zohreee
21.01.2023 19:26
Öçen ýaly ähli setler,
Senden hat gelmedik güni.
Ýada düşýär uruş, Gitler,
Senden hat gelmedik güni.

Toba, seret hyýallara,
Pikir gidýär şo ýanlara,
Ýigrenç dörär aýallara,
Senden hat gelmedik güni.

Sowal berer Gerek, Dursun,
Jogabym ýok (çörek ursun).
...eý Hudaýym geçirersiň!,
Senden hat gelmedik güni.

Laýyna pul dözemok men,
Gürrüňlere gyzamok men.
Umydymy üzemok men,
Senden hat gelmedik güni.

Gözlemde şeýtanyň keşbi,
Yürekde söýginiň yşgy.
Ýazýan şeýle samsyk goşgy,
Senden hat gelmedik güni.

13
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.