tmyigit76
29.10.2023 13:55

Atlar we familýalar barada gyzykly maglumatlar






✅ Atlar baradaky ylym «onomastika» diýlip atlandyrylýar.


✅Gadym döwürlerde çaga dünýä inen badyna at goýulmandyr. Her kim öz adyny özİ gazanmaly bolupdyr. Bu ýagdaý orta asyr türkmen edebiýatynynda-da duş gelýär.


✅ Orta asyrlarda Siriýada aýallaryň düýbünden ady bolmandyr. Olara ýöne

kimiňdir yanýoldaşy, kimiňdir biriniň ejesi, aýal dogany, gyzy diýipdirler.


✅ XVIll asyrda Ispaniýada ýönekeý dworýanlar alty sözden ybarat ada eýe bolan bolsalar, köşk emeldarlary bolan grandlar on iki sözden durýan

we iň ýokary gatlak eýeleri bolsa ondan hem köp sözli at bilen atlandyrylypdyr.


✅ Ispaniýada uzyn at dakmak ýörgünlidir. Muňa mysal hökmünde meşhur ispan suratkeşi Pablo Pikassony görkezip bolar. Onuň doly ady : Pablo Diego Jose Fransisko de Paula Juan Nepumuceno Maria de los Remedios Cipriano de la Santisima Trinidad Ruiz y Pikasso.


✅ Hazirki wagtda Ispaniýada iň köp duş gelýän atlar Antonio we Maria Karmeldir


✅ Familiýa-atasynyň ady baradaky düşünje ilkinji gezek gadymy Rimde peýda bolýar. Şol döwürlerde jaýlaryň tertip belgileri familiýa hökmünde kabul edilipdir. Şondan soňky geçen müňýyllyklaryň dowamynda bolsa bu ýörelge tutuş Ýewropa döwletlerine ýoň bolýar.


✅ Hindistanda çaga at dakmakda gadymdan gelýän däplere uýýarlar. Şol güni ata-enelere jedel etmeklige rugsat berilýär. Olaryň hersi bir sany şemi yakýar we ýanyp gutarýança gözegçilik edýär. Kimiň şemi uzak wagtlap ýansa, şol hem çaga at dakmak hukugyna eýe bolýar.


✅ Sibirde Ladžen atly bir gyz bar. Bu at hiç bir döwletde, hiç bir sözlükde duş gelmeýär. Bu adyň manysyny diňe gyzyň ata-enesi we ýakynlary bilýär. Mälim bolmagyna görä, heniz çaga dogulmanka atasy ogula garaşýar. Ýöne gyz dünýä inýär. Şonda onuň kakasy «Ne ždal»

sözüni tersine öwrüp Ladžen diýip, gyzjagaza at goýýar.


✅ Türkiýäniň Barzan obasynyň ýaşaýjylary onçakly kän däl. Bu ýerdäkileriň ählisi diýen ýaly bir-birini tanaýarlar. Emma obadaky Mustapa

Weýşalyň adyna gelen haty hat gatnadyjy

radioeşitdirijiniň üsti bilen okap berip, kime degişlidigini anyklaýar. Çünki bu obadaky adamyň ady Mustapa Weýsal eken.


✅ Türkiýede iň köp dakylýan at Mehmet hasaplanýar. Iň köp duş gelýän familiýa bolsa Ýilmaz hasaplanýar. Resmi habarlara görä bu familiýany 1 mln 580 müň 313 kişi göterýär.


✅ Londonda hatda Taksi diýen familiýa hem bar. Onuň öýünde gije-gündiziň dowamynda telefon sesi ýaňlanyp durýar. «Bayramçylyklarda, aýratyn hem Täze ýyl gününde maňa juda kyn» diýip, jogap berýän bu familiýanyň eýesi sözüni şeýle dowam edýär: «Meniň maşgalam 800 ýyl bäri şu familiýa bilen tanalyp gelyär. Men öz familiýamy üýtgetmek islemeýärin».


✅ ABŞ-daky bir ýaşaýjynyň familiýasy 1069. Birnäçe ýyl mundan ozal oña Mihail Gerbert Dengler diýýärdiler we ol Germaniýada yaşaýardy. Amerikanyň raýatlygyny kabul edeninden soňra

bolsa, ol öz familiýasyny üýtgetmekligi ýüregine düwýär we familiýasy üçin hem sanlary saýlaýar. lIki başda ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan oňa garşylyk görkezilýär. Ikitaraplaýyn uzaga çeken

çekişmeden soňra belli bir karara gelinýär. Netijede onuň islegini kanagatlandyrylýar. Ýöne familiýasyny sanlarda däl-de harp bilen «bir nol

dokuz alty» diýip yazmaly edilýär.


✅ Burkino-Fasoda ol ýa-da başga bir adamyň şahsyýetini anyklamak üçin pasport soramak hökman däl. Bu ülkede anyklanmagy zerur bolan adamy onuň ýüzüne çekilen nagyşlardan bilyärler.


✅ Dünýäde iň köp ulanylýan aýal ady Sofiýa we Anna hasaplanýar.


✅ Dünýäde 150 million adam Muhammet adyny göterýär.


✅ Soňky döwürlerde dünýäde üç harply atlar köp ulanylýar. (Gyzlara: Ana, Eva, Noa, Mar Oglanlara: Pau, Jon, Pol, Leo ,Jek Yan)


Meşhur adamlaryň hakyky atlary:


Jeki Çan - Çan Kunsun

Muhammed Ali- Kassius Marsellus Kleý

Anna Ahmatowa - Anna Gorenka

Pele - Edson Arantis de Nasimentu

Şakira - Izabell Mebarak Ripoll

Tom Kruz - Tom Meypoter

"Bryus Li — Li Yuyen Kam (Lee Yuen Kam)."

Mark Tven — Semyuel Lengxorn Klemens.




(Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy)

38
246
tmyigit76
28.10.2023 12:30

Peýdaly maslahatlar



๏ Täze süýdi garaňky ýerde saklamaly, ýagtylykda onuň düzümindäki A we C witaminleriň köp bölegi ýitýär, tiz turşaýar


๏ Süýt uzak wagtlap turşamaz ýaly, bişirilende az-owlak şeker goşmaly (1 litr süýde 1 çaý çemçe möçberinde) Bir bölek kant goşsaň düýbi ýanmaz.


