tmyigit76
24.10.2023 09:56

Isaak Nýuton





NÝUTON 21 ýaşyndan 27 ýaşyna

çenli öz nazaryýetini we taglymatyny

esaslandyryp, dünýä ylmynda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmagy başaran beýik iňlis alymydyr. Ol ähli zamanyň iň

beýik fizikleriniň we matematikleriniň

biridir. Isaak Nýutonyň optikada, mehanikada we matematikada eden açyşlary älemiň kanunlaryny özleşdirmekde, oňa akyl ýetirmekde we düşündirmekde häzirki zaman ylmyna ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.


1642-nji ýylyň gyş aýlarynyň bir güni Nýutonlaryň maşgalasynda bir oglanjyk

dünýä inýär. Gowşajyk, igli, wagtyndan

öň doglan çagajyk soňra 84 ýyl ömür

sürüp, ömrünin ahyrynda agzyndaky

dişleriniň dine ýekejesi gaçýar.


Isaak Nýutonyň kakasy oglunyň

dünýä inenini görüp bilmeýär. Oglanjyk üç ýaşyna ýetende, ejesi bilen öweý kakasy ony enesine tabşyryp, başga ýere göçüp gidýärler.


Ol ilki oba mekdebini tamamlaýar. Soňra ýaş oglany şäherdäki korollyk mekdebine okamaga iberýärler.Isaak kiçijiklikden köpçüligi halamandyr, hemişe nämedir bir zadyň pikirini edip, dymyp gezip ýörüpdir. Döwürdeşleri onuň soň-soňlar hem gürrüňçilige garyşyp-gatyşyp gidibermeyändigini, seýrek ýagdaýlarda özi gepleýärkä-de, birden sesini kesip, gözlerini süzüp, çunňur pikire ulaşmak häsiýetiniň bolandygyny belleýärler.


Nýutona öýlenmek miýesser etmändir. Ol çaga döwürleri diňe bir gyzjagaz bilen gatnaşypdyr we ömrüniň iň soňky günlerine çenli häli-șindi öýüne baryp, kempire öwrülen şol gyzjagazyň halyndan habar alyp durupdyr.


Okamaga bolan höwesi ýaş Isaagy

Kembrij şäherindäki kolleje getirýär.

Matematika ylmy bilen çynlakaý gyzyklanýar. Bile okan talyplarynyň aýtmaklaryna görä, ol özüni ýiti zehinli

ýigit hökmünde görkezmändir.

1665-1666-njy ýyllarda ol iki

ýyllap obada ýaşayar. Ynha, şu ýerde-de onuň kimdigi, nämelere ukyplydygy belli bolup ugraýar. Onuň adyny äleme ýaýan, bütindünyä dartyş kanunynyň açylmagyna sebäp bolan alma agajy-da penjiräniň düýbünde ösüp oturan eken. Almaly gürrüň, hakykatdanam, bolanmy

ýa-da hekaýatmy belli däl. Sebäbi Nýuton öz açyşyny beýan edende, ol barada hiç zat agzamandyr. Açyşa almanyň täsiriniň bolandygy hakda ilkinji gezek beýik alymyň ýegeni Ýekaterina dil ýarypdyr. Soňra onuň dosty Stakli aýdylany tassyklapdyr. Şeýdibem, almaly gürrüň agyzdan-agza geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Nähili bolanda-da, alma

agajynyň dabarasy dag aşýar. Alym ölenden soñra 1820-nji ýylda gopan

apy-tupan garran agajy ýykýar. Ondan owadan oturgyç ýasap, alymyň

muzeýinde goýýarlar.


Isaak Nýuton öz ýazan ylmy işlerini çap etdirmäge howlukmandyr. Ol hemişe «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen pähime gulluk edipdir. 1692-nji ýylda hojaýyny öýde ýok mahaly alymyň güjüjegi ýanyp duran şemi üýşüp duran golýazmalaryň üstüne gaçyrýar. Olar sähel salymda küle öwrülýärler.


Her bir alym näçe zehinli, hat-da genial bolsa-da, özünden ozalky alymlaryň we döwürdeşleriniň toplan ylym-bilimlerini öwrenmelidir we olara daýanmalydyr. Bu barada beýik alym Nýuton şeýle diýipdir:

«Men önki beýikleriň eginlerine münüp otyryn».


«XVIII asyra çenli tebigaty bilmek

barada hiç hili ylym yokdur. Onuň ylmy görnüşi XVII asyrda ýa-da kä bir pudaklar boýunça birnäçe ýyl öň başlanypdy. Nýuton özünin dartyş kanuny bilen astronomiýany, ýagtylygyň dargamagyny, ylmy optikany, binom baradaky taglymaty we tükeniksizlik nazaryýetini, ylmy matematikany we tebigy güýçleri bilmegi, ylmy mehanikany döredipdir» diýip, Engels yazypdyr.


Beýik alym ylymda ýene bir uly

açyşy etmäge taýýarlanýan eken. Ýöne

muña sataşan agyr kesel ýol bermeýär. Ol 1727-n ji ýylyň aprel aýynyň 31-i güni Londonyn eteginde Kensingtonda aradan çykýar.

33
132
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.