tmyigit76
28.10.2023 12:30

Peýdaly maslahatlar



๏ Täze süýdi garaňky ýerde saklamaly, ýagtylykda onuň düzümindäki A we C witaminleriň köp bölegi ýitýär, tiz turşaýar


๏ Süýt uzak wagtlap turşamaz ýaly, bişirilende az-owlak şeker goşmaly (1 litr süýde 1 çaý çemçe möçberinde) Bir bölek kant goşsaň düýbi ýanmaz.


๏ Dürli iýmit ýaglaryny, ýagly önümleri polietilen haltajyklarda saklamaly däl, sebäbi olar tiz zaýalanýar.


๏ Ýanyk ysly mesge ýagyny täzeden eretseň, ýakymsyz ysy aýrylar. Ýagny tegelek kesilen sogan böleklerini atyp, gyzdyrsaňyz hem ýanyk ysy aýrylÿar.


๏ Apelsindir limonyň daşyna ösümlik ýagyny çalyp, polietilen haltajyga ýa-da agzy ýapyk gaba salyp, salkyn ýerde

goýsaňyz, uzak wagtlap terligni ýitirmez.


๏ Limony suwly banka salyp bankanyň suwuny günde 1-2 gezek çalyşsaňyz, ony

uzak wagtlap ter saklap bilersiňiz.


๏ Kofäni aýna gaba ýa-da metal banka

salyp, gury hem salkyn yerde saklamaly.


๏ Çaý saklaýan gabyňyzda limon ýa-da apelsin gabygyny goýsaňyz, içýân çaýyňyza hasam hoşboý ys berer.


๏ Günebakar ýagynyň ajamazlygy üçin, onuň gapagyny birneme açyk ýagdaýda saklamaly. Ýaga birneme nahar duzuny atsaňyz, gowy bolar.


๏ Ýeralmanyň ysyny aýyrmak üçin, ony nahara atmazdan ozal az wagt sowuk suwda saklamaly. Soňra gaýnan suwa atyp, bir çemçe sirke guýmaly.


๏ Kösükliler maşgalasyna girýän ösümlikler uzak wagtlap bişmeýäni üçin, olary nahara atmazdan ozal sowuk

suwda ezip goýmaly. Ýyly suwa ezseňiz, olar turşamak bilen bolar.


๏ Eger-de düýp soganyň diňe ýarysyny ulanan bolsaňyz, kesilen yerine ýag çaIyp, sowadyjyda goýsaňyz, ol başky terligini ýitirmez.


๏ Ýumurtganyň täze ýa könedigini bilmej üçin ony duz atylan suwly gaba görmeli. Eger ýumurtga suwuň düýbüne çökse onuň täzeligi, suwuň ýüzüne çyksa täze däldigi.


๏ Gaýnadylan ýumurtganyň bişendigini biljek bolsaňyz ony stoluň üstünde pyrlap göräýiň. Ol köp pyrlanyp dursa bişenligi. Bişmedik ýumurtga bir, iki gezek pyrlanar-da durar.


๏ Ýumurtgany sowadyjyda 2 hepdeden artyk saklamaly däl. Ýöne her ýumurtgany aýratynlykda kagyza dolap, her hepdede onuň daşyny täzeläp dursaňyz, olary has uzak wagtlap saklap bolar. Sowadyjynyň ýok

ýerinde ýumurtganyň daşyna

günebakar ÿagyny çalyp, ep-esli

wagtlap saklap bilersiňiz.


๏ Boşan atyr çüýseleriñizi zyňman, onuň içine ýasama güllerden salyp, hammamlaryňyzda goýsańyz, ol

ýakymly ys berer.


๏ Gelin-gyzlar jorap öýän wagty ýumaklaryndan artykmaç ýüp çolaşmaz ýaly, ony ýumagyň göwresine gabat gelýän çäýnege salmaly we ýüpüň ujuny onuň agzyndan çykarmaly. Şeýle ýagdaýda ýüp endigan gider.


๏ Barmagyňyzdaky ýüzügiňizi çykarmakda oňaýsyzlygy duýan bolsaňyz, oňa sapak oramaly, bu ýüzügiň çykmasyny aňsatlaşdyrar.


๏ Eger-de kompýuteriň klawiaturasynyň aralary hapalanan bolsa, ony ulanylmaýan diş çotgasy bilen arassalap bilersiňiz.


๏ Aşhanada ulanylýan çemçedir çarşaklaryňyzy nahar sodasy bilen ýuwsańyz, olardaky suw yzlary arassalanar we ýalpyldar.


๏ Eger ak reňkli egin-eşikleriňize kofe ýada çaý dökülen ýagdaýynda, ony nahar sodasy bilen ýuwmak maslahat berilýär. Çünki nahar sodasy geýimlerdäki tegmilleriň aýrylmagyna ýardam edýär.


๏ Agaçdan ýasalan öý goşlaryňyzyň, ýagny mebelleriňiziň ýüzi çyg esgi bilen süpürlen halatynda, onda suwuň yzy galýar. Ony aýyrmak üçin yz galan ýerlere saç guradyjy enjamy tutup guratmak maslahat berilýär.


๏ Eger köwşüñiz aýagyňyzy gysýan bolsa, 3nji we 4-nji barmagyňyzy bilelikde, ýaralary örtmek üçin niýetlenen sargy bilen saraň. Aýagyňyzy rahat duýarsyňyz.


