
Ýa-da döwür ýaly aýnadyňmy sen?
Üssüňde geçirýär ynsan ýaz, gyşy,
Synlaýar tebigat, mör-möjek, guşy,
Soňunda astyňa göçürdip goşy,
Bäş günlük ýagtyda güýmediňmi sen?
Söýgi bilen ýeňip hupbaty, kyny,
Bagt görmek gezegi geldi ahyry,
Gujagyňa gizläp Zöhre, Tahyry,
Olaryň yşkyna köýmediňmi sen?
Esasy arzymy aýdaýyn saňa,
Ejemjany aldyň çuňlardaň, çuňa,
Rehmiň inmedimi heý seniň maňa,
"Ýetim" diýdirenňi duýmadyňmy sen?
Ýer diýdi:
-sözläňde üns bergin çene,
Enesiz galana ine men ene,
"Amanatym berip yzyma ýene,
Gelerin dolanyp" diýmediňmi sen?
Kerimhally