๏ Dürli iýmit ýaglaryny, ýagly önümleri polietilen haltajyklarda saklamaly däl, sebäbi olar tiz zaýalanýar.


๏ Ýanyk ysly mesge ýagyny täzeden eretseň, ýakymsyz ysy aýrylar. Ýagny tegelek kesilen sogan böleklerini atyp, gyzdyrsaňyz hem ýanyk ysy aýrylÿar.


๏ Apelsindir limonyň daşyna ösümlik ýagyny çalyp, polietilen haltajyga ýa-da agzy ýapyk gaba salyp, salkyn ýerde

goýsaňyz, uzak wagtlap terligni ýitirmez.


๏ Limony suwly banka salyp bankanyň suwuny günde 1-2 gezek çalyşsaňyz, ony

uzak wagtlap ter saklap bilersiňiz.


๏ Kofäni aýna gaba ýa-da metal banka

salyp, gury hem salkyn yerde saklamaly.


๏ Çaý saklaýan gabyňyzda limon ýa-da apelsin gabygyny goýsaňyz, içýân çaýyňyza hasam hoşboý ys berer.


๏ Günebakar ýagynyň ajamazlygy üçin, onuň gapagyny birneme açyk ýagdaýda saklamaly. Ýaga birneme nahar duzuny atsaňyz, gowy bolar.


๏ Ýeralmanyň ysyny aýyrmak üçin, ony nahara atmazdan ozal az wagt sowuk suwda saklamaly. Soňra gaýnan suwa atyp, bir çemçe sirke guýmaly.


๏ Kösükliler maşgalasyna girýän ösümlikler uzak wagtlap bişmeýäni üçin, olary nahara atmazdan ozal sowuk

suwda ezip goýmaly. Ýyly suwa ezseňiz, olar turşamak bilen bolar.


๏ Eger-de düýp soganyň diňe ýarysyny ulanan bolsaňyz, kesilen yerine ýag çaIyp, sowadyjyda goýsaňyz, ol başky terligini ýitirmez.


๏ Ýumurtganyň täze ýa könedigini bilmej üçin ony duz atylan suwly gaba görmeli. Eger ýumurtga suwuň düýbüne çökse onuň täzeligi, suwuň ýüzüne çyksa täze däldigi.


๏ Gaýnadylan ýumurtganyň bişendigini biljek bolsaňyz ony stoluň üstünde pyrlap göräýiň. Ol köp pyrlanyp dursa bişenligi. Bişmedik ýumurtga bir, iki gezek pyrlanar-da durar.


๏ Ýumurtgany sowadyjyda 2 hepdeden artyk saklamaly däl. Ýöne her ýumurtgany aýratynlykda kagyza dolap, her hepdede onuň daşyny täzeläp dursaňyz, olary has uzak wagtlap saklap bolar. Sowadyjynyň ýok

ýerinde ýumurtganyň daşyna

günebakar ÿagyny çalyp, ep-esli

wagtlap saklap bilersiňiz.


๏ Boşan atyr çüýseleriñizi zyňman, onuň içine ýasama güllerden salyp, hammamlaryňyzda goýsańyz, ol

ýakymly ys berer.


๏ Gelin-gyzlar jorap öýän wagty ýumaklaryndan artykmaç ýüp çolaşmaz ýaly, ony ýumagyň göwresine gabat gelýän çäýnege salmaly we ýüpüň ujuny onuň agzyndan çykarmaly. Şeýle ýagdaýda ýüp endigan gider.


๏ Barmagyňyzdaky ýüzügiňizi çykarmakda oňaýsyzlygy duýan bolsaňyz, oňa sapak oramaly, bu ýüzügiň çykmasyny aňsatlaşdyrar.


๏ Eger-de kompýuteriň klawiaturasynyň aralary hapalanan bolsa, ony ulanylmaýan diş çotgasy bilen arassalap bilersiňiz.


๏ Aşhanada ulanylýan çemçedir çarşaklaryňyzy nahar sodasy bilen ýuwsańyz, olardaky suw yzlary arassalanar we ýalpyldar.


๏ Eger ak reňkli egin-eşikleriňize kofe ýada çaý dökülen ýagdaýynda, ony nahar sodasy bilen ýuwmak maslahat berilýär. Çünki nahar sodasy geýimlerdäki tegmilleriň aýrylmagyna ýardam edýär.


๏ Agaçdan ýasalan öý goşlaryňyzyň, ýagny mebelleriňiziň ýüzi çyg esgi bilen süpürlen halatynda, onda suwuň yzy galýar. Ony aýyrmak üçin yz galan ýerlere saç guradyjy enjamy tutup guratmak maslahat berilýär.


๏ Eger köwşüñiz aýagyňyzy gysýan bolsa, 3nji we 4-nji barmagyňyzy bilelikde, ýaralary örtmek üçin niýetlenen sargy bilen saraň. Aýagyňyzy rahat duýarsyňyz.


๏ Egin-eşiklerdäki symanyň köp açylyp-ýapylmagy bilen, demir dişjagazlary biri-birine ilişip, ugurlaryny üýtgetýärler. Uçly galamy syrmanyň uzaboýuna iki ýana ýöretseňiz, onuň ilişen ýerini döwmezden açyp bilersiňiz.


๏ Ary çakanda onuň neşderiniň sanjylan ýerine bir bölejik gant ya-da bir kesim hyýar bölejigini, atgulagyň yapragyny ýapsań gowulaşýar. Mundan başgada oňa duz hem şypa berer we çişmez.


๏ Birnäçe ary çakanda bedene zäheriň köp mukdary aralaşyar. Netijede, toksiki reaksiýa yüze çykýar, adamyň endamy gyzdyrýar, kelleagyry, ögeme,

käte damar çekme alamatlary peýda bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda dessine lukmana yüz tutmaly.

Eger lukmana ýüz tutmak mümkin bolmasa, onda 20-25 damja kardiomin kabul etmeli, köpräk suw içmeli. Spirtli içgileri içmek ýa-da arynyň çakan ýerine

çalmak gadagandyr. Olaryň täsiri bilen damarlaryň geçirijiligi ýokarlanyp, çiş ulalýar.


๏ Teniň açyk ýerlerine bäş damja narpyz suwy bilen bir nahar çençe atyr (odekolon) garylyp çalnanda ary ýanyňa gelmez. Ony her iki sagatdan çalyp durmaly.