๏ Egin-eşiklerdäki symanyň köp açylyp-ýapylmagy bilen, demir dişjagazlary biri-birine ilişip, ugurlaryny üýtgetýärler. Uçly galamy syrmanyň uzaboýuna iki ýana ýöretseňiz, onuň ilişen ýerini döwmezden açyp bilersiňiz.


๏ Ary çakanda onuň neşderiniň sanjylan ýerine bir bölejik gant ya-da bir kesim hyýar bölejigini, atgulagyň yapragyny ýapsań gowulaşýar. Mundan başgada oňa duz hem şypa berer we çişmez.


๏ Birnäçe ary çakanda bedene zäheriň köp mukdary aralaşyar. Netijede, toksiki reaksiýa yüze çykýar, adamyň endamy gyzdyrýar, kelleagyry, ögeme,

käte damar çekme alamatlary peýda bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda dessine lukmana yüz tutmaly.

Eger lukmana ýüz tutmak mümkin bolmasa, onda 20-25 damja kardiomin kabul etmeli, köpräk suw içmeli. Spirtli içgileri içmek ýa-da arynyň çakan ýerine

çalmak gadagandyr. Olaryň täsiri bilen damarlaryň geçirijiligi ýokarlanyp, çiş ulalýar.


๏ Teniň açyk ýerlerine bäş damja narpyz suwy bilen bir nahar çençe atyr (odekolon) garylyp çalnanda ary ýanyňa gelmez. Ony her iki sagatdan çalyp durmaly.


๏ Bedeniň bir ýerine şikes ýetip gananda, atgulagyň ýapragyny ýapmaly. Düzüminde gan togtadyjy, mikroblary ýok ediji maddalar saklanýan bu ösümlik

gan akmany duruzyp, ýaranyn çalt bitmegine kömek edýär.


๏ Bedeniň bir ýerine şikes ýetip gananda, atgulagyň ýapragyny ýapmaly. Düzüminde gan togtadyjy, mikroblary ýok ediji maddalar saklanýan bu ösümlik

gan akmany duruzyp, ýaranyň çalt bitmegine kömek edyär.


๏ Ýanykda demrewotunyň şiresini zeperlenen ýere yzygideli çalyp durmaly, ol dokumalary dikeldýär, agyryny aýyrýar.


๏ Balygy gowranyňyzda ol pytrap durmaz ýaly gowurmazdan 10-15 min ozal duzlap goýmaly.


๏ Eger kakadylan şöhladyň daşy kynlyk bilen aýrylýan bolsa, ony ýarym minut sowuk suwda saklamaly.


๏ Malyň bagryny gowurmazdan ozal biraz wagt süýde batyryp goýsaň ol ýumşak we has tagamly bolar.


๏ Ýagly naharyň ýanynda ajy kofe içmeli däl. Gelfs uniwersitetiniň alymlary kofein bilen ýagly naharyň ganyň düzümindäki süýjini birnäçe minutyň içinde saglyk üçin howply ýagdaýa galdyrýandygyny anykladylar.


๏ Ähli sitrus, şeýle-de erik, şetdaly, banan, armyt ýaly miweleri hat-da pomidor, sogan, sarymsak, ýeralma ýaly gök önümleri sowadyjyda saklamak maslahat berilmeýär. Sowuk temperaturada olar tagamyny ýitirýär.


๏ Kompýuteriň goşmaça ýady fleşkada "eýesi" atly faýl dörediň we oňa öz telefon nomeriňizi ýazyň. Şeýle ýagdaýda bardy-geldi ony ýitirseňiz tapmak mümkinçiligi ýokary bolar (islege görä, tapana baýrak hem goýup bilersiňiz😁)


๏ Eger-de hat bukjasyny ýelimläp, soňra bir sebäbe görä ony açmaly bolsaňyz, bukjany ýyrtmaga gyssanmaň. Bukjany sowadyjynyň doňduryjy gurluşynda 10 minut saklasaňyz, siz ony ýeňillik bn açyp bilersiňiz.


๏ Elmydama şol bir nahary iýmäge endik etmeli däl. Saglygy saklamak üçin ilki bilen, iýmiti diňe ajygan wagtyň iýmeli.


๏ Nahar iýeniňizde aşgazany üçe bölmeli: iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr.


๏ Mis gaplarynyň düýbünde çöküp galan ýagy we sirkäni iýmekden gaça durmaly.


๏ Suwy bir demde hopurdadyp içmek bagryňa zyýanly. Suwy howa bilen hopurdadyp içseňizde, suw bn birlikde howa hem aşgazana girýär. Oňa giren howa dertleriň döremegine sebäp bolýar.


๏ Pygamberimiz süýt bilen balygy, sirke bn süýdi ýa-da süýt önümlerini, ir-iýmiş bn süýdi, sarymsak bn sogany, güne kakadylan ýa duzlanan et bölekleri bn ter zatlary, turşy zatlar bn ajyny, sirke bn bürünji, üzüm bn sowuk nahary, iki sowuk iýmiti ýa-da iki iki gyzgyn iýmiti şol bir wagtda bile iýmegi gadagan edipdir.


๏ Sowuk suwa ýuwunmak we oňa endik edinmek bedeni güýçlendirýär.

35
122
arazowa
28 Oktýabr 2023
Skirinshot edip alyan. Onsan image to text diyen programma bn tekste gecirip zametkadaa goyup bolya
alma___
28 Oktýabr 2023
Gowy maslahat
arazowa
28 Oktýabr 2023
Sag bolun peydaly
tmyigit76
28 Oktýabr 2023
Köpisi aýal gyzlara degişli 😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.