tmyigit76
23.10.2023 11:48

Ejeň tapylar


Durmuşda göýberen säwligiň üçin,

"Tussag ediň" diýip nadan topular,

Hemmesi buýruga razy bolsada,

"Degmäň" diýip ejeň hökman tapylar.


Durmuşdan şeýle bir ýadarsyň bir gün,

Göwnüň üçin hemme ýollar ýapylar.

Gülersiň ýalandan, aglarsyň çyndan,

"Näme bolýar" diýip ejeň tapylar.


Söýersiň birini şeýle ýürekden,

Aýralyk diýen zat ara sokular.

"Meni söýýän indi hiç kim ýok" diýseň,

"Men bar" diýip ejeň hökman tapylar.


Elmydama injigi göterip durmaz,

Wagty gelse olam bir gün ýykylar.

Ýöne gözýaş döküp gözlän çagyňda,

Ruhy goldaw berip hökman tapylar.

37
119
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@fuul, sag bol
fuul
23 Oktýabr 2023
❤..😭..Sağ bol doganjygym ömiriñ bolsun ejelerimizi taryplanyñ üçin gözümden akýan göz ýash duranok 🥲
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@indi, hawa 😌
alma___
23 Oktýabr 2023
Şondada ejemiz iş buýrsa,,,ufff ejemiñ işi gutaranokda""diýýàs
7375
23 Oktýabr 2023
👍💙
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@mawy, sps
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.