๏ Bedeniň bir ýerine şikes ýetip gananda, atgulagyň ýapragyny ýapmaly. Düzüminde gan togtadyjy, mikroblary ýok ediji maddalar saklanýan bu ösümlik

gan akmany duruzyp, ýaranyn çalt bitmegine kömek edýär.


๏ Bedeniň bir ýerine şikes ýetip gananda, atgulagyň ýapragyny ýapmaly. Düzüminde gan togtadyjy, mikroblary ýok ediji maddalar saklanýan bu ösümlik

gan akmany duruzyp, ýaranyň çalt bitmegine kömek edyär.


๏ Ýanykda demrewotunyň şiresini zeperlenen ýere yzygideli çalyp durmaly, ol dokumalary dikeldýär, agyryny aýyrýar.


๏ Balygy gowranyňyzda ol pytrap durmaz ýaly gowurmazdan 10-15 min ozal duzlap goýmaly.


๏ Eger kakadylan şöhladyň daşy kynlyk bilen aýrylýan bolsa, ony ýarym minut sowuk suwda saklamaly.


๏ Malyň bagryny gowurmazdan ozal biraz wagt süýde batyryp goýsaň ol ýumşak we has tagamly bolar.


๏ Ýagly naharyň ýanynda ajy kofe içmeli däl. Gelfs uniwersitetiniň alymlary kofein bilen ýagly naharyň ganyň düzümindäki süýjini birnäçe minutyň içinde saglyk üçin howply ýagdaýa galdyrýandygyny anykladylar.


๏ Ähli sitrus, şeýle-de erik, şetdaly, banan, armyt ýaly miweleri hat-da pomidor, sogan, sarymsak, ýeralma ýaly gök önümleri sowadyjyda saklamak maslahat berilmeýär. Sowuk temperaturada olar tagamyny ýitirýär.


๏ Kompýuteriň goşmaça ýady fleşkada "eýesi" atly faýl dörediň we oňa öz telefon nomeriňizi ýazyň. Şeýle ýagdaýda bardy-geldi ony ýitirseňiz tapmak mümkinçiligi ýokary bolar (islege görä, tapana baýrak hem goýup bilersiňiz😁)


๏ Eger-de hat bukjasyny ýelimläp, soňra bir sebäbe görä ony açmaly bolsaňyz, bukjany ýyrtmaga gyssanmaň. Bukjany sowadyjynyň doňduryjy gurluşynda 10 minut saklasaňyz, siz ony ýeňillik bn açyp bilersiňiz.


๏ Elmydama şol bir nahary iýmäge endik etmeli däl. Saglygy saklamak üçin ilki bilen, iýmiti diňe ajygan wagtyň iýmeli.


๏ Nahar iýeniňizde aşgazany üçe bölmeli: iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr.


๏ Mis gaplarynyň düýbünde çöküp galan ýagy we sirkäni iýmekden gaça durmaly.


๏ Suwy bir demde hopurdadyp içmek bagryňa zyýanly. Suwy howa bilen hopurdadyp içseňizde, suw bn birlikde howa hem aşgazana girýär. Oňa giren howa dertleriň döremegine sebäp bolýar.


๏ Pygamberimiz süýt bilen balygy, sirke bn süýdi ýa-da süýt önümlerini, ir-iýmiş bn süýdi, sarymsak bn sogany, güne kakadylan ýa duzlanan et bölekleri bn ter zatlary, turşy zatlar bn ajyny, sirke bn bürünji, üzüm bn sowuk nahary, iki sowuk iýmiti ýa-da iki iki gyzgyn iýmiti şol bir wagtda bile iýmegi gadagan edipdir.


๏ Sowuk suwa ýuwunmak we oňa endik edinmek bedeni güýçlendirýär.

35
122
tmyigit76
27.10.2023 11:13

Sary aganyň gürrüňlerinden


Meşhur kino ussady Alty Garlyýew «Aýgytly ädim» kinosynyň agramly bölegini Tejen sebitlerinde düşürensoň, onuň köpçülikleýin sahnalaryna şol töweregiň adamlarynyň birnäçesi gatnaşypdyr. Ol adamlar kinoçylaryň durmuşy, iş usullary barada köp gürrüňler bererdiler. Esasan hem, Alty Garlyýew bilen artist Sary Garryýewiň arasyndaky gürrüňleri soň-soňlaram höwes bilen ýatlardylar. Sary Garryýewiň Çyna berimsiz gürrüňleri adamlary gyzyl-gyran eder eken.



«Türkmen Mýunhauzeni»


Bir gezek ol bir topar adamyny daşyna ýygnap, Moskwa okuwa gidende synagdan geçişini gürrüň beripdir.

- Kulikowa meýdanyndaky söweş barada soranlarynda nädendir öýdyäňiz?

«Garymda dürbi bilen töweregi synlap ýatyrkam, arka tarapdan gelen serkerdeler murtumy görüp, meni generallarydyr öýdüp, sazanaklap dursalar nätjek» diýdim welin, mugallym: «Garryýew, Kulikowa söweşi aňyrrakda boldy. Siz ony gördüňizmikäňiz?» diýip, ýüzüme çiňerildi. Men oňa:

«Päheý-de weli, Berlin söweşini gören adama ynanmazçylyk etjek bolýaňmy?» diýdim welin dymdy duruberdi.

Sary aganyň gürrüňlerini gapdalda diňläp duran Alty GarIyýew: «Sary aga hakyky türkmen Mýunhauzenidir, munuň

ýanynda müşgil zat bolmaz» diýip söze goşulypdyr.


⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑


Surata düşürilýän meýdança ýygnanan artistler her gün diýen ýaly özleriniň halys ýadaýandyklary barada zeýrenipdirler. Bir gün ir bilen Alty Garlyýew iki gazan nahar atarmagy buýrup şeýle diýipdir. Şu günem bir gaýrat edip, ýadawlygy

unudyp işläliň. Onsoň Aýnany durmuşa çykaryp, toý etjek. Muny eşiden Sary Garryýew hemmelerden öňürti «ýörüň-yörüň- diýip oglanlary oturtmandyr. Surata düşürmek işi

şol gün gaty şowly bolupdyr. Asyl wagtyň nähili geçeni hem bildirmändir. Gün öýleden agyberende, içi gorlup başlan

Sary aga Alty Garlyýewe ýüzlenipdir:

- Alty jan, nätdiň-aý muny, edil Garry ataň el ýuwduryşy ýaly edäyýdiň-le.

