zohreee
14.03.2023 16:13
Dymmaly boldum

Deň-duşlaň içinde kaka barada,
Gürrüň edilende dymmaly boldum.
Näbileýin entek göwnüm çaga-da,
Aglan wagtym özüm diňmeli boldum.

Haýran ýaşaýşyna habarym tutman,
Ýüregimi hasam şol beter gyýýar.
Öwrenşsemde barha gün geçdigiçe,
Käte "Kaka mähriň" ýoklugyn duýýan.

Bir tarapym şol mähirden ätligne,
Menmi ýa-da özüňmi günäkäri.
Oýlasam-da her gün gelersiň diýip,
Ýöne sen bu günem geleňok häli...

Şanazar Hydyrow
7
74
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.