zohreee
22.01.2023 09:22
Käbäm seni juda göresim gelýär

Bu gün ýürek yssy mähriňi küýsäp,
Mundan geçip, oňa barasym gelýär.
Her gije aglamak bolup maňa däp,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Meni ýaradanlar üç sany welin,
Ikisin görmek mümkindir elin,
Mümkinlerem ýitdi çagakam heniz,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

"Eje kaýda, mähir, muhabbet kaýda,
Nirde ýumşak eller, hem nurly dilde?"
Ýadadym bulary özüme aýda,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Jaý dikeltsem guran jaýym enesiz,
Gazanjymdan goýjak paýym enesiz,
Gelin alsam olam gaýyn enesiz,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Asmanda guş görsem ejemdir öýtdüm,
Ylgap baryp ony kakama aýtdym,
Gaýtmasyz dünýäden gaty ir gaýtdyň,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Kerimhally
10
60
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.