- Sary aga, nahar taýyn, ýöne Aýnany kime berjegimi bilemok diýip, Alty Garly oýunlyga salypdyr.

Şonda Sary Garryýew murtuny sypap:

-Alty jan, Aýnany kim alsa şol alsyn, toýa bir başlalyň - diýipdir.


⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑


- Sarahsda kino surata düşüp ýörkäm «Haýal etmän Aşgabada gelmeli» diýenlerinde nädendir öýdýäňiz?- diýip,

Sary Garry töweregindäkilere gabak astyndan garapdyr. Oturanlar «lndi näme gep taparka?» diýip, gülmäge häzirlenip başlapdyrlar.

-Näme o mahal direnip duran ulag barmy? Girdim onsoň Tejen derýasyna. Suwa çümşüme ýüzüp başladym welin, balyklar agyzlaryny öweldip galyberse nädersiň. Kelläm gaty gyzandyr-da, tas Tejeniň duşundan geçen ekenim. Entegem kelläm derýanyň üstünden geçýän demir köprüniň ütünine degensoň bilip galdym aňry gitmeli däldigini. Soň şo ýerdn ulaga münüp, Aşgabada gaýtdym. Ynanmasaňyz Alty Garlydan soraýyň. Sary Garra belet Alty aga mylaýym ýylgyryp:

- Sary Garry özüne şaýat bolmagy öňýetene ynananok -diýip yylgyrypdyr.

39
163
tmyigit76
26.10.2023 11:27

Mulan




Bu multilm 1998-nji ýylyň 19-njy iýunynda ilkinji sapar ekrana çykaryldy. Onuň mazmuny bolsa Watanyny goramak üçin goşun gullugyna giden Hua Mulan atly hytaý gyzy baradaky orta asyrlara degişli bolan balladadan alnypdyr. Emma Walt Disneý ilkibaşda multfilmi düýbünden başgaça düşürmegi meýilleşdiripdir. Disneýiň başdaky maksady, Angliýanyň şazadasy tarapyndan uzak ýurtlara äkidilýän hytaý gyzy barada gysgajyk multfilm düişürmek bolupdyr. Emma onuň maslahatçysy multfilmi aşakdaky ýordum boýunça düşürmegi maslahat beripdir.


Multfilmiň ýordumyna görä, bir

maşgala barmak mümkinçiligini elinden gidiren Mulan lapykeç halda öýüne dolanyp gelýär. Ony garryja kakasy köşeşdirýär. Birdenem oba imperatoryň atlylary gelyärler we ýurtda ýaşaýan her bir maşgaladan bir erkek kişiniň söweşe

gatnaşmalydygy baradaky habary getirýärler. Kakasynyň agyr ýagdaýyna dözmän, Mulan erkek kişiniň geýimlerini geýip, ýaraglaryny dakynyp, Watan goragy ugrundaky söweşe gatnaşmak üçin goşun gullugyna barýar. Bu ýerde,

ýagny, goşuna täze gelen esgerleriň

arasynda ol özüniň zenandygyny

bildirmezlik üçin birnäçe güllkünç

hem-de gyzykly başdangeçirmelere

sezewar bolýar. Şeýle-de ol ýaş esgerleriň türgenleşiklerine gatnaşýar.

Ynha, söweşiň iň gyzyşan wagty hem

ol öz ugurtapyjylygy bilen duşmanyň

goşunyny ýeñlişe sezewar etmegi

başarýar. Emma söweşde onuň özi

ýaralanýar. Şeýdip, lukmanyň otagynda onuň erkek adam däl-de, aýal maşgaladygynyň üsti açylýar. Şol wagtky ýurduň kanunyna laýyklykda, ähli eden gahrymançylyklaryna garamazdan, ony jezalandyrmaly bolupdyr. Emma Mulan iň soňky pursatda hem hut imperatoryň özüni duşmanlardan halas etmegi başarýar. Şeýdibem, onuň günäsi geçilip,

imperatoryň uly sylagyna we kakasynyň guwanjyna mynasyp bolýar.


«Mulan» multfilmi 1994-nji ýylda düşürilip başlanypdyr. Munuň üçin esasy suratkeşler we režissýorlar Hytaýyň medeniýeti bilen tanyş bolmak hem-de milli ýady gärlikleriň suratyny çekmek, olary surata düşürmek üçin bu ýurda iş

saparyna gitmeli bolupdyrlar. Bu multfilm tomaşaçylar tarapyndan gowy garşy alynýar. Esasan-da, baş gahrymanyň namys hem-de abraý ugrundaky göreşi tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrýar.

37
175
tmyigit76
25.10.2023 11:02

Gülüň - ýüzler açylsyn !




😊 Bir alkaşyň oturlyşykda aýdan tosty.


Säher turup syl yüzüñe çüýşäni,

Pyýan wagtyň bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama boşan çüýşeleň sanyny,

Sen sag-aman boşadanňa monça bol.


Biz hemmämiz arak üçin doguldyk,

Şoñ üçinem geçdik ine şunça ýol

Pyýan günleň az bolanna gynanma

Pyýan günleň bolanyny monça bol.



😊 Bir güni dälihana barlagçy gelýä. Dälihanaň 5-nji gatyna çykýa welin däliler krowatlary ýeke ýekeden aşak zyňyp durlar diýýä. Barlagçy dälilere: "näme edýäňiz" diýse samalýot uçurýas diýipdirler. Barlagçynyň gahary gelip:. " hany doktaryňyz nirede" diýse däliler :" ol birinji reýsde gitdi" diýýämişler.



😊 Futbol täzelikleri

Türkmenistanly tejribeli derwezeban batly depilen topuň öňünden sowulmagy başardy.



😊 Bir güni Begenç ýol bilen bir ýerik gidip barýan eken. Ýolda aýagy çolaşagada ýere ýykylýar we eli sypjyrylýar, sähel ganam çykypdyr. Golaýa seretse gapdaljygynda saglyk punkty bar eken. Ol şo ýere baryp ýarasyny saratmakçy bolup içeri girýär. Içeri girse iki sany gapy çykýar. Gapylaryň birinde "ýokanç keseller" beýlekisinde "ýaralanmalar" dp ýazylgy durmyş. Begenjem "ýaralanmalara" girýär. Oňa girse ýene iki sany gapy barmyş. Birinde "agyr ýaralanma" beýlekisi ""ýeňil ýaralanma" dp duranmyş. Aý Begenjem öz ýarasyny ýeňil hasaplap "ýeňil ýaralanma" girýä welin şo gapy bilen göni daşary çykypdyr.



😊 Bir obada ýoluň ugrunda bir çukur barmyş. Oňa köp kişi çolaşyp ýykylyp elini-aýagyny çykarypdyr. Obaň ýaşullaram munyň maslahatyny etýä.

Birinji ýaşuly : geliň bu çukuryň ýanyna tiz kömek goýalyň. Ol ýykylanlary derrew hassahana äkider.

Ikinji ýaşuly : ýok, geliň bu çukuryň ýanynda hassahana guralyň. Ýykylanlar göni şo ýerden hassahana barar ýaly.

Üçünji ýaşuly: goýuň how, beýdip azara galyp ýörmäliň. Geliň bu çukury gömeliň. Muny gömüp hassahanaň ýanyndan gazalyň. Şonda amatly bolar - diýýämiş.



😊 -Eje men Jereni söýýän. Maňa Jereni alyp ber.

+Wah, oglum oň ýaşy senden ula

-Söýgi ýaş saýlanok eje

+ Wah, oglum oň äri bara

- Olar biri - birini söýenok eken eje

+ Hmm onda sen aýalyňa näme diýjek

41
370
tmyigit76
24.10.2023 09:56

Isaak Nýuton





NÝUTON 21 ýaşyndan 27 ýaşyna

çenli öz nazaryýetini we taglymatyny

esaslandyryp, dünýä ylmynda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmagy başaran beýik iňlis alymydyr. Ol ähli zamanyň iň

beýik fizikleriniň we matematikleriniň

biridir. Isaak Nýutonyň optikada, mehanikada we matematikada eden açyşlary älemiň kanunlaryny özleşdirmekde, oňa akyl ýetirmekde we düşündirmekde häzirki zaman ylmyna ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.


1642-nji ýylyň gyş aýlarynyň bir güni Nýutonlaryň maşgalasynda bir oglanjyk

dünýä inýär. Gowşajyk, igli, wagtyndan

öň doglan çagajyk soňra 84 ýyl ömür

sürüp, ömrünin ahyrynda agzyndaky

dişleriniň dine ýekejesi gaçýar.


Isaak Nýutonyň kakasy oglunyň

dünýä inenini görüp bilmeýär. Oglanjyk üç ýaşyna ýetende, ejesi bilen öweý kakasy ony enesine tabşyryp, başga ýere göçüp gidýärler.


Ol ilki oba mekdebini tamamlaýar. Soňra ýaş oglany şäherdäki korollyk mekdebine okamaga iberýärler.Isaak kiçijiklikden köpçüligi halamandyr, hemişe nämedir bir zadyň pikirini edip, dymyp gezip ýörüpdir. Döwürdeşleri onuň soň-soňlar hem gürrüňçilige garyşyp-gatyşyp gidibermeyändigini, seýrek ýagdaýlarda özi gepleýärkä-de, birden sesini kesip, gözlerini süzüp, çunňur pikire ulaşmak häsiýetiniň bolandygyny belleýärler.


Nýutona öýlenmek miýesser etmändir. Ol çaga döwürleri diňe bir gyzjagaz bilen gatnaşypdyr we ömrüniň iň soňky günlerine çenli häli-șindi öýüne baryp, kempire öwrülen şol gyzjagazyň halyndan habar alyp durupdyr.


Okamaga bolan höwesi ýaş Isaagy

Kembrij şäherindäki kolleje getirýär.

Matematika ylmy bilen çynlakaý gyzyklanýar. Bile okan talyplarynyň aýtmaklaryna görä, ol özüni ýiti zehinli

ýigit hökmünde görkezmändir.

1665-1666-njy ýyllarda ol iki

ýyllap obada ýaşayar. Ynha, şu ýerde-de onuň kimdigi, nämelere ukyplydygy belli bolup ugraýar. Onuň adyny äleme ýaýan, bütindünyä dartyş kanunynyň açylmagyna sebäp bolan alma agajy-da penjiräniň düýbünde ösüp oturan eken. Almaly gürrüň, hakykatdanam, bolanmy

ýa-da hekaýatmy belli däl. Sebäbi Nýuton öz açyşyny beýan edende, ol barada hiç zat agzamandyr. Açyşa almanyň täsiriniň bolandygy hakda ilkinji gezek beýik alymyň ýegeni Ýekaterina dil ýarypdyr. Soňra onuň dosty Stakli aýdylany tassyklapdyr. Şeýdibem, almaly gürrüň agyzdan-agza geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Nähili bolanda-da, alma

agajynyň dabarasy dag aşýar. Alym ölenden soñra 1820-nji ýylda gopan

apy-tupan garran agajy ýykýar. Ondan owadan oturgyç ýasap, alymyň

muzeýinde goýýarlar.


Isaak Nýuton öz ýazan ylmy işlerini çap etdirmäge howlukmandyr. Ol hemişe «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen pähime gulluk edipdir. 1692-nji ýylda hojaýyny öýde ýok mahaly alymyň güjüjegi ýanyp duran şemi üýşüp duran golýazmalaryň üstüne gaçyrýar. Olar sähel salymda küle öwrülýärler.


Her bir alym näçe zehinli, hat-da genial bolsa-da, özünden ozalky alymlaryň we döwürdeşleriniň toplan ylym-bilimlerini öwrenmelidir we olara daýanmalydyr. Bu barada beýik alym Nýuton şeýle diýipdir:

«Men önki beýikleriň eginlerine münüp otyryn».


«XVIII asyra çenli tebigaty bilmek

barada hiç hili ylym yokdur. Onuň ylmy görnüşi XVII asyrda ýa-da kä bir pudaklar boýunça birnäçe ýyl öň başlanypdy. Nýuton özünin dartyş kanuny bilen astronomiýany, ýagtylygyň dargamagyny, ylmy optikany, binom baradaky taglymaty we tükeniksizlik nazaryýetini, ylmy matematikany we tebigy güýçleri bilmegi, ylmy mehanikany döredipdir» diýip, Engels yazypdyr.


