zohreee
12.08.2023 14:01

Ynsanlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýan


bilermenleriň aýtmaklaryna görä, “Zeminiň 97% adamy öz arzuwy bilen däl-de, başga


biriniň arzuwyny hasyl etmek üçin ýaşaýar".


Mysal hökmünde käbir zatlary ýatlalyň: Kerim


inženerçilik fakultetine okuwa girdi, sebäbi


kakasy onuň inžener bolmagyny isleýär.Aly


ejesiniň tapyp beren gyzyna öýlendi, çünki


ejesi diňe şol gyz ogluny bagtly edip biler


diýýär.Mazen söwda-satyga güýmenýär,


ýogsam ol bu pişäni asla halanok, ýöne bu

onuň öňündäki ýeke-täk çykalgasy, hereket

edip biljek meýdanymyş, sebäbi ol kakasynyň

hasabyna ýaşamakdan, zol-zol

ondan pul

sorap ýörmekden bizar bolupdyr. Ýogsam

Mazen bu wagt 25 ýaşynda.



Psihologlara gelýän, maslahat sorap ýazylan

hatlaryň agramly böleginde:

“Durmuşda

nämeler etmek isleýändigime düşünip bilemok?!” diýen şol bir sowal


gaýtalanýar.Sowalyň täsindigine garamazdan,

bu biziň günlerimizde giňden ýaýran sowaldyr.

Ýigitlik müçesine gadam basan adam ömrüniň

nirede geçýändigini, nämede geçýändigini,

esasanam nähili geçýändigini bilmeýän bolsa,

onuň galan ömrüni hem bihuda geçirmegi

mümkin. Megerem, olaryň daş-töweregindäki

ýagdaý, dünýä habarlary öz geljeklerini has

dogry

röwüşde ýola goýmaga pursat beren

däldir.



Şeýle adamlar bilen söhbetdeşlige hemişe şu

sözler bilen başlaýaryn: “Öz arzuwyň bilen

ýaşa! Garantgalara duwlanma, özgeleriň

arzuwyna bürenme!” diýýärin. Eger-de olaryň

biri: “Öz arzuwyň bilen ýaşamak näme bolýar,

men öz arzuwlarym bilen nähili ýaşamaly

diýäýse?”... oňa ilkinji nobatda, hökman

biläýmeli iki sany wajyp zadyň birini

ýatladýaryn: “Ilki bilen, hasyl etmek isleýän

arzuwyň näme — şony kesgitle. Soňra sen bu

arzuwyňy hormatla, ony hasyl etmäge giriş.

Beýik maksadyň barka, ony diňe ýürekde

göterip ýörmek we ugrunda alada-yhlas

etmezlik özüňi, öz arzuwlaryňy sylamazlygyň

bir görnüşidir. Haçanda sen öz

maksat-matlaplaryňa berlip başlanyňda, diňe

şondan soňşol arzuwy hasyl eder ýaly

mümkinçilik we pursat ýüze çykyp başlar.

Galany wagtyň işi».



Geljegiň nähili bolmagyny göz öňüne getirýän

bolsaň, arzuw-hyýallaryňy, maksatlaryňy,

islegleriňi şoňa kybap saýla, şoňa laýyk

taýýarla! Seniňşu wagtky arzuw-maksatlaryň

— seniň geljekki ykbalyň, has gönümel

aýtsam, seniň geljekki özüň. Ýüregiňe düwen

zadyňa ynan, olary hasyl etmek üçin özüňden

bitýän zatlary ýerine ýetir, berjaý et. Nähili

bolmagyny isleýän bolsaň, şoňa muwapyk

hereket et.



Kerim Aş Sazili- Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary

27
286
dowletmyrat1990
22 Awgust 2023
Terjime eden, Rahmet Gylyjow
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.