Beýik alym ylymda ýene bir uly

açyşy etmäge taýýarlanýan eken. Ýöne

muña sataşan agyr kesel ýol bermeýär. Ol 1727-n ji ýylyň aprel aýynyň 31-i güni Londonyn eteginde Kensingtonda aradan çykýar.

33
132
tmyigit76
23.10.2023 11:48

Ejeň tapylar


Durmuşda göýberen säwligiň üçin,

"Tussag ediň" diýip nadan topular,

Hemmesi buýruga razy bolsada,

"Degmäň" diýip ejeň hökman tapylar.


Durmuşdan şeýle bir ýadarsyň bir gün,

Göwnüň üçin hemme ýollar ýapylar.

Gülersiň ýalandan, aglarsyň çyndan,

"Näme bolýar" diýip ejeň tapylar.


Söýersiň birini şeýle ýürekden,

Aýralyk diýen zat ara sokular.

"Meni söýýän indi hiç kim ýok" diýseň,

"Men bar" diýip ejeň hökman tapylar.


Elmydama injigi göterip durmaz,

Wagty gelse olam bir gün ýykylar.

Ýöne gözýaş döküp gözlän çagyňda,

Ruhy goldaw berip hökman tapylar.

37
119
tmyigit76
22.10.2023 16:50

«Rentgeniň»  döreýşi




Biz hemmämiz ömrümizde iň bolmanda bir gezek rentgene düşüp görendiris. Emma onuň açylyşy we taryhy barada bilýän az. geliň onuň taryhyna seredeliň.


1895-nji ýylda Wilgelm Konrad Rentgen tebigata belli bolmadyk görünmeýän şöhleleri açdy. Alym oňa «iks şöhleleri» diýip ýönekeýje at dakdy. Bu ajaýyp

açyşy üçin oña 1901-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-na ilkinji Nobel baýragyny gowşurýarlar. Rentgene o baýrak fizikada özüniň adyny göterýän şöhläni açanlygy üçin berildi. Geljek onuň dogry ýol saýlandygyny tassyklady: ajaýyp açyşlaryn zynjyry hut Rentgenin işi

bilen başlanýar, ony Rezerford fizikanyň taryhynda «Döwrün gahrymany» diýip atlandyrdy.


Rentgen açyş eden wagty 50 ýaşyndady. Ol dogry pikirliligi, özbaşdak garaýşy bilen beýlekilerden tapawutlanmagy başarýardy. Alym 1845-n ji ýylda Germaniýanyň Lenner şäherinde dogulýar. 1869-njy ýylda Sýurih uniwersitetinde filosofiýanyň doktory diýen ylmy derejäni alýar. Ondan soňra 20 ýylyň dowamynda birnäçe uniwersitetletde işleýär. Rentgen şol wagtdaky 25 uniwersitetiň professorlarynyň arasynda in abraýly

professor diýlip ykrar edilýär.


 Ol Rudolf Klauziusyň hem-de belli nemes fizik-teribeçisi Awgust Adolf Kundtyn okuwçysydy. Görükli rus fizigi Pýotr Nikalaýewiç Lebedew we Boris Borisowiç Golis, nemes fizigi Maks Win, akademik Abram Fýodorowiç Ioffe onuň mekdebini geçdiler. Adamzat jemgyýeti ony çuňňur hormatlap, onun «iks

şöhleleri » diýen ajaýyp açyşyny «Rentgeniň şöhleleri »  diýip atlandyrdylar. Alym özünin açan șöhleleriniň kömegi bilen lukmançylykda ilkinji gezek kesel anyklamagy hem-de adamyň bedenini fotosurata düşürmegi  ýola goýdy.


Rentgen açyş eden wagtynda katod şöhleleriniň tebigatyny bilmeýärdi. Onuň açyşlaryndan iki ýyl geçensoň katod șöhleleri onuň düýbünden şöhle däl-de, elektronlaryn akymydygy iňlis fizigi Žozef Žohn Tomson tarapyndan 1897-nji ýylda subut edilýär we oňa elektrony açanlygy üçin 1906-njy ýylda Nobel baýragy berilýär.


Alym öz laboratoriyasynda gije gündiz işläp,  her dürli tejribeleri, barlaglary geçirip görüpdir. Rentgeniň açyş eden

gijesi 1895-ni ýylyň noýabr aýynyň sekizidi. Şondan soňra Rentgen elli gije-gündiziň dowamynda bu hadysany uly güýç sarp edip, täzeden barlag geçirip anyklaýar. Haýran ediji täze görnüşli yokary geçirijilik ukyby bolan şöhläni açanlygyna düşünýär. Alymyň synag geçirmek üçin ulanan

gurallary we enjamlary, uzak yyllaryň dowamynda köp sanly işdeş ýoldaşlarynyň ulanan, olaryň elinden geçen enjamlar. Rentgeniň ýüze çykaran şöhleleri diwaryň içinden geçip, görünmeýän zatlary görmäge mümkinçilik berdi.

Alym açan şöhleleriniň adyny özünin ady bilen atlandyrylmagyna garşy çykypdyr.


Ol örän oñat mugallym bolupdyr. Öz okuwçysy we hormat goýyan işgäri, geljekki akademik A.F.Loffe halypalyk edip, ony belli fiziklerin hataryna goşmagy başardy. Ol hem öz gezeginde tutuş döwürdeş alymlaryny ösdürip, terbiýeläp yetişdirdi.


Rentgen özünin ömrüni nusgawy fizika bagyş etdi. Onun açan täze görnüşli șöhleleri kwant fizikasynyň ösüşinde başlangyç nokat bolup, atom we ýadro

Fizikasynyň ösüşine alyp bardy. Rentgen şöhleleri açylandan ýarym ýyl geçensoň, onun tebigaty anyplanyp ýörkä, radioaktiwlik açyldy. Bir ýyl geçensoň

radioaktiwligin kömegi bilen elektron açyldy. Rentgen şöhleleriniň açylmagy fizikanyň taryhynda ajaýyp hadysa boldy.

33
104
tmyigit76
14.10.2023 11:49

11-nji oktýabrda hindi kinosynyň janly

rowaýaty - Amitabh Baççan 81 ýaşady.





Geliň onuň durmuş ýoluna we kinodaky kariýerasyna ser salalyň. (Köp zähmet gitdi. Okarsyňyz dp umyt etýän😀)


1973-nji ýylda "Zynjyr" filmi tomaşaçylara ýetirildi. Onda kanuny öz eline alyp, ýamanlyga garşy göreşen gahrymany, halk özüniň halas edijisi hökmünde garady.Filmde baş keşbi ýerine ýetiren aktýor, polisiýa işgäri Wijaý Hannanyň roluny ýerine ýetiren owadan we uzyn Amitabh Baççan boldy.


Meşhur hindi şahyry Hariwanşraýa

Baççanyň ogly Amitabh 1942-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Hindistanyň Allahabad şäherinde dünýä indi. lIkinji bilimini Şerwud mekdebinde aldy, soň bolsa 1968-nji ýylda Kalkutta gämi gatnaw fimasynda dellalçylyk işini taşlandan soň Bombaý şäherine göçdi. Bu ýerde ony durmuşda ornunu tapmak üçin göreşler garaşýardy.


Gyzykly tarapy, ol ajaýyp sesi bilen Bütin

Hindistan radiosy tarapyndan ret

edildi we ilkinji filmleriniň birinde "Reshma Vai Şerada" başga biriniň sesinde çykys etdi. Amitabh

hatda köp şowsuzlyklardan soň

aktýorçylyk karýerasyndan ýüz öwürmegi pikir edýän bir döwürde, "Zynjyr" triller filmi onuň durmuşynda peýda boldy.


Ondan öň Rişikeş Mukherjiniň režissýorlyk eden "Ananda" (1970) we

"Minnetdar (1973) ýa-da "Söwdaçy" (1973) filmlerinde surata düşdi. Emma "Zynjyr" hemme zady üýtgedi.


Uzyn boýly we daýawdan gelen Amitabh

täze söweş filmeriniň gahrymanynyň

nusgasyna öwrüldi. Rajesh Hanna we Dharmendra ýaly egindeş ýyldyzlar romantiki rol oýnasa-da, Amitabh hindi kinosynyň "çynlakaý we ýiti ýigidi" boldy. Bularyň hemmesi 1970-nji ýyllaryň ortalarynda, ýurtdaky ykdysady ýagdaý durnuksyz bolanda bolup geçdi.


Baççanyň filmlerdäki keşbi köplenç iki

görnüşli aýal bilen hyzmatdaşlyk edýärdi:

birinjisi, ýönekeý we adaty ene, köplenç

Nirupa Roý tarapyndan yerine yetirilýär. Ikinjisi, Zinat Aman, Parwin Babi ýa-da

Rekha nusgasyndaky erkinligi söýýän gyz.


1982-nji ýylda Baçan

Manmohan Desaýyň "Hammoly" filmi üçin surata düşürilende janyna

howp saljak derejede ýaralandy. Aktýor kliniki ölümden aman gutulsa-da, aýagyna galýança birnäçe operasiýany başdan geçirdi. Tutuş ýurt umytsyzlyga

uçrady, onuň ömri üçin köp doga-dilegler

edildi.


200-den gowrak donor, aktýoryň diri

galmagy üçin gan tabşyrdy. Film tomaşaçylara ýetirilende, aktýoryň ýaralanan sahnasynda bir näçe sekunt doňdurylyp, şu sahnanyň aktýoryň janyny howp salandygy aýdyldy. Şeýle hem, Desai asyl ssenariýasyna görä ony iň gyzykly ýerinde ony öldürmezlik kararyna gelipdi. Bellemeli zat, kartina kassa ýygymynda uly üstünlik gazandy.


1984-nji ýlda, karýerasynyň iň ýokary

derejesinde Amitabh Baççan syýasatda özüni synap görmek kararyna geldi. Indira Gandi, Rajiw Gandi we Nehru maşgalasynyň agzalary bilen ýakyn gatnaşyklaryny aýtmanyňda-da, ol

meşhurlygy sebāpli dogduk şäheri

Allahabadyň ilatynyň aglaba köplügi tarapyndan parlamente (mejlise) saýlandy.

Emma Baççanyň syýasata aralaşmagy uzak dowam etmedi. Ol birnäçe dawalara, esasanam Bofors ýaragly çaknyşyga duçar boldy. Netijede, ol hiç haçan syýasata goşulmajakdygyny wada berip, parlamentdäki ýerindenel çekdi


Kino kariýerasyndaky Bolliwuddaky döredijiligini 1980-nji ýyllarda dowam etdirdi.Soňra ol "Alawly ýol" filmindäki ogry roly üçin mili baýraga (1990) mynasyp boldy. Şeýle-de bolsa, 90-njy ýyllaryň başynda "Gowy dostlar" (1991) we "Tañry şaýat" (1992) filmleri çykarandan soň dynç alyşa çykdy.

Üstünlikli söýgüli gahryman hökmünde onuň karýerasy bineme saklandy.


Bäş ýyldan soň Baçan "Ölüm perişdesi"

(1997) filmi bilen gaýdyp gelmäge

synanyşdy, emma indi ol filmleriň üstünliklerine öz täsirini ýitiripdi. Mundan başga-da, onuň ABCL kompaniýasy Bangalorda geçirilen "Dünýä gözeli" çäresiniň nädogry dolandyrylandygy üçin karza batdy we Amitabhyň hasabyndan çykaryldy


Emma soň onuň durmuşy ajaýyp

öwrülişik bolup geçdi. Ol hemmeleriň ünsüni çeken meşhur "kim millioner

bolmak isleýär?" gepleşigininiň alypbaryjylygyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmän, eýsem, ýaş nesil bilen işlemegi hem halaýardy.


Amitabh, Çarli Çaplin we Laurens Oliwier

ýaly beýikler bilen birlikde müňýylyk ýyldyz hökmünde yglan edilýär. Şeýle hem Baççanyň ölmez-ýitmez mumy heýkeli Londonyň Madam Tyusso müzeýindende açyldy. 2001-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda hindi kinosyna goşan goşandy üçin abraýly "Padma Bhushan'' baýragy bilen sylaglandy.


Şondan soň Amitabh ýenede hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň birine öwrüldi, hatda onuň üçin ýörite rollar ýazyldy. Boliwudda ol diňe gahyman-kaka roluny ýerine ýetirýär we bu onuň üçin uly üstünlik boldy.


Baçan "Söýgi we dönüklik" (2003),

"Hemme zatdan ýokary wezipe" (2004),

"Tälimçi" (2004), "Banti we Babli" (2005),

"Diňe söýgä ynanmaň" (2007),

"Söýginiň resepti: şeker mugt!'' we "Işsizlik" "Zyýan çeken" (2007)ýaly islendik ssenariýalary aňsatlyk bilen özleşdirip biljekdigini we oýnan her bir rolury hakykata laýyk janlandyryp biljekdigini görkezdi.


Häzirki wagtda, 81 ýaşynda Amitabh

Baççan öňküsi ýaly kino işi bilen meşgul, işinde öňküsi ýaly güýç we hyjuw görkezýär we deňsiz-taýsyz rollary bilen haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.


Maşgalasy:

Amitabh Baççanyň uly gyzy Şweta,

ejesi ýaly Özüni maşgalasyna we

çagalaryna bagyşlady we filmlerdäki

karýerasynyň özi üçin däldigine

düşündi. Ol meşhur aktýor Raj Kapuryň

agtygy Nihil Nanda bilen durmuş gurupdy, är-aýalyň iki çagasy

bardy. Emma Şwetanyň nikasy

uzaga çekmedi we 2020-nji ýylda

aýrylyşmak üçin suda arza berdi.


Şwetanyň gyzy Nawýe Naweliniň

owadanlygy sebäpli kino dünýäsinde

uly karýerasyna garaşylýar, ýöne ol ABŞ-da mahabat (reklama) biznesi bilen meşgullanýar.


Şeýie hem, Amitabhyň agtygy,

Şwetanyň ogly Agastýa 2019-njy

ýylda Angliýadaky orta mekdebi

gutardy we aktýor bolmak isleýär.


Amitabh Baççanyň ogly Abhişek hem - meşhur aktýor, "Filmfare" iň "Iň gowy ikinji derejeli aktýory" baýragynyň üç gezek eýesi boldy. Kakasynyň daş keşbini we zehinini miras alyp, ekranda dürli rollarda çykyş etdi. Hususan-da, onuň gowy adamlara garanyňda negatiw adamlaryň rolunda has gowy üstünlik gazandy. Aktýoryň Karişma Kapur bilen uzak wagtlap ýakyn gatnaşykda bolandyklary we durmuş gurmak kararyna gelendikleri mälim. Ýöne ol birden beýleki ýyldyzlardan kem bolmadyk meşhur aktrisa Aýşwarýa Raý bilentanyşdy.


Ýyldyz jübütler toý gününi bellediler.

Emma düşünişmezlikler boldy.

"Hakyky duýgular" filminiň ikinji

bölüminiň surata düşüilişinde Ritik Roşan bilen Aýişwariňiň çykyş eden sahnalarynyň biri üçin gaharly hindi tomaşaçylary olary suda berdiler.

Aýşwarýanyň geljekki gaýynatasy hem

oglundan toýy bes etmegini talap

edýär. Emma Abhişek muña razy

bolmady we toý boldy. Aýşwarýa bilen Abhişegiň edil kakasyna meňzäp duran gyzy boldy. Olar oňa Aradýa diýip at goýdular we ol Baççanlaryň maşgalasynyň iň körpesi we söýgüli gyzjagazy.


Amitabh we aýaly Jaýa takmynan

50 ýyl bäri bile ýaşaýarlar. Olaryň uly

dostlukly we bagtly maşgalasy bar.

Baçanlaryň aýtmagyna görä, üstünlik gazanan her bir erkegiň arkasynda özüni goldaýan aýal bardygyny aýdýarlar. Amitabh Baççanyň aýaly Jaýa Bhaduri

adamsyny we çagalaryny begendirmek

üçin ähli zady etdi. Baççanyň döredijilik

terjimehaly 300-e golaý filmden ybarat.


Amitabh aýalyna hormat goýýar we ony gadyrlaýar. Bir gezek aktýor koma düşende, aýaly onuň ýanyndan bir ädim hem ätmedi. Amitabh özüne gelip Jaýany ýanynda görende:"Eger bu dünýä täzeden gelen bolsam, barybir diňe saña öýlenerdim" -diýdi.


Jaýa we Amitabh köp zatlary başdan

geçirdi. Ene-ata,we baba-mamalar boldy we ajaýyp maşgalany sakladylar.


Aktýor barada gyzykly maglumatlar:


◉Amitabh bir wagtyň özünde iki elinde hem ýazyp bilýär.


◉Öz oglunuň ogly roluny ýerine ýetiren ýeke-täk aktýor.


◉Aktýor sagatlar kolleksiýasyny ýygnaýar.


◉Ol bir wagtlar günde 200 sany çilim çekipdir. Ýöne soňra bu zyýanly endigi taşlaýar.


◉Onda ok geçmez aýna we radial tekerli leksus maşyny bar.


◉Bejergisi bolmadykDeri keseli - witiligodan ezýet çekýär.


◉Ol mum heýkeli ýasalan birinji hindi aktýory hasaplanýar.


◉Halaýan ýerleri : London we şweýsariýa


◉Ol ýaşlygynda ökde sportsmen bolan.

40
113
tmyigit76
13.10.2023 09:26

Döwrüň meselesi (Enäniň adyny sögünçlerde ulanýan nadan ýaşlara)




Pikirler ummanynda gulaçlap,

Käte-käte agyr oýa batylýar.

Bize ak süýt beren enäniň ady,

Näme üçindir sögünçlerde tutulýar.


"Emma, welin, ýöne, bilen, hem"... ýaly

Baglaýjy sözleri bir ýere jemläp.

Iki sany ýigit gelýär köçeden,

Iki sözüň biri ejeň-ejeňläp.


Paýyş söz içine sygan enäniň,

Hany keramaty, hany hormaty.

"Eje" diýse göýä söýüljek ýaly,

Gaýta sögünçlerde ykjam ornady.


Şeýle sögünçleriň ýaýbaňlanmagy,

Döwrümizde iň derwaýys mesele.

Bu ýagdaýyň almasak biz öňüni,

Dowam eder ol nesilden - nesile


Geliň doslar, bu gözgyny ýagdaýa,

Jemleşip guralyň biz böwedi.

Göz öňüne gelip dursun enäniň,

Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi


Baky Amanýaz